[1] Indi bolsa Hudaýyň ýygnaklaryna maddy pul kömegini bermek barada aýtmakçy. Galatýadaky ýygnaklara tabşyranlarymy siz hem berjaý ediň.
[2] Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn.
[3] Baranymda bolsa, siziň kömegiňizi Iýerusalime aşyrjak adamlary özüňiz saýlarsyňyz. Men olary iberenimde, tanatma hatlaryny hem ýanlaryna goşaryn.
[4] Eger Iýerusalime meniň gitmegim makul bilinse, olar maňa ýoldaş bolarlar.
[5] Men ýanyňyza Makedoniýada bolanymdan soň bararyn. Sebäbi men Makedoniýanyň üsti bilen geçmekçi.
[6] Belki, men ýanyňyzda biraz galaryn, hatda gyşy şol ýerde geçirmegim-de ahmal. Soňra siz meni gitjek ýerime ugradyp bilersiňiz.
[7] Häzir bolsa sizi ýöne ýol ugruna görüp geçesim gelenok. Gaýtam, Hudaý ýol berse, ýanyňyzda köpräk bolmagy umyt edýärin.
[8] Men Ellinji gün baýramyna çenli Efes şäherinde galaryn,
[9] sebäbi maňa köp adamlaryň garşy çykýandygyna garamazdan, bu ýerde uly we netijeli işler üçin uly mümkinçilikler döredi.
[10] Eger ýanyňyza Timoteos barsa, onuň araňyzda hiç zatdan gorkman gezip bileri ýaly alada ediň. Ol hem men ýaly Rebbiň işini edýär.
[11] Şoňa görä-de, hiç kim Timoteosa äsgermezçilik etmesin. Ol meniň ýanyma dolanar ýaly, ony sag-aman ýola salyň. Men Timoteosyň doganlar bilen gaýdyp gelmegine garaşýaryn.
[12] Indi bolsa doganymyz Apollo barada: men oňa doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegi üçin köp ýalbardym. Ýöne onuň edil şu pursat gitmäge meýli ýok. Ol ýanyňyza amatly wagt tapanda barar.
[13] Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gaýratly boluň.
[14] Ähli zady söýgi bilen ediň.
[15] Eý, doganlar, siz Stepanasyň öý-içersini tanaýarsyňyz. Olaryň Ahaýada ilkinjileriň hatarynda Isa Mesih e iman edendiklerini, Hudaýyň halkyna jan-tenden hyzmat edýändiklerini hem bilýänsiňiz. Şoňa görä-de, sizden şuny haýyş etmekçi:
[16] siz hem şeýle adamlara, olar bilen işläp zähmet çekýänleriň her birine gulak asyň.
[17] Men Stepanas, Fortunat we Ahaýyk dagy gelende, örän begendim. Olar siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler.
[18] Olar siziň köňlüňize aram berişleri ýaly, meniň köňlüme-de aram berýärler. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň.
[19] Aziýa welaýatyndaky ýygnaklar size dogaýy salam iberýärler. Akila, Priskilla we olaryň öýündäki ýygnak hem size Rebde dogaýy salam iberýärler.
[20] Doganlaryň ählisi hem size dogaýy salam iberýärler. Biri-biriňizi mähirli ogşap salamlaşyň.
[21] Men – Pawlusdan size salam bolsun. Men muny öz elim bilen ýazdym.
[22] Kimde-kim Rebbi söýmeýän bolsa, goý, oňa nälet bolsun. Ýa Rebbimiz, gelsene!
[23] Goý, Rebbimiz Isanyň merhemeti size ýar bolsun!
[24] Men siziň baryňyzy Isa Mesih iň söýgüsi bilen söýýärin! Omyn.