[1] Eý, doganlar, men siziň şulardan habarly bolmagyňyzy isleýärin: biziň ata-babalarymyzyň bary buludyň penasynda gezdiler, olaryň bary deňizden geçdiler.
[2] Olaryň bary buluda we deňze çümdürilip, Musanyň şägirtleri boldular.
[3] Olaryň bary gökden inen şol bir iýmiti iýdiler.
[4] Olaryň bary Hudaý tarapyndan berlen şol bir suwdan içdiler. Çünki olaryň bary bir ruhy gözbaşdan, özlerine hemralyk eden Ruhy Gaýadan içdiler. Bu Gaýa Mesih iň hut Özüdi.
[5] Emma şonda-da olaryň köpüsi Hudaýy närazy etdiler. Şonuň üçin-de olaryň läşleri çölde serlip galdy.
[6] Biz hem ata-babalarymyz deý ýüreklerimizi ýamanlyga ýykgyn etmez ýaly, bularyň bary bize duýduryşdyr.
[7] Olaryň käbirleri ýaly butparaz bolmaň. Olar barada Töwratda şeýle ýazylgydyr: «Adamlar iýip-içmäge oturdylar, soňra turup, oýnaşmaga başladylar».
[8] Olaryň käbirleri ýaly azgynçylyk etmäliň: bir günde olaryň ýigrimi üç müňüsi öldi.
[9] Olaryň käbirleri ýaly Mesih i synamalyň: olar ýylanlardan heläk boldular.
[10] Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.
[11] Bularyň bary başgalara sapak bolsun diýip, ata-babalarymyzyň başyndan indi. Bu zamanyň ahyrky günlerinde ýaşaýanlara, ýagny bize duýduryş hökmünde ýazyldy.
[12] Şunlukda, siz berk durandyrys diýip pikir edýän-de bolsaňyz, günä etmez ýaly, ägä boluň!
[13] Başyňyzdan inen synaglar başgalaryň-da başyndan inýändir. Emma Hudaý sadykdyr! Ol siziň güýjüňiziň çatmajak synagyny bermez. Siz synaga düşeniňizde, Hudaý çykalga-da açar, synagdan üstün gelmek üçin gujur-gaýrat-da berer.
[14] Şonuň üçin, eý, meniň ezizlerim, butparazlykdan gaça duruň.
[15] Men siziň bilen paýhasly adamlar hökmünde gürleşýärin. Size aýdýanlarymdan özüňiz netije çykaryň.
[16] Eýsem biz şükür edip, şükür käsesinden içenimizde, Mesih iň ganyna şärik bolmaýarysmy? Çöregi bölüp iýenimizde, Mesih iň bedenine şärik bolmaýarysmy?
[17] Çöregiň bir bolşy ýaly, biz köp bolsak-da, bir bedendiris. Çünki şol bir çöregi paýlaşýandyrys.
[18] Ysraýyl halkyna serediň: gurbanlyk sypasynda berlen gurbanlykdan iýýän şol sypa şärik bolmaýarmy?
[19] Muny diýmek bilen, buta berlen gurbanlygyň ýa-da butuň özüniň haýsydyr bir ähmiýeti bar diýjek bolýarynmy?
[20] Elbetde, ýok! Men butparazlaryň berýän gurbanlygyny Hudaýa däl-de, arwah-jynlara berýändigini aýtjak bolýaryn. Men siziň jynlara şärik bolmagyňyzy islemeýärin.
[21] Siz hem Rebbiň käsesinden, hem-de jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem-de arwah-jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.
[22] Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarmakçymy? Eýsem biz Ondan güýçlümi näme?
[23] Siz: «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne her zat siziň üçin bähbitli däldir. «Islendik zady etmäge hakym bar» diýýärsiňiz, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.
[24] Her kes öz bähbidini däl-de, başgalaryň bähbidini arasyn.
[25] Et bazarynda satylýan her eti iýip bilersiňiz. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň.
[26] Çünki «Ýer we ondaky zatlar Rebbiňkidir».
[27] Eger iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyrsa, siz-de gitmek isleseňiz, öňüňizde goýlan zatlary arkaýyn iýiberiň. Anygyna ýetjek bolup, ynsabyňyzy horlamaň.
[28] Emma kimdir biri size: «Bu butlara gurbanlyk berlen etdir» diýse, bu et barada duýduran adamyň we ynsabyň hatyrasyna ony iýmäň.
[29] Men siziň ynsabyňyz däl-de, şol adamyň ynsaby barada aýdýaryn. Näme üçin başganyň ynsaby meniň erkinligime kazylyk edýär?
[30] Eger men nahar iýmezden öň Hudaýa şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän naharym üçin ýazgarylýarkam?
[31] Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.
[32] Ýahudylaryň-da, grekleriň-de, Hudaýyň ýygnagynyň-da, garaz, hiç kimiň büdremegine sebäp bolmaň.
[33] Çünki men öz bähbidimi araman, köpleriň halas bolmagy üçin olaryň bähbidini araýaryn, her zatda her kesi razy etmäge dyrjaşýaryn.