[1] Kaýsariýada Korneliý atly bir adam bardy. Ol «Italiýa» atly rim goşun bölüminiň ýüzbaşysydy.
[2] Korneliý hudaýhon adam bolup, özi hem, öý-içersi hem Rebbe sežde edýärdi. Ol halkyň arasyndaky mätäçlere köp kömek edip, elmydama Hudaýa doga ederdi.
[3] Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi. Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi.
[4] Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.
[5] Indi Ýafo birnäçe adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt.
[6] Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr» diýdi.
[7] Özi bilen gepleşen perişde gidenden soň, Korneliý hyzmatkärlerinden ikisini we hemişe ýanynda bolýan bir takwa esgeri çagyrdy.
[8] Bolup geçen ähli zady gürrüň berip, olary Ýafo ýollady.
[9] Ertesi gün olar ýol ýöräp, şähere golaýlanlarynda, günortan on iki töweregi Petrus Hudaýa doga etmek üçin üçege çykypdy.
[10] Ol ajykdy we bir zatlar iýesi geldi. Nahar taýýarlanýarka, oňa bir görnüş aýan boldy.
[11] Ol gögüň açylyp, ullakan saçaga meňzeş bir zadyň dört burçundan aşak ýere sallanyp gelýänini gördi.
[12] Onuň içinde ýer ýüzünde ýaşaýan her dürli dört aýakly haýwanlar, süýrenijiler we guşlar bardy.
[13] Bir ses oňa: «Petrus! Tur, damaklaryny çal-da, iý!» diýdi.
[14] Petrus: «Ýok, Rebbim! Ýahudy kanunyna görä, men hiç haçan haram zat iýen däldirin» diýdi.
[15] Ses ýene ikinji gezek oňa: «Hudaýyň halal diýen zatlaryna sen haram diýmegin» diýdi.
[16] Bu üç gezek gaýtalandy-da, saçak göz-açyp ýumasy salymda göge alyndy.
[17] Petrus bu görnüşiň nämedigine geň galyp durka, ine, Korneliniň ýollan adamlary Simunyň öýüni sorap, gapa geldiler.
[18] Olar gygyryp: «Petrus lakamly Simun diýen myhman şu ýerdemi?» diýip soradylar.
[19] Petrus henizem bu görnüş barada oýlanyp otyrka, Mukaddes Ruh oňa: «Ine, üç adam seni gözläp ýör.
[20] Tur, aşak düş, ikirjiňlenme-de, olar bilen git. Olary Men ýolladym» diýdi.
[21] Petrus adamlaryň ýanyna gelip: «Gözleýän adamyňyz men. Näme üçin geldiňiz?» diýdi.
[22] Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.
[23] Petrus olary öýe çagyryp myhman aldy. Şol günüň ertesi Petrus olar bilen ýola düşdi. Ýafoly doganlaryň-da käbiri onuň bilen gitdi.
[24] Ertesi gün olar Kaýsariýa bardylar. Korneliý hem dogan-garyndaşlaryny, ýakyn dostlaryny üýşürip, olara garaşyp otyrdy.
[25] Petrus öýe girende, Korneliý onuň öňünden çykdy-da, aýagyna ýykylyp, oňa tagzym etdi.
[26] Emma Petrus oňa: «Tur ýeriňden! Men hem seniň ýaly bir ynsan» diýdi.
[27] Petrus onuň bilen gürrüňleşip, içeri girende, köp adamlaryň ýygnanandygyny gördi.
[28] Petrus olara: «Bir ýahudynyň başga milletden bolan biri bilen gatnaşmagynyň ýa-da onuň ýanyna gitmeginiň biziň kanunymyza garşydygyny özüňiz bilýänsiňiz. Emma Hudaý maňa hiç bir adama haram diýmeli däldigimi aýan etdi.
[29] Şonuň üçin hem çagyrylanymda, ikirjiňlenmän gaýtdym. Indi meni näme üçin çagyrandygyňyzy sorap bilerinmi?» diýdi.
[30] Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:
[31] „Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.
[32] Indi Ýafo adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny çagyrt. Bu adam deňziň ýakasynda ýaşaýan Simun diýen deri eýleýjiniň myhmanydyr“ diýdi.
[33] Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».
[34] Şonda Petrus söze başlap, şeýle diýdi: «Men, hakykatdan-da, Hudaýyň hiç kime tarapgöýlik etmeýändigine göz ýetirdim.
[35] Gaýtam, Ol Özünden gorkany we dogry iş eden her kesi milletine garamazdan kabul edýändir.
[36] Hudaý ysraýyl halkyna iberen bu parahatlyk Hoş Habaryny hemmeleriň Rebbi bolan Isa Mesih arkaly yglan etdi.
[37] Ýahýa suwa çümdüriliş barada wagyz etmäge başlandan soňra, Jelileden başlap, bütin Ýahudyýada bolan wakalardan habaryňyz bardyr.
[38] Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.
[39] Biz Onuň Ýahudyýada, Iýerusalimde bitiren işleriniň baryna şaýatdyrys. Ony haça çüýläp öldürdiler,
[40] emma Hudaý üçülenji gün Isany direltdi.
[41] Ol Isany hemmelere däl-de, diňe bize görner ýaly etdi. Sebäbi Hudaý bizi Isa hakda şaýatlyk etmegimiz üçin saýlady. Ol direlenden soň, biz Onuň bilen bile naharlandyk.
[42] Isa Özüniň Hudaýyň yradasy bilen dirileriň hem, ölüleriň hem Kazysydygyny halka wagyz edip, şaýatlyk etmegimizi buýurdy.
[43] Ähli pygamberler hem Isa hakda şaýatlyk etdiler. Isa iman eden her bir adamyň günäleriniň Onuň adynyň hatyrasyna bagyşlanjakdygyny aýtdylar».
[44] Petrus bu sözleri heniz aýdyp durka, ony diňleýänleriň hemmesiniň üstüne Mukaddes Ruh indi.
[45] Petrus bilen bile gelen ýahudy imanlylar Mukaddes Ruhuň peşgeşiniň keseki milletleriň üstüne-de inenini görüp geň galdylar,
[46] sebäbi olaryň nämälim dillerde gepläp, Hudaýy öwgi bilen beýgeldişlerini gördüler. Şonda Petrus:
[47] «Edil biziň ýaly, bu adamlar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler. Indi bulary suwa çümdürilmegini kim gadagan edip biler?» diýdi.
[48] Onsoň Petrus olaryň Isa Mesih iň ady bilen suwa çümdürilmegini buýurdy. Soňra olar Petrusdan ýene birnäçe gün ýanlarynda galmagyny haýyş etdiler.