[1] Meniň Mesih den görelde alşym ýaly, siz-de menden görelde alyň.
[2] Meni elmydama ýatlaýandygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýandygyňyz üçin sizi öwýärin.
[3] Emma şuňa hem aýdyň düşünmegiňizi isleýärin: her erkegiň başy Mesih dir, aýalyň başy erkekdir, Mesih iň başy bolsa Hudaýdyr.
[4] Başyny örtüp, doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir.
[5] Başyny örtmän doga-dileg ýa-da pygamberlik edýän aýal öz başyny biabraý edýändir. Ol başy syrylan aýal bilen des-deňdir.
[6] Hawa, eger aýal başyny örtmeýän bolsa, onda, goý, saçyny-da kesdirsin. Ýöne aýalyň saçyny kesmegi ýa-da syrdyrmagy biabraýçylykdyr. Şoňa görä, goý, ol başyny örtsün.
[7] Erkek başyny örtmeli däldir. Çünki ol Hudaýyň keşbidir, Onuň şöhratydyr. Aýal bolsa erkegiň şöhratydyr.
[8] Çünki ilkibaşdan erkek aýaldan däl-de, aýal erkekden ýaradylandyr;
[9] erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradylandyr.
[10] Eger aýal erkegiň şöhraty bolýan bolsa, onda ol perişdeleriň hatyrasyna başyny örtüp-örtmezligi, goý, özi çözsün.
[11] Ýöne her nähili bolsa-da, Rebbiň halkynyň arasynda aýal erkege, erkek-de aýala garaşlydyr.
[12] Çünki aýal erkekden ýaradylan bolsa-da, erkek aýaldan dogulýandyr. Hemmesini hem Hudaý ýaradandyr.
[13] Özüňiz pikir edip görüň: aýal başyny örtmän Hudaýa doga etse gelşiklimidir?
[14] Erkek saçyny ösdürse biabraýçylykdygyny tebigatyň özi size öwretmeýärmi näme?
[15] Aýal üçin bolsa uzyn saç abraýdyr. Uzyn saç oňa başörtgüsi hökmünde berlendir.
[16] Eger bu mesele babatda jedel etmekçi bolýan kişi bar bolsa, şuny diýýärin: biziň we Hudaýyň ýygnaklarynda aýallaryň baş örtmegi adatdyr.
[17] Indi bolsa şu görkezmeleri bermek bilen birlikde, özümiň makullamaýan zadym barada aýtmakçy: siziň ýygnanyşyklaryňyzyň peýdasyndan zyýany köpdür.
[18] Birinjiden, Hudaýyň ýygnagy hökmünde üýşeniňizde, araňyzda agzalalyklaryň bolýandygy baradaky gürrüňler meniň gulagyma degýär. Men muňa az-kem ynanman-da duramok.
[19] Sebäbi araňyzda agzalalyklar bolmaly zatdyr. Olar siziň Hudaýyň synagyndan geçip-geçmeýändigiňizi äşgär edýär.
[20] Siz bir ýere üýşeniňizde, Rebbiň saçagyna gatnaşýarsyňyz diýip hasap edýärsiňiz. Aslynda welin bu beýle däl.
[21] Sebäbi nahar iýeniňizde, getiren naharyňyzy başgalar bilen paýlaşman, özüňiz iýýärsiňiz. Şeýdip, biri aç galýar, başga biri bolsa eýýäm serhoş.
[22] Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok!
[23] Çünki men Rebden alan taglymatymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüne haýynlyk edilen gijesi eline çörek alyp,
[24] şükür etdi. Soňra çöregi bölüp: «Bu siz üçin berilýän bedenimdir. Muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.
[25] Şunuň ýaly, nahardan soň şeraply käsäni alyp: «Bu şerap Meniň ganym arkaly baglanyşylýan täze ähtdir. Ondan her gezek içeniňizde, muny Meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýdi.
[26] Şoňa görä-de, siz her gezek bu çöregi iýeniňizde, bu käseden içeniňizde, Reb dolanyp gelýänçä, Onuň ölümini yglan edýärsiňiz.
[27] Şunlukda, kimde-kim mynasyp bolmadyk tärde bu çörekden iýse ýa-da Rebbiň käsesinden içse, Onuň bedeni we gany babatda ýazykly bolar.
[28] Şonuň üçin-de, her kes diňe özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden içmeli.
[29] Kimde-kim Rebbiň bedenini äsgermän iýip-içse, öz-özüni Hudaýyň hökümine duçar edýändir.
[30] Ine, şu sebäpden araňyzda ejizler we syrkawlar köp, ölenleriňiz hem az däldir.
[31] Biz ilki özümizi synap gören bolsadyk, onda höküme uçramazdyk.
[32] Reb bizi terbiýelemek üçin höküm edýändir. Ol muny biziň dünýä bilen birlikde höküm edilmezimiz üçin edýär.
[33] Şunlukda, eý, doganlar, Rebbiň saçagy üçin üýşeniňizde, biri-biriňize garaşyň.
[34] Eger kimdir biri aç bolsa, goý, öz öýünde naharlansyn. Şonda ol ýygnakda höküm edilmez. Galan zatlary bolsa baranymda çözerin.