[1] Apollo Korintosdaka, Pawlus düzlükleriň üsti bilen Efese geldi. Bu ýerde birnäçe imanly doganlary tapdy.
[2] Olardan: «Iman edeniňizde Mukaddes Ruhy kabul etdiňizmi?» diýip sorady. Olar hem oňa: «Biziň Mukaddes Ruhuň bardygyndan hatda habarymyzam ýok» diýdiler.
[3] Olardan: «Onda nämä esaslanyp çümdürildiňiz?» diýip sorady. Olar: «Ýahýanyň çümdürmesine esaslanyp çümdürildik» diýip jogap berdiler.
[4] Pawlus: «Ýahýa toba edenleri çümdürýärdi. Ol halky özünden soňra Gelene, ýagny Isa iman etmäge çagyrdy» diýdi.
[5] Olar muny eşidip, Reb Isanyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiler.
[6] Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.
[7] Olaryň hemmesi on iki adam töweregi bardy.
[8] Pawlus üç aýlap sinagoga baryp, ol ýerde halka ynandyryjy deliller bilen Hudaýyň Şalygy barada batyrgaý wagyz etdi.
[9] Emma käbirleri keçjallyk edip, ynanmak islemediler we halkyň öňünde «Isanyň Ýoly» atly topary ýamanlamaga başladylar. Şeýlelikde, Pawlus olaryň ýanyndan gaýtdy we imanlylary-da özi bilen alyp gaýtdy. Ol Tiran diýen adamyň diwanhanasynda her gün söhbet etdi.
[10] Bu iş iki ýyl dowam etdi. Şeýdip, Aziýa welaýatynda ýaşaýanlaryň hemmesi: ýahudylaram, greklerem Rebbiň Hoş Habaryny eşitdiler.
[11] Hudaý Pawlusyň eli bilen görlüp-eşidilmedik gudratlary görkezdi.
[12] Pawlusa degen elýaglykdyr guşaklary alyp, hassalaryň üstüne ýapanlarynda, olar dertlerine şypa tapýardylar, olardan arwah-jynlar çykýardy.
[13] Şäherden-şähere aýlanyp, arwah-jynlary kowup çykarýan käbir ýahudylar topary hem bardy. Olar arwah-jyn eýelänlere Reb Isanyň ady bilen şypa bermäge synanyşyp: «Pawlusyň wagyz edýän Isasynyň ady bilen size buýruk berýärin!» diýýärdiler.
[14] Ýahudylaryň Skewa atly baş ruhanysynyň ýedi ogly-da bu iş bilen meşgullanýardy.
[15] Bir gezek arwah-jyn olardan: «Isany tanaýaryn, Pawlusy-da bilýärin, ýöne siz kim?» diýip sorady.
[16] Onsoň erbet ruh eýelän adam olaryň üstüne topulyp, ählisini basdy. Şonda olar bu öýden ýalaňaç hem ýaraly gaçyp gitdiler.
[17] Efesde ýaşaýan ýahudylaryň we grekleriň hemmesi bu wakany eşidip gorkdular. Reb Isanyň ady beýgeldi.
[18] Iman edenleriň köpüsi gelip, eden etmişlerini açyk boýun aldylar.
[19] Jadygöýlik bilen meşgullanýanlaryň ençemesi kitaplaryny üýşürip, hemmäniň gözüniň alnynda ýakdylar. Olaryň bahasyny hasaplanlarynda, elli müň kümüş teňňe çykdy.
[20] Şeýlelikde, Rebbiň Hoş Habary barha ýaýrap, güýç-gudraty artýardy.
[21] Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.
[22] Ol öz iki kömekçisini: Timoteos bilen Erasdy Makedoniýa ýollady. Özi bolsa birnäçe wagtlap Aziýa welaýatynda galdy.
[23] Şol wagtlar «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda uly galmagal turdy.
[24] Demetreý atly bir zergär bardy. Ol kümüşden Artemis buthanasynyň şekillerini ýasamak bilen ussalara köp girdeji getirerdi.
[25] Demetreý ussalary we şunuň ýaly iş bilen meşgullanýanlary üýşürip, şeýle diýdi: «Adamlar! Biziň şu hünär arkaly oňat gazanç edýändigimizi özüňiz bilýänsiňiz.
[26] Emma Pawlusyň: „Ynsan eli bilen ýasalan hudaýlar asla hudaý däldir“ diýip, diňe Efesde däl, eýsem, bütin Aziýa welaýatynda köp adamlary ynandyryp azdyrandygyny-da görüp-eşidýänsiňiz.
[27] Biziň bu senedimize halkyň arasynda abraýdan düşmek howpy abanýar. Diňe bu howp däl, eýsem, beýik zenan hudaý Artemisiň buthanasynyň-da hiç zat saýylyp, bütin Aziýa welaýatynyň we dünýäniň sežde edýän hudaýynyň şöhraty puja çykmagy ahmal».
[28] Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazapdan dolup: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip gygyrmaga başladylar.
[29] Şeýdip, bütin şäher galagopluga düşdi. Halk makedoniýaly Gaýus bilen Aristarhy tutup, olary tomaşa meýdanyna süýräp getirdi. Bu ikisi ýolda Pawlusa ýoldaş bolupdylar.
[30] Pawlus halkyň arasyna girmekçi bolanda, şägirtler ony goýbermediler.
[31] Onuň dostlary bolan Aziýa welaýatynyň häkimlerinden käbiri-de Pawlusa habar ýollap, tomaşa meýdanynda görünmezligini haýyş etdiler.
[32] Tomaşa meýdanyndaky jemagat galagopluga düşdi. Olaryň hersi bir zat diýip gygyrýardy. Köpüsi näme üçin üýşendiklerini hem bilmeýärdi.
[33] Onsoň ýahudylaryň itermegi bilen, mähelläniň içinden Isgender diýen bir adamy öňe çykardylar. Käbir adamlar näme diýmelidigini oňa gygyryp aýtdylar. Isgender eli bilen yşarat edip, halkyň öňünde gepläp, özüni gorajak boldy.
[34] Emma halk onuň ýahudydygyny bilende, hemmesi biragyzdan: «Efeslileriň Artemisi beýikdir!» diýip, iki sagatlap gygyryp durdular.
[35] Şäher kätibi mähelläni köşeşdirip, şeýle diýdi: «Eý, efesliler! Beýik Artemis buthanasynyň we asmandan inen heýkeliniň goragçysynyň Efes şäheridigini kim bilmeýär?!
[36] Muny hiç kim inkär edip bilmez. Şonuň üçin hem özüňizi rahat alyp baryp, paýhasly hereket etmelisiňiz.
[37] Bu adamlar ne buthana ogrusy, ne-de hudaýymyza dil ýetiripdirler, emma siz olary bu ýere getirdiňiz.
[38] Demetreýiň ýa-da onuň ýanyndaky ussalaryň birine garşy dawalary bar bolsa, kazyýetiň gapylary açyk, ol ýerde kazylar bar. Goý, biri-birine garşy aýyplamalaryny aýdyp, şol ýerde arz etsinler.
[39] Başga bir çäre görmekçi bolsaňyz, onda ol kanuny ýygnakda çözüler.
[40] Bu günki wakalar zerarly, bizi gozgalaň turuzmakda aýyplamaklary ahmal. Bizde bu toplanyşygy aklap biljek hiç bir delil ýok». Ol şeýle diýdi-de, üýşen mähelläni dargadyp goýberdi.