Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:52

[1] Indi bolsa, eý, doganlar, men siziň Ruhuň peşgeşleri babatda habarly bolmagyňyzy isleýärin.

[2] Ýadyňyzdamy, siz butparazkaňyz, dilsiz-agyzsyz butlaryň täsirine düşüp, olara eýerýärdiňiz.

[3] Şoňa görä-de, şuňa aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: Hudaýyň Ruhundan ylham alýan ynsan: «Isa Mesih e nälet bolsun!» diýmez. Mukaddes Ruh ynandyrmasa, ynsan: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.

[4] Mukaddes Ruhuň berýän peşgeşleri dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Ruhdandyr.

[5] Hyzmatlar dürli-dürlüdir, ýöne olaryň bary şol bir Reb üçindir.

[6] Amallar dürli-dürlüdir, ýöne her kesde ähli zady edýän şol bir Hudaýdyr.

[7] Her kesde Mukaddes Ruhuň aýan bolmagy hemmeleriň bähbidi üçindir.

[8] Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.

[9] Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär.

[10] Ol birine gudrat görkezme, başgasyna pygamberlik, ýene birine ruhlary saýgarma, başga birine nämälim diller, ýene birine bu dilleri manylandyrma peşgeşini berýär.

[11] Bularyň baryny ýeke-täk bir Mukaddes Ruh edýändir. Ol her kese Öz isleýşine görä berýändir.

[12] Beden bir bolsa-da, agzalary köpdür. Agzalary köp bolsa-da, olar bütewi bir teni emele getirýärler. Mesih babatda hem şeýledir.

[13] Çünki biz kim bolsak-da: ýahudymy, grekmi, gulmy, erkinmi – tapawudy ýok, barymyz bir beden bolmak üçin, bir Mukaddes Ruha çümdürildik. Biziň barymyz bir Mukaddes Ruhy kabul etdik.

[14] Beden bir agzadan ybarat däldir. Onuň agzasy köpdür.

[15] Aýak: «Men el däl, men bu bedene degişli däl» diýeni bilen beden agzasy bolmagyny bes edýärmi näme?

[16] Gulak hem «Men göz däl, men bedene degişli däl» diýse-de, beden agzalygyna galýandyr.

[17] Eger bütin beden göz bolan bolsa, onda ol nädip eşiderdi? Eger bütin beden gulak bolan bolsa, onda ol nädip ys alardy?

[18] Emma Hudaý hemme agzalary bir bedende ýerleşdirip, olaryň hersini Öz halaýşyna görä goýdy.

[19] Eger agzalaryň bary haýsydyr bir agza bolan bolsa, onda beden nirede bolardy?

[20] Aslynda agzalar köp, beden bolsa birdir.

[21] Göz ele: «Sen maňa gerek däl!» diýip bilmeýär. Kelle hem aýaklara: «Siz maňa gerek däl!» diýip bilmeýär.

[22] Tersine, bedeniň ejiz saýylýan agzalary has gereklidir.

[23] Hormatsyzrak saýylýan agzalara welin aýratyn hormat goýýarys. Gelşiksiz saýylýan agzalarymyz barada aýratyn alada edýäris.

[24] Bedeniň gelşikli agzalary bolsa şeýle alada mätäç däldir. Hudaý beden agzalaryny birikdirende, onuň ähmiýetsiz saýylýan agzalaryna has köp ähmiýet berdi.

[25] Ol muny bedende hiç bölünişik bolman, agzalar biri-biri barada deň derejede alada etsinler diýip etdi.

[26] Eger bir agza horluk çekse, beýleki agzalar hem horluk çekerler. Eger bir agza hormatlanylsa, ähli agzalar muňa şatlanar.

[27] Siziň ähliňiz Isa Mesih iň bedenisiňiz, her biriňiz bedeniniň bir agzasysyňyz.

[28] Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.

[29] Eýsem hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler taglym öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir?

[30] Şypa berme peşgeşi hemmelerde barmy? Hemmeler nämälim dillerde gürleýärmi? Hemmeler bu dillerde aýdylanlary düşündirip bilýärmi?

[31] Ýöne siz has ulurak peşgeşleri almaga ymtylyň. Indi bolsa size iň gowy ýoly salgy bereýin.

1 Korintoslylar — Chapters