[1] Bäş günden soň baş ruhany Hanany birnäçe ýaşulular we Tertul atly garalawjy bilen Kaýsariýa geldi. Olar Pawlusa garşy şikaýatlaryny häkime ýetirmekçidiler
[2] Pawlusy çagyryp getirenlerinde, Tertul ony aýyplamaga başlady: «Belent mertebeli Feliks! Seniň saýaňda biz ençeme wagtdan bäri parahatçylykda ýaşaýarys. Uzakdan görüjiligiň bilen halkymyz üçin uly özgertmeleri amala aşyrdyň. Biz muny hemme ýerde we hemişe çuňňur minnetdarlyk bilen tassyklaýarys.
[4] Men seniň köp wagtyňy almakçy däl, öz mähremligiň bilen biziň gysga habarymyza gulak asmagyňy haýyş edýärin.
[5] Biz bu adamyň dünýädäki ähli ýahudylaryň arasynda gozgalaň turuzýan bir pitneçidigine göz ýetirdik we ol Nasyra toparynyň baştutany.
[6] Ol hatda ybadathanany-da harama çykarmaga synanyşdy. Seniň özüň hem bu adamy soraga çekip, biziň ony nämede aýyplaýandygymyzy onuň özünden anyklap bilersiň».
[9] Ol ýerdäki ýahudylar hem aýdylanlaryň dogrudygyny tassyklamak bilen bu aýyplamalara goşuldylar.
[10] Häkim Pawlusa gepläber diýip yşarat edenden soň, ol söze başlady: «Seniň köp ýyllardan bäri bu milletiň üstünden kazylyk edýändigiňi bilýärin. Şonuň üçin özümi seniň huzuryňda goraýandygyma juda begenýärin.
[11] Hudaýa sežde etmek üçin Iýerusalime baranyma on iki günden köp bolmandygyny özüň hem anyklap bilersiň.
[12] Bu adamlardan hiç biri meniň ybadathanada biri bilen jedelleşenimi, sinagogalarda ýa bolmasa şäherde halky aýaga galdyranymy gören däldir.
[13] Olar maňa ýöňkeýän aýyplaryny saňa subut edip bilmezler.
[14] Emma saňa şuny ykrar etmek bilen olaryň „galp taglymat“ diýip atlandyrýan „Isanyň Ýoly“ toparyna degişlidigimi mälim edýärin. Men ata-babalarymyzyň Hudaýyna sežde edýärin. Töwratda we pygamberleriň ýazgylarynda ýazylan her bir söze ynanýaryn.
[15] Edil bu adamlar ýaly, men hem dogrularyň-da, dogry dälleriň-de ölümden direljekdigine Hudaýa umyt baglaýaryn.
[16] Şonuň üçin hem Hudaýyň we ynsanlaryň öňünde wyždanymy hemişe päk saklamaga çalyşýaryn.
[17] Meniň Iýerusalimde bolmanyma ençeme ýyl boldy, indi bolsa halkymyň garyplaryna sadaka bermek üçin ol ýere geldim.
[18] Bu zatlar bilen meşgullanýarkam, olar meni ybadathanada gördüler. Men tämizleniş dessuryny berjaý edýärdim, ýanymda hiç hili mähelle-de, gozgalaň-da ýokdy.
[19] Emma ol ýerde Aziýa welaýatyndan gelen käbir ýahudylar bardy. Olaryň maňa garşy şikaýatlary bar bolsa, olaryň özleriniň şu ýere gelip, meni seniň huzuryňda aýyplamaklary gerekdir.
[20] Ýa-da bu ýerdäkiler ýokary mejlisiň öňünde duranymda, menden näme jenaýat tapandyklaryny, goý, aýtsynlar.
[21] Olaryň öňünde durup, belent ses bilen: „Ölüler direlýär diýenim üçin bu gün siziň öňüňizde höküm edilýärin“ diýdim. Mundan başga meniň näme aýybym bar?»
[22] «Isanyň Ýoly» atly topar dogrusynda has takyk maglumaty bolan Feliks işi soňa goýup: «Dawaňyz hakda müňbaşy Lisiýas gelenden soň karar çykararyn» diýdi.
[23] Feliks ol ýerdäki ýüzbaşa Pawlusy göz astynda saklamagy, emma oňa biraz erkinlik bermegi, onuň mätäçliklerine goldaw bermek isleýän dostlaryna rugsat etmegi buýurdy.
[24] Birnäçe günden soň bolsa, Feliks öz ýahudy aýaly Drusilla bilen geldi-de, Pawlusy çagyrtdy we Isa Mesih e bolan iman hakdaky onuň gürrüňlerini diňledi.
[25] Pawlus dogrulyk, özerklilik hem geljek höküm hakda söhbet edende, Feliks gorkup: «Boldy, häzirlikçe git, amatly pursat gelende, ýene seni çagyrdaryn» diýdi.
[26] Şeýle hem, Feliks Pawlusdan para tama edip, ony ýygy-ýygydan çagyrdyp, onuň bilen söhbet edýärdi.
[27] Aradan iki ýyl geçenden soň, Feliksiň ýerine Porkiý Festus häkim boldy. Feliks ýahudylaryň göwnüni awlamak üçin, Pawlusy tussaglykda goýup gitdi.