[1] Kenhreýadaky ýygnagyň hyzmatçysy aýal doganymyz Fibini size tabşyrýaryn.
[2] Ony Rebbimiziň haky üçin, imanlylara gelişýän tärde myhman alyň, ähli mätäçliklerinde kömek beriň. Çünki ol köplere, şol sanda maňa-da ençeme gezek kömek etdi.
[3] Isa Mesih e hyzmat edýän işdeşlerim Priska we Akila salam aýdyň.
[4] Olar meniň üçin öz janlaryny howp astyna saldylar; olara diňe men däl, başga milletlerden bolan ýygnaklar hem minnetdardyrlar.
[5] Olaryň öýünde ýygnanýan ýygnaga-da salam aýdyň. Eziz dostum Epenete hem salam aýdyň; ol Aziýa welaýatyndakylaryň arasynda ilkinji bolup Isa Mesih e iman etdi.
[6] Siziň üçin arman-ýadaman zähmet çeken Merýeme salam aýdyň.
[7] Meniň bilen tussaglykda bolan tiredeşlerim Andronik bilen Ýuniýa salam aýdyň. Olar resullaryň arasynda at-abraý gazanyp, Mesih e menden öň iman edipdiler.
[8] Reb arkaly eziz dostum bolan Ompliýata salam aýdyň.
[9] Isa Mesih e hyzmat edýän işdeşlerim Urbana, eziz dostum Ystaha salam aýdyň.
[10] Mesih iň sadyk şägirdi Apelä salam aýdyň. Aristobulyň öý-içersine hem salam aýdyň.
[11] Tiredeşim Hirodiýuna salam aýdyň. Narkusyň içersinden Rebbe iman edýänlere salam aýdyň.
[12] Reb üçin arman-ýadaman zähmet çekýän aýal doganlarymyz Trufaýyna we Trufosa salam aýdyň. Reb üçin köp zähmet çekýän eziz aýal doganymyz Perse hem salam aýdyň.
[13] Reb tarapyndan saýlanyp-seçilen imandaky doganym Rufusa we onuň enesine salam aýdyň. Rufusyň enesi maňa-da hut öz ogly ýaly garaýar.
[14] Asinkrite, Flegona, Hermese, Patroba, Hermä we olaryň ýanyndaky doganlara salam aýdyň.
[15] Filologa, Ýuliýa, Olimpa, Nereýe, onuň aýal doganyna we olaryň ýanyndaky Hudaý halkynyň baryna salam aýdyň.
[16] Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň. Isa Mesih e degişli bolan ýygnaklaryň bary size salam iberýär.
[17] Eý, doganlar, size öwredilen taglymata garşy çykyp, araňyzda agzalalyklary döredýänlerden, imanyňyza böwet bolýanlardan ägä boluň diýip ýalbarýaryn. Şeýle adamlardan gaça duruň.
[18] Çünki olar Rebbimiz Isa Mesih e däl-de, öz gara garynlaryna hyzmat edýändirler. Olar süýji sözler we ýaranjaňlyk bilen gepläp, sada adamlary aldawa salýandyrlar.
[19] Siziň tabynlygyňyz hemmelere mälimdir. Men siziň şeýledigiňize biçak begenýärin, ýöne siziň ýagşyny ýamandan aýdyň saýgarar ýaly paýhasly bolmagyňyzy, ýamanlyga ýanaşmazlygyňyzy isleýärin.
[20] Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesih iň merhemeti size ýar bolsun!
[21] Işdeşim Timoteos, tiredeşim Lukiý, Ýason we Sosipater dagy size salam ýollaýarlar.
[22] Bu haty kagyza ýazyp oturan men Tertiý Rebbe iman edýän doganyňyz hökmünde size salam ýollaýaryn.
[23] Men Pawlusy myhman alyp, ýygnaklary öz öýünde geçirmäge mümkinçilik döreden Gaýus size salam ýollaýar. Şäheriň gaznaçysy Erast we doganymyz Kuwart size salam ýollaýar.
[25] Meniň wagyz edýän Hoş Habaryma, ýagny Isa Mesih baradaky taglymata ynanan sizi imanda berkitmegi başarýan Hudaýa şan-şöhrat bolsun! Bu Hoş Habar ençeme asyrlaryň dowamynda ýaşyryn saklanyp, indi aýan edilen bir syrdyr.
[26] Hawa, bu Hoş Habar aýan boldy. Ol ähli milletleriň baky Hudaýyň emrine görä Oňa tabyn bolmagy üçin pygamberleriň ýazgylary arkaly aýan edildi.
[27] Dana we ýeke-täk Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!