Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 9:53

[1] Indi bolsa, eý, doganlar, size wagyz eden Hoş Habarymy ýatladyp geçmekçi. Siz ony kabul edip, onda berk dursuňyz.

[2] Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar.

[3] Çünki men kabul edenimi örän wajyp habar hökmünde size-de gowşurdym. Bu habar, ine, şundan ybarat: Mukaddes Ýazgylara görä, Mesih biziň günälerimiz üçin öldi.

[4] Ol jaýlanyp, Mukaddes Ýazgylara görä hem üçülenji gün diýlende direldi.

[5] Onsoň Isa Mesih Petrusa, soň Onkilere göründi.

[6] Mundan soň Ol şol bir wagtyň özünde bäş ýüzden-de gowrak dogana göründi. Bu doganlaryň käbiri eýýäm aradan çykdy, ýöne aglaba bölegi häzir hem diri.

[7] Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.

[8] Iň soňunda bolsa maňa, ýagny şeýle derejä asla mynasyp bolmadyga göründi.

[9] Çünki men resullaryň arasynda iň kiçisidirin. Men hatda resul adyny almaga-da mynasyp däl, sebäbi Hudaýyň ýygnagyna azar beripdim.

[10] Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.

[11] Şunlukda, isle men bolaýyn, isle-de beýleki resullar bolsun – tapawudy ýok: biz bu Hoş Habary wagyz edýäris, siz-de oňa ynandyňyz.

[12] Biz Mesih direldi diýip wagyz edýäris. Onda siziň araňyzdan käbirleri nädip merhumlar direlmez diýip bilýär?

[13] Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Mesih hem direlen däldir.

[14] Eger Mesih direlmedik bolsa, onda biziň wagzymyz-da, siziň imanyňyz-da biderekdir.

[15] Munuň üstesine-de, biziň Hudaý barada ýalan şaýatlyk etdigimiz bolýar. Sebäbi biz Hudaý Isa Mesih i direltdi diýip şaýatlyk edýäris ahyryn. Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Hudaý Isa Mesih i-de direlden däldir.

[16] Hawa, merhumlar direlmeýän bolsa, onda Isa Mesih -de direlen däldir.

[17] Eger Isa Mesih direlmedik bolsa, onda siziň iman getirmegiňiz hem puçdur: siz öňkiňiz ýaly günäleriňiziň içindesiňiz.

[18] Diýmek, Isa Mesih de imanly bolup aradan çykanlar hem heläk bolandyr.

[19] Eger biz diňe bu durmuşda Isa Mesih e umyt baglaýan bolsak, ähli ynsanlaryň iň betbagtydyrys.

[20] Ýöne Isa Mesih hakykatdan-da ilkinji bolup ölümden direldi. Bu beýleki merhumlaryň hem direljekdigini kepillendirýär.

[21] Çünki ölümiň bu dünýä adam arkaly gelşi ýaly, ölümden direliş-de adam arkaly gelýändir.

[22] Adam atanyň nesilleriniň ählisi ölýär. Şunuň ýaly, Isa Mesih e degişli bolanlaryň-da ählisi ýaşaýşa gowşar.

[23] Ýöne her kes öz gezeginde direler. Isa Mesih ilkinji bolup direldi. Mesih gelende, Oňa degişli bolanlar-da direler.

[24] Isa Mesih ähli agalyklary, ygtyýarlyklary we güýçleri ýok edip, Şalygy Ata Hudaýa tabşyranda bolsa dünýäniň soňy bolar.

[25] Çünki Hudaý Isa Mesih iň ähli duşmanlaryny Onuň aýak astyna salýança, Mesih şalyk sürmelidir.

[26] Ýok edilmeli duşmanlaryň iň soňkusy hem ölümdir.

[27] Çünki Hudaý «ähli zady Onuň aýagynyň astynda goýdy». Hawa, Hudaý ähli zady Mesih iň aýak astynda goýdy. Ýöne «ähli zady» diýlende, munuň Hudaýa degişli däldigi mese-mälimdir.

[28] Hudaý ähli zady Ogluna tabyn edenden soň, Ogul hem Özüni ähli zady Onuň aýak astyna goýan Hudaýa tabyn eder. Bu Hudaýyň ähli zatda doly höküm sürmegi üçindir.

[29] Eger direliş ýok bolsa, merhumlara derek suwa çümdürilenler näme ederkä? Eger merhumlar hiç haçan direlmejek bolsa, adamlar näme üçin olara derek suwa çümdürilýärkä?

[30] Biz hem näme üçin özümizi sagatsaýyn howp astyna salýarkak?

[31] Rebbimiz Isa Mesih iň huzurynda size bolan buýsanjymdan ant içýärin: men her gün ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýaryn.

[32] Eger-de meniň delillerim diňe ynsan delilleri bolan bolsa, men heý-de Efesdäki wagşy haýwanlar bilen göreşermidim? Mundan näme peýda gazanardym? Eger merhumlar direlmeýän bolsalar, «geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris!»

[33] Aldanmaň! Ýaramaz ýaranlar ýagşy häsiýetlini hem azdyrýandyr.

[34] Akylyňyza aýlanyň, günä etmegi bes ediň. Siziň araňyzda Hudaýy tanamaýanlar hem bar. Men muny sizi utandyrmak üçin aýdýaryn.

[35] Ýöne kimdir biriniň: «Merhumlar nädip direler? Olar gaýdyp gelenlerinde bedenleri nähili bolarka?» diýip soramagy mümkin.

[36] Nähili nadanlyk! Seniň eken tohumyň ölmese, ýaşaýşa gowuşmaz.

[37] Sen ekeniňde gögerjek ösümligi tutuşlygyna ekmeýärsiň. Sen ýöne tohum, mysal üçin bugdaý ýa-da başga bir ösümligiň tohumyny ekýärsiň.

[38] Hudaý bolsa bu tohuma Öz bellän görnüşini berýär. Her tohumyň-da öz görnüşi bolýandyr.

[39] Bedenleriň hemmesi birmeňzeş däldir. Ynsanyň öz bedeni, haýwanlaryň öz bedeni, guşlaryň öz bedeni, balyklaryň-da öz bedeni bolýar.

[40] Şeýle-de, göklere ýa ýere degişli zatlar-da bardyr. Göklere degişli zatlaryň öz görki, ýere degişli zatlaryň-da öz görki bardyr.

[41] Günüň öz görki, aýyň öz görki bardyr, ýyldyzlaryň-da öz görki bardyr. Bir ýyldyzyň görki beýleki ýyldyzyňkydan tapawutlydyr.

[42] Merhumlaryň direlişi-de şuňa meňzeýändir. Çüýreýän beden jaýlanyp, çüýremejek beden direlýär.

[43] Abraýsyzlykda jaýlanyp, şan-şöhratda direlýär. Ejizlikde jaýlanyp, güýç-kuwwatda direlýär.

[44] Pany bedende jaýlanyp, baky bedende direlýär. Pany beden bar bolsa, baky beden hem bolýandyr.

[45] Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Ilkinji adam – Adam ata janly barlyk boldy». Soňky Adam bolsa ýaşaýyş berýän Ruh boldy.

[46] Baky beden pany bedenden öň bolup bilmeýär. Tersine, ilki pany beden bolýar, soňra bolsa baky beden bolýar.

[47] Ilkinji ynsan ýeriň topragyndandy, ikinji Ynsan bolsa Göklerdendi.

[48] Toprakdan ýaradylan ilkinji ynsan nähili bolsa, ýerdäki ynsanlar hem şeýledir. Göklerden inen Ynsan nähili bolsa, göklere degişli ynsanlar hem şeýledir.

[49] Biz toprakdan ýaradylan ynsana nähili meňzän bolsak, göklerden Bolana hem şeýle meňzäris.

[50] Şoňa görä-de, eý, doganlar, men size aýtmakçy: et bilen gandan bolan ýerdäki ynsan Hudaýyň Şalygyny miras alyp bilýän däldir. Çüýreýän beden çüýremeýän bedene şärik bolup bilýän däldir.

[51] Gulak goýuň, size bir syry aýan edeýin: biz ölmeris, ýöne hemmämiz özgerdileris.

[52] Bu iň soňky surnaý çalnanda göz-açyp ýumasy salymda, bir pursatda amala aşar. Surnaý çalnar, merhumlar çüýremezek halda direldiler, biz hem özgerdileris.

[53] Çünki çüýreýän beden çüýremezlik donuna, ölýän ten ölmezlik donuna beslenmelidir.

[54] Şunlukda, çüýreýän ten çüýremezlige, ölýän ten ölmezlige beslenende, «Ýeňiş ölümi ýuwutdy» diýlen sözler berjaý bolar.

[55] «Eý, ölüm, hany seniň ýeňşiň? Eý, ölüm, hany seniň zäherli neşderiň?»

[56] Günä – bu ölümiň zäherli neşderidir. Kanun bolsa günäniň güýç-kuwwatydyr.

[57] Ýöne Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Rebbimiz Isa Mesih arkaly bize ýeňiş berdi.

[58] Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.

1 Korintoslylar — Chapters