[1] Pawlus başagaýlyk ýatyşandan soň, şägirtleri ýanyna çagyryp, olara öwüt-nesihat etdi. Soňra olar bilen hoşlaşyp, Makedoniýa ugrady.
[2] Ol etraplary aýlanyp, imanlylar bilen ýürekden söhbet edip, olary ruhlandyrdy. Soňra ol Gresiýa geldi.
[3] Ol ýerde üç aýlap galdy. Soňra Siriýa gämili gitmekçi bolanda, ýahudylaryň özüne garşy duzak gurandygyny bilip, Makedoniýanyň üsti bilen yzyna dolanmak kararyna geldi.
[4] Beriýadan Pirrosyň ogly Sopater, Salonikiden Aristarh bilen Sekond, Derbeden Gaýus hem Timoteos, şeýle hem Aziýa welaýatyndan Tihik bilen Trofym dagy onuň bilen bile gitdiler.
[5] Bular öňden gidip, Troasda bize garaşdylar.
[6] Biz hem Petir baýramyndan soňra Filipiden gämi bilen ýola düşdük. Bäş günde olaryň ýanyna – Troasa gelip ýetdik. Ol ýerde ýedi gün bolduk.
[7] Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.
[8] Biziň ýygnanyşan ýokary gatdaky otagymyzda köp çyra ýanyp durdy.
[9] Ýewtuk atly bir ýaş ýigit penjirede otyrdy. Pawlus gürrüňini dowam edýärkä, Ýewtugy uky basyp, üçünji gatdan ýykyldy. Ony baryp görenlerinde, ol eýýäm jan beren eken.
[10] Pawlus aşak düşüp, ýigidiň üstüne egildi we ony gujaklap: «Gaýgy etmäň, ol diri!» diýdi.
[11] Onsoň ýene ýokary çykdy, bile çörek iýdi we olar bilen daň atýança söhbet etdi. Soňra bolsa ýola düşdi.
[12] Olar ýaňky oglanyň diridigine şatlanyp, ony öýüne sag-salamat getirdiler.
[13] Pawlus Asos şäherine pyýada gitmek kararyna geldi. Beýlekilerimiz bolsa gämä münüp gitdik. Biz ol ýerde Pawlusy garşy almalydyk. Muny bize onuň özi şeýle tabşyrypdy.
[14] Pawlus Asosda bize goşuldy, onsoň biz ony alyp, Mitilina şäherine tarap ýola düşdük.
[15] Ol ýerden gämi bilen ýüzüp, ertesi Hiýos adasynyň golaýyna ýetdik. Bir günden soň bolsa Samosa geçip, onuň ertesi hem Militosa baryp ýetdik.
[16] Pawlus Aziýa welaýatynda wagtyny ýitirmezlik üçin, Efesiň gapdalyndan geçip gitmegi ýüregine düwdi. Ol Iýerusalime ýetmäge howlugýardy, sebäbi Ellinji gün baýramy güni ol ýerde bolmak isleýärdi.
[17] Pawlus Militosdan Efese adam iberip, ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrtdy.
[18] Ýolbaşçylar Pawlusyň ýanyna gelenlerinde, olara şeýle diýdi: «Meniň Aziýa welaýatyna gelen ilkinji günümden bäri siziň ýanyňyzda nähili ýaşandygymy özüňiz bilýänsiňiz.
[19] Men köp gözýaş döküp, pespällik bilen Rebbe hyzmat etdim. Ýahudylaryň garşyma guran dildüwşüklerine we synaglaryna duçar boldum.
[20] Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim.
[21] Men ýahudylaryň-da, grekleriň-de toba edip, Hudaýa dolanmaga we Rebbimiz Isa Mesih e iman etmäge çagyrdym.
[22] Indi bolsa Mukaddes Ruha boýun egip, Iýerusalime gidýärin. Ol ýerde başyma nämeleriň geljegini bilemok.
[23] Emma Mukaddes Ruh maňa her şäherde zynjyrlara we muşakgatlara duçar boljakdygymy duýdurýar.
[24] Muňa garamazdan, janymy özüm üçin gymmatly hasaplamaýaryn. Men diňe pellehana ýetmek we Rebbimiz Isanyň tabşyran işini doly amala aşyrmak isleýärin. Bu iş Hudaýyň merhemeti baradaky Hoş Habara şaýatlyk etmekdir.
[25] Men araňyzda bolup, Hudaýyň Şalygyny wagyz etdim. Indi siziň hiç biriňiziň mundan beýläk meni görmejekdigiňizi bilýärin.
[26] Şonuň üçin bu gün size şuny yglan edýärin: men hiç kimiň ganyna jogapkär däldirin.
[27] Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.
[28] Özüňize we Mukaddes Ruhuň siziň gözegçiligiňize beren ähli sürüsine göz-gulak boluň. Hudaýyň ýygnagyna çopançylyk ediň. Ol bu ýygnagy Öz Oglunyň gany bilen satyn aldy.
[29] Men gidenimden soňra, araňyza ýyrtyjy möjekleriň geljegini bilýärin, olar sürini aýap goýmazlar.
[30] Hatda öz araňyzdan käbir adamlar çykyp, şägirtleri yzyna eýertdirjek bolup, hakykaty ýoýarlar.
[31] Şonuň üçin hüşgär boluň. Üç ýyllap gije-gündiz gözýaşlarym bilen her biriňize üznüksiz nesihat edenimi ýadyňyzda saklaň.
[32] Indi bolsa men sizi Hudaýa tabşyrýaryn. Onuň merhemetli Hoş Habaryny unutmaň! Bu Habar size güýç-gudrat berer, Hudaýyň mukaddes halky bilen birlikde Onuň wada beren ýalkanyşlaryny eçiler.
[33] Men hiç kimiň puluna ýa-da egin-eşigine göz dikmedim.
[34] Siz meniň özümiň we ýoldaşlarymyň mätäçliklerini kanagatlandyrmak üçin, ellerim bilen zähmet çekendigimi bilýänsiňiz.
[35] Öz ellerim bilen işläp, mätäçlik çekýänlere kömek etmekde men size görelde görkezdim. Rebbimiz Isanyň hut Özüniň: „Bermek almakdan has köp bagtyýarlyk getirýär“ diýen sözlerini ýatda saklaň».
[36] Pawlus sözüni tamamlandan soň, dyza çöküp, olaryň ählisi bilen birlikde Hudaýa doga-dileg etdi.
[37] Şonda olaryň hemmesi boýur-boýur gözýaş döküp, Pawlusy bagryna basdylar, ony ogşadylar.
[38] Pawlusyň: «Indi meni hiç haçan görmersiňiz» diýen sözleri olary örän tukatlandyrdy. Soňra olar ony gämä çenli ugratdylar.