[1] Söýginiň ýörelgesine eýeriň. Ruhy peşgeşleri almaga, aýratyn-da pygamberlik etmäge ymtylyň.
[2] Nämälim dilde gürleýän adam adamlar bilen däl-de, Hudaý bilen gürleşýändir. Çünki onuň Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp aýdýan syrlaryna hiç kim düşünýän däldir.
[3] Pygamberlik edýän bolsa adamlara ýüzlenip, olara öwüt-nesihat berýär, goldaýar, teselli berýär.
[4] Nämälim dilde gürleýän öz-özüne öwüt berýändir, pygamberlik edýän bolsa ýygnaga öwüt berýändir.
[5] Siziň ähliňiz nämälim dillerde gürleseňiz, elbetde, gowy, ýöne pygamberlik etmäge ymtylyň. Nämälim dilde gürleýän adam ýygnaga öwüt-ündew bermek üçin öz aýdanlaryny manylandyrmasa, onda pygamberlik edýän ondan has gowudyr.
[6] Eý, doganlar, men ýanyňyza baryp, nämälim dillerde gürlesem, ýöne aýanlyk, bilim, pygamberlik, ýa-da taglymat öwretmesem, meniň size peýdam degermi?
[7] Mysal hökmünde jansyz saz gurallaryny: tüýdügi ýa-da arfany alyp göreliň. Eger olar tapawutly äheňde çalynmasa, haýsy mukamyň çalynýandygyny nädip saýgarjak?
[8] Ýene-de bir mysal: eger surnaýyň çagyryş sesi aýdyň bolmasa, urşa taýynlanjak barmy?
[9] Siz babatda hem şeýledir. Eger-de siz dil arkaly aýdýanlaryňyz aýdyň bolmasa, size kim düşüner? Bu diňe howaýy gürrüň eden ýalydyr.
[10] Dünýäde örän köp diller bar. Olaryň her biriniň manysynyň bardygy gürrüňsizdir!
[11] Emma men kimdir biriniň aýdýanlaryna düşünmesem, men onuň üçin keseki ýurtludyryn. Ol hem meniň üçin keseki ýurtludyr.
[12] Şonuň üçin-de, ruhy zatlara şeýle ymtylýan bolsaňyz, ýygnagy berkidýän peşgeşleri almaga dyrjaşyň.
[13] Nämälim dillerde gürleýän adam ony manylandyryp bilmegi üçin-de doga-dileg etmelidir.
[14] Çünki men nämälim dilde doga-dileg edýän bolsam, muny diňe ruhum edýändir. Akylym muňa gatnaşýan däldir.
[15] Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak.
[16] Eger sen Hudaýy öz kalbyňda şöhratlandyrsaň, seniň aýdýan zatlaryňa düşünmeýän adam şükürleriňe nädip «omyn» diýsin? Ol seniň aýdýanlaryňa düşünmeýär ahyryn.
[17] Belki, sen oňat şükür edýänsiň, ýöne başga biri bu arkaly öwüt alýan däldir.
[18] Hudaýa şükür, men nämälim dillerde hemmäňizden köp gürleýärin.
[19] Ýöne ýygnakda beýlekilere-de öwüt-ündew berer ýaly, düşnükli bäş söz aýdanymy gowy görýärin. Bu nämälim dillerde aýdylan müňlerçe sözden gowudyr.
[20] Eý, doganlar, çagalar ýaly pikir ýöretmegiňizi bes ediň. Ýamanlyk babatda çaga ýaly boluň, ýöne akyl babatda kämil ýaşly boluň.
[21] Çünki Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Men bu halka ýat dillerde gürleýänler arkaly, keseki halklaryň dili arkaly sözlärin. Emma şonda-da olar Meni diňlemezler – diýýär Reb».
[22] Şunlukda, nämälim diller iman edenler üçin däl-de, iman etmedikler üçin alamatdyr. Pygamberlik bolsa iman etmedikler üçin däl-de, iman edenler üçin alamatdyr.
[23] Eger bütin ýygnak bir ýere ýygnanyp, heriňiz nämälim dilde gürläp durkaňyz, oňa düşünmeýän ýa-da iman etmedik adamlar munuň üstüne gelse, näme oýlarlar? Olar: «Siz akylyňyzdan azaşypsyňyz» diýmezmi?
[24] Emma iman etmedik ýa-da düşünmeýäniň biri pygamberlik aýdylyp durka gelse, ol hemmeler tarapyndan paş edilip, höküm edilýändigini eşider.
[25] Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder.
[26] Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.
[27] Eger araňyzda nämälim dillerde gürleýän bar bolsa, goý, ikisi ýa-da üçüsi gezek-gezegine gürlesin; ýene biri manylandyrsyn.
[28] Emma manylandyryp bilýän bolmasa, onda nämälim dilde gürleýän dymsyn. Goý, ol özüne we Hudaýa gürrüň bersin.
[29] Pygamberleriň bolsa ikisi ýa-da üçüsi gürlesin. Beýlekiler bolsa olaryň aýdanlaryny saldarlap görsünler.
[30] Emma diňläp oturanlardan birine Hudaýdan aýanlyk gelse, onda gürläp duran dymsyn.
[31] Çünki hemmeler öwüt alar ýaly, hemmeler ruhlanar ýaly, baryňyz gezek-gezegine pygamberlik edip bilersiňiz.
[32] Pygamberlik sözlerini alan adam olary haçan aýtmalydygyny özi kesgitlemelidir.
[33] Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr. Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,
[34] aýallar ýygnakda gürlemesin. Olara gürlemäge rugsat berilýän däldir. Töwratda aýdylyşy ýaly, olar tabyn bolmalydyr.
[35] Eger olar haýsydyr bir zat barada bilmekçi bolsalar, goý, öýde ärlerinden sorasynlar. Aýala ýygnakda gürlemek aýyp ahyryn.
[36] Hudaýyň sözi sizden çykandyr öýdýärsiňizmi? Ýa-da ol diňe size baryp ýetdimi?
[37] Eger kimdir biri özüni pygamber ýa-da Mukaddes Ruhdan dolan diýip saýýan bolsa, şuňa düşünmelidir: meniň ýazýanlarym Hudaýyň buýrugydyr.
[38] Emma ol muny äsgermese, goý, onuň özi-de äsgerilmesin.
[39] Şunlukda, eý, doganlar, pygamberlik etmäge jan-tenden yhlas ediň, ýöne nämälim dillerde gürlemegi-de gadagan etmäň.
[40] Emma hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun.