[1] Hudaýyň yradasy bilen Isa Mesih iň resuly bolan men Pawlusdan we doganymyz Sosfenden
[2] Hudaýyň Korintosdaky ýygnagyna dogaýy salam! Isa Mesih arkaly Hudaýyň mukaddes halky bolmaga çagyrylanlaryň baryna dogaýy salam! Şeýle-de hemmämiziň Rebbimiz bolan Isa Mesih e ybadat edýänleriň baryna dogaýy salam!
[3] Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesih iň merhemeti, parahatlygy, goý, size ýar bolsun!
[4] Hudaý Isa Mesih arkaly size merhemet eçildi. Men munuň üçin hemişe Hudaýyma şükürler edýärin.
[5] Çünki siz Isa Mesih arkaly ähli zada: dilewarlyga-da, bilim hazynasyna-da eýe bolduňyz.
[6] Bu bolsa meniň size Isa Mesih babatda aýdanlarymyň hakykatdygyny tassyklaýar.
[7] Şoňa görä-de, indi siziň, ýagny Isa Mesih iň gökden inmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýanlaryň ruhy peşgeşler babatda hiç bir ýetmezi ýokdur.
[8] Rebbimiz Isa Mesih iň geljek gününde aýypsyz bolmagyňyz üçin, Onuň Özi sizi ahyra çenli berkider.
[9] Sizi Öz Ogly Isa Mesih bilen ýakyn gatnaşykda bolmaga çagyran Hudaý ynamdardyr.
[10] Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesih iň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.
[11] Eý, doganlar! Hloýanyň öýündäki adamlar siziň araňyzda dawa-jenjelleriň bardygyny maňa habar berdiler.
[12] Men siziň diýýänleriňizi nazara alyp şeýle diýýärin, sebäbi biriňiz «men Pawlusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Apollonyň şägirdi», başga biriňiz bolsa «men Petrusyň şägirdi», ýene biriňiz «men Mesih iň şägirdi» diýýärmişiňiz.
[13] Eýsem Mesih bölünäýdimikä? Siziň üçin haça Pawlus çüýlendimi? Siz Pawlusyň yzyna eýerijiler hökmünde suwa çümdürildiňizmi?
[14] Hudaýa müň-de bir şükür, men Krispus bilen Gaýusdan başgaňyzy suwa çümdürmedim.
[15] Şonuň üçin-de, hiç kim meniň adym bilen suwa çümdürilendigini aýdyp bilmez.
[16] (Hawa, men Stepanasyň öý-içerisini hem suwa çümdüripdim. Ýene kimdir birini suwa çümdürip-çümdürmändigim ýadyma düşmeýär.)
[17] Mesih meni suwa çümdürmäge däl-de, Hoş Habary wagyz etmäge iberdi. Emma Isa Mesih iň haçdaky ölümi puja çykmaz ýaly, men bu habary ynsan danalygynyň sözleri bilen wagyz etmeli däl.
[18] Heläkçilik ýolundan barýan adamlar üçin haç baradaky habar akmaklykdyr. Emma biz, ýagny gutulyş ýolundan barýanlar üçin bu habar Hudaýyň gudratydyr.
[19] Çünki Mukaddes Ýazgylarda: «Men danalary danalykdan mahrum ederin, akyllylary akyldan aýraryn» diýip ýazylgydyr.
[20] Hany dana kişi? Töwrady öwredýän hany? Bu döwrüň alymy hany? Eýsem Hudaý dünýä danalygynyň akmaklykdygyny görkezmedimi?
[21] Hudaý dünýä öz akylyna daýanyp, Oňa akyl ýetirip bilmez diýen karar geldi. Şoňa görä-de, akmak saýylýan habarymyz arkaly Hudaý iman edýänleri halas etmegi ýüregine düwdi.
[22] Ýahudylar gudratly alamatlary talap edýärler. Grekler paýhasy agtarýarlar.
[23] Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesih i wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.
[24] Emma çagyrylanlar üçin: ýahudy ýa ýahudy däl, parhy ýok, Mesih Hudaýyň gudraty we danalygydyr.
[25] Çünki Hudaýyň «akmaklygy» ynsan danalygyndan danadyr. Hudaýyň «ejizligi» hem ynsan güýjünden güýçlüdir!
[26] Eý, doganlar! Hudaý sizi çagyrmanka özüňiziň kim bolandygyňyzy ýada salyň. Araňyzda ynsan nukdaýnazaryndan dana, ygtyýarly, asylzada saýylýanlaryňyz köp däldi.
[27] Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.
[28] Hudaý dünýäniň abraýly saýýanlaryny hiç etmek üçin, asylsyzlary we äsgerilmeýänleri, ýagny hiç saýylýanlary saýlady.
[29] Şoňa görä-de, goý, hiç kim Hudaýyň huzurynda öwünmesin!
[30] Çünki siz Isa Mesih bilen diňe Hudaý arkaly birigensiňiz. Isa Mesih biziň üçin Hudaýyň danalygydyr. Biz Ol arkaly aklanyp päklendik. Isa Mesih bizi Özüne mukaddes halk edinip, günälerimiziň jezasyndan gutardy.
[31] Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin».