Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:00

[1] Eýsem men azat dälmi näme? Ýa men resul dälmi? Men Rebbimiz Isa Mesih i öz gözüm bilen görmedimmi näme? Eýsem siz meniň Reb üçin çeken zähmetimiň netijesi dälmi?

[2] Başgalar meni resul hasaplamasalar-da, men siziň üçin resuldyryn! Çünki siz Reb ýolundaky resullygymyň möhürisiňiz.

[3] Resullygymyň hak-hukuklary babatda meni tankytlaýanlara, ine, şuny diýmekçi.

[4] Eýsem biziň iýip-içmäge hakymyz ýokmy?

[5] Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.

[6] Ýa-da men bilen Barnabyň imanlylardan maddy kömegini almaga hakymyz ýokmy?

[7] Gullukdaky esgerler öz hasabyna ýaşaýarlarmy? Eýsem miwesinden iýmejek bolsa, üzüm agajyny oturdýan barmy? Süri bakyp-da, onuň süýdüni içmeýän barmy?

[8] Men muny diňe ynsan nukdaýnazaryndan aýtmaýaryn. Kanun hem bu babatda şeýle diýmeýärmi näme?

[9] Çünki Töwratda: «Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň» diýip ýazylgydyr. Hudaý muny bütinleý biziň üçin aýtmaýarmy? Eýsem Ol öküzleriň aladasyny edýärmi? Hawa, bu biziň üçin ýazylandyr. Çünki ýer sürýän-de, döwek döwýän-de hasyldan paý almak umydy bilen işleýändir.

[11] Biz araňyzda ruhy zatlary ekip, sizden maddy hasyly orsak, muny juda köp görersiňizmi?

[12] Eger başgalar sizden maddy kömegi almaga hakly bolsa, onda biz olardan-da köp haklydyrys! Ýöne biz bu hakymyzdan peýdalanmadyk. Tersine, Mesih iň Hoş Habarynyň ýaýramagyna päsgel bermejek bolup, ähli zada çydaýarys.

[13] Ybadathanada hyzmat edýänler öz iýjegini ybadathanadan alýarlar. Gurbanlyk sypasynda hyzmat edýänler-de gurbanlyk sadakalaryndan paý alýarlar. Bulary özüňizem bilýänsiňiz.

[14] Reb Hoş Habary wagyz edýänleriň-de Hoş Habardan eklenmegini buýrandyr.

[15] Ýöne men bu hak-hukuklarymyň birinden-de peýdalanan däldirin. Men muny ýazmak bilen sizden hak-hukugymy talap etmekçi bolamok. Meniň bu magtanmamy, goý, hiç kim puja çykarmasyn. Şeýle bolanyndan, ölenim gowudyr!

[16] Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!

[17] Eger men muny özüm saýlan bolsadym, onda sylaga tamakin bolardym. Emma muny maňa Hudaý buýurdy.

[18] Onda sylagym nämedir? Hoş Habary hiç bir muzdsuz wagyz edip, onuň maňa berýän hak-hukugyndan peýdalanmazlyk meniň üçin sylagdyr.

[19] Men azat bolsam-da, her kesi gazanjak bolup, hemmeleriň guly boldum.

[20] Ýahudylary gazanjak bolup, olar üçin ýahudy boldum. Men Mukaddes Kanunyň guly bolmasam-da, Mukaddes Kanuna görä ýaşaýanlary gazanjak bolup, Mukaddes Kanunyň guly boldum.

[21] Men Hudaýyň Kanunyny bilmeýänleri gazanjak bolup, ony bilmediksirän boldum. Hakykatda welin, Hudaýyň Kanunyna görä ýaşap, Mesih iň buýruklaryna tabyndyryn.

[22] Ejizleri gazanjak bolup, ejize öwrüldim. Garaz, käbirleri halas etjek bolup, men hemmelere her zat boldum.

[23] Men bularyň baryny Hoş Habaryň ak patalaryna şärik bolup bilerim ýaly, Hoş Habaryň hatyrasyna edýärin.

[24] Ýaryşa gatnaşýan ýüwrükleriň hemmesi ylgasa-da, baýragy diňe biri alýandyr. Siz-de baýrak alar ýaly şeýle ylgaň.

[25] Ýaryşa gatnaşýan her kes özerkliligi türgenleşdirýändir. Ol muny wagtlaýyn bir täji almak üçin edýär. Biz bolsa muny baky täji almak üçin edýändiris.

[26] Şoňa görä-de, men maksatsyz ylgaýanlar ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan kişi ýaly hereket etmeýärin.

[27] Ýok, men Hoş Habary başgalara wagyz edenimden soň, ýaryşa gatnaşmakdan mahrum edilesim gelmeýär. Şonuň üçin-de, bedenimi türgenleşdirip, ony özüme tabyn edýärin.

1 Korintoslylar — Chapters