[1] Agrip Pawlusa: «Özüňi goramak üçin, söze başlap bilersiň» diýdi. Ine, şonda Pawlus ellerini hereketlendirip, özüni goramaga durdy:
[2] «Eý, Agrip patyşa! Ýahudylaryň maňa ýöňkeýän ähli aýyplamalaryndan goranyp, bu gün seniň öňüňde çykyş edýändigim üçin, men özümi bagtly saýýaryn.
[3] Senem ýahudylaryň ähli adatlaryndan, jedelli pikirlerinden oňat baş çykarýarsyň ahyry. Şonuň üçin hem meni sabyrlylyk bilen diňlemegiňi haýyş edýärin.
[4] Ýaşlygymdan başlap, ilki öz halkymyň arasynda, şeýle hem Iýerusalimde geçiren durmuşymy ähli ýahudylar bilýändirler.
[5] Olar meni köp wagtdan bäri tanaýarlar, eger isleseler, maňa dinimiziň iň berk topary boýunça fariseý bolup ýaşandygyma şaýatlyk edip bilerler.
[6] Edil şu wagt hem Hudaýyň ata-babalarymyza beren wadasyna umyt baglaýandygym üçin kazyýetde durun.
[7] Hakykatda, halkymyzyň on iki tiresi gije-gündiz Hudaýa çyn ýürekden sežde edip, bu wadanyň berjaý bolmagyna umyt baglapdyr. Eý, şahym, ýahudylar bolsa şu umyt üçin meni aýyplaýarlar.
[8] Näme üçin Hudaýyň ölüleri direltmegini ynanyp bolmajak zat hasaplaýarsyňyz?
[9] Dogrusy, menem nasyraly Isanyň adyna garşy köp ýamanlyk etmegi öz ýanymdan wajyp bilýärdim.
[10] Men bu ýamanlygy Iýerusalimde etdim hem. Ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýar alyp, imanlylaryň köpüsini zyndana dykdym. Olar ölüme höküm edilende, muny iki elläp goldadym.
[11] Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.
[12] Günleriň bir güni şu maksat bilen ýolbaşçy ruhanylardan ygtyýarnama we tabşyryk alyp, Damaska tarap ýola düşdüm.
[13] Eý, şahym, günortanlar ýolda barýarkam, birdenkä asmanda günden hem ýagty nur gördüm. Nur meniň we ýoldaşlarymyň daş-töweregine ýalkym saçdy.
[14] Hemmämiz ýere ýykyldyk. Bir sesiň maňa arameý dilinde: „Şawul, Şawul! Näme üçin Meni yzarlap, azar berýärsiň? Tekepbirligiň bilen özüňe zeper ýetirmäňi bes et“ diýenini eşitdim.
[15] Men: „Agam, sen kim?“ diýip soradym. Reb: „Men seniň yzarlap, azar berýän Isaň.
[16] Hany, tur, aýak üstüne gal. Men seni hyzmatkärim hem şaýadym edip saýlamak üçin saňa göründim. Sen öz gören we Meniň görkezjek zatlaryma şaýatlyk edersiň.
[17] Seni öz halkyňyň we keseki milletleriň elinden azat ederin. Keseki milletleriň gözlerini açaryň ýaly, Men seni olaryň arasyna ibererin.
[18] Şonda olar tümlükden nura, şeýtanyň hökmürowanlygyndan Hudaýa tarap öwrülerler. Maňa iman etmek arkaly olaryň günäleri bagyşlanyp, olar Hudaýyň mukaddes halky bilen bile miras alarlar“ diýdi.
[19] Şonuň üçin hem, eý, Agrip şa, men gökden gelen görnüşe boýnuýogynlyk etmedim.
[20] Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.
[21] Şu sebäpden ýahudylar meni ybadathanada tutup, öldürjek boldular.
[22] Emma şu güne çenli Hudaý maňa medet berdi. Şonuň saýasynda uludan-kiçä, hemmelere şaýatlyk edip gelýärin. Boljak zatlary öňden habar beren pygamberleriň we Musanyň aýdanlaryndan başga hiç zat öwreden däldirin.
[23] Olar hem Mesih iň görgi görmelidigini, ilkinji bolup ölümden direlip, Öz halkyna we keseki milletlere Hudaýyň nuruny yglan etmelidigini aýan edipdiler».
[24] Pawlus şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni akylyňdan azaşdyrypdyr» diýdi.
[25] Pawlus oňa: «Eý, hormatly Festus, men akylymdan azaşamok. Meniň aýdan sözlerim hakykat we akyla sygýandyr.
[26] Bu zatlardan patyşamyň habarlydygy üçin, men oňa arkaýyn gepleýärin. Bularyň hiç biriniň ondan ýaşyryn däldigine men ynanýaryn, sebäbi bular gizlin edilen däldir.
[27] Agrip şa! Sen pygamberlere ynanýarsyňmy? Ynanýandygyňy bilýärin-ä» diýdi.
[28] Agrip Pawlusa: «Meni gysga wagtyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi.
[29] Pawlus oňa: «Gysga bolsun, uzyn bolsun, diňe sen däl, eýsem, şu gün meni diňleýänleriň bary meniň ýaly bolsun diýip Hudaýa ýalbarýaryn. Elbetde, bu zynjyrlar sizde bolmasyn» diýip jogap berdi.
[30] Şundan soň Agrip şa, Festus häkim, Bernik we olar bilen oturanlar ýerlerinden turdular.
[31] Olar çykyp barýarkalar, özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga laýyk hiç iş etmändir» diýişdiler.
[32] Agrip Festusa: «Bu adam dawasyny imperatora arz etmedik bolsady, ony azat edip bolardy» diýdi.