Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:53

[1] Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň sekizinji aýynda Ydonyň agtygy, Berekýanyň ogly Zakarýa pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Men – Rebbiň siziň ata-babalaryňyza gaty gahary geldi.

[3] Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Maňa tarap öwrülsinler. Şonda Menem size tarap öwrülerin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.

[4] Ata-babalaryňyz ýaly bolmaň. Öňki pygamberler olara ýüzlenip, şuny jar etdiler: Hökmürowan Reb ýaman ýollaryňyzdan, pis işleriňizden el çekiň diýýär. Ýöne olar muny diňlemediler, Maňa gulak asmadylar. Muny Men – Reb aýdýandyryn.

[5] Hany ata-babalaryňyz, olar nirede? Pygamberler, näme, baky geldilermi?

[6] Emma gullarym bolan pygamberlere buýran sözlerimdir beren duýduryşlarymy, näme, ata-babalaryňyz ýerine ýetiren däldir öýdýäňizmi? Olar toba edip, Hökmürowan Reb öz tutan ýolumyza hem etmişlerimize görä bize näme etmegi niýetlän bolsa, şony hem etdi diýdiler“».

[7] Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylynyň on birinji aýynyň – Şebat aýynyň ýigrimi birinji güni Ydonyň agtygy Berekýanyň ogly bolan men – Zakarýa pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy.

[8] Agşam jülgedäki mirt agaçlaryň arasynda duran bir dor atly adamy gördüm. Onuň ýeňsesinde dor, gyr hem-de ak atlar bardy.

[9] Men: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym. Meniň bilen gepleşip duran perişde maňa: «Olaryň nämedigini men saňa görkezerin» diýdi.

[10] Onsoň mirt agaçlaryň arasynda duran: «Olar Rebbiň dünýäni aýlanyp çykmak üçin iberenleri» diýip jogap berdi.

[11] Soňra olar Rebbiň mirt agaçlarynyň arasynda duran perişdesine: «Biz dünýäni aýlandyk, hawa, tutuş dünýä parahat eken» diýdiler.

[12] Rebbiň perişdesi: «Eý, Hökmürowan Reb, Sen ýetmiş ýyllap Iýerusalim bilen Ýahuda gahar etdiň, ýene-de näçe wagtlap olaryň şäherlerinden Öz rähmetiňi gaýgyrjak?» diýdi.

[13] Soňra Reb meniň bilen gepleşen perişdä mähirli hem köşeşdiriji sözler bilen jogap berdi.

[14] Meniň bilen gepleşen perişde maňa şeýle diýdi: «Şu habary jar et we Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men Iýerusalimi, hawa, Siony juda gabanýaryn.

[15] Men Öz halkymy diňe ýeňil jezalandyrmakçydym, emma asudalykda biperwaý oturan bu halklar olaryň başyna düşen külpeti has hem artdyrdylar. Indi bu halklara Meniň gaty gaharym gelýär“».

[16] Şoňa görä, Reb şeýle diýýär: «Men duýgudaşlyk bilen Iýerusalime tarap öwrülerin. Meniň ybadathanam şol ýerde gurlar we Iýerusalimi dikeltmek üçin ölçeg ýüpi çekiler. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».

[17] Şuny-da jar edip, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Meniň şäherlerim ýene bolelinlige ýeter. Men-Reb Siony ýene köşeşdirerin we Iýerusalimi ýene saýlaryn».

[18] Soňra men seredip durkam, dört sany şah gördüm.

[19] Özüm bilen gepleşen perişdeden: «Bular näme?» diýip soradym. Ol: «Bular Ýahudany, Ysraýyly hem-de Iýerusalimi dargadan şahlar» diýip jogap berdi.

[20] Soňra Reb maňa dört ussany görkezdi.

[21] Men: «Olar näme üçin geldiler?» diýip soradym. Reb maňa: «Bu şahlar ýahuda halkynyň içinden ýekejesi-de baş galdyrmaz ýaly, olary dargatdylar. Ýöne bu ussalar şahlara howp salyp, olary döwmäge geldiler. Sebäbi bu şahlar Ýahudanyň garşysyna hüjüm edip, onuň halkyny dargatdylar» diýip jogap berdi.

Zakarýa — Chapters