[1] Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar.
[2] Birdenkä asmandan güýçli şemalyň sesine meňzeş şuwwuldy peýda bolup, olaryň oturan öýüniň içini doldurdy.
[3] Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler.
[4] Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.
[5] Şol döwürde Iýerusalimde dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen hudaýhon ýahudylar ýaşaýardylar.
[6] Bu galmagally sese uly mähelle ýygnandy. Olar öz ene dillerindäki gürrüňleri eşidip, aljyradylar.
[7] Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Serediň, bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme?
[8] Onda nädip biziň her birimiz öz ene dilimizdäki sözleri eşidýäris?
[9] Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar.
[10] Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar.
[11] Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris».
[12] Olar haýran galdylar we aljyraşyp: «Bu näme boldugyka?» diýişdiler.
[13] Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýdiler.
[14] Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň.
[15] Bular siziň pikir edişiňiz ýaly, serhoş däl. Sagat ýaňy irden dokuz ahyry.
[16] Ýok, bu görýänleriňiz Ýowel pygamber tarapyndan aýdylandyr:
[17] „Hudaý şeýle diýýär: Ahyrky günlerde şeýle bolar, Men ähli ynsanlaryň üstüne Öz Ruhumy dökerin. Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz, aýanlyk alarlar ýigitleriňiz, düýşler görer garrylaryňyz.
[18] Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne, Öz Ruhumy dökerin. Olar-da pygamberlik ederler.
[19] Men ýokarda, asmanda mugjyzalar, aşakda, ýerde alamatlar: gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.
[20] Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal, Gün tümlüge, Aý hem gana döner.
[21] Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.
[22] Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.
[23] Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.
[24] Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi.
[25] Dawut Ol hakda şeýle diýipdi: „Reb elmydama gözlerimiň öňünde; sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.
[26] Şoňa görä ýüregim begençli, dilim şatlanýar, bedenim hem umyt bilen ýaşaýar.
[27] Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.
[28] Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň: huzuryňda meni şatlykdan doldurarsyň“.
[29] Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.
[30] Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda oturjakdygyny bilýärdi.
[31] Dawut geljegi öňden görüp, Mesih iň direlişi barada şeýle diýipdi: „Hudaý Ony ölüler dünýäsinde galdyrmady, Onuň bedeni gabyrda çüýremedi“.
[32] Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys.
[33] Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz.
[34] -
[35] Dawudyň özi göklere çykmasa-da, şeýle diýipdi: „Hudaý Rebbime şeýle sözledi: ‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur’“.
[36] Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».
[37] Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar.
[38] Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesih iň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz.
[39] Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».
[40] Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy.
[41] Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.
[42] Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.
[43] Resullar arkaly köp mugjyzalardyr alamatlar görkezilýärdi. Şol sebäpli hemmeleriň kalbyny gorky gaplapdy.
[44] Iman edenleriň hemmesi bilediler. Olar ähli zatlaryny orta goýýardylar.
[45] Mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä öz aralarynda bölüşerdiler.
[46] Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.
[47] Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.