[1] Men ýene-de seredip durkam, iki dagyň arasyndan çykyp gelýän dört söweş arabasyny gördüm. Ol daglar bürünçdendi.
[2] Arabalaryň birine dor atlar, beýlekisine gara atlar,
[3] üçünji birine ak atlar, soňkusyna bolsa güýçli gyr atlar goşulandy.
[4] Meniň bilen gepleşen perişdeden: «Eý, jenabym, bular näme?» diýip soradym.
[5] Perişde: «Bular bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň huzuryndan çykýan gögüň dört ruhudyr.
[6] Gara atlara goşulan araba ýurduň demirgazygyna, ak atlara goşulan araba olaryň yzyndan gidýär, gyr atlara goşulan araba bolsa günorta gidýär» diýdi.
[7] Gyr atlar gidip, ýer ýüzüni aýlanmak isleýärdiler. Perişde: «Baryň, ýer ýüzüni aýlanyň» diýdi. Olar ýer ýüzüne aýlandylar.
[8] Soňra ol meni çagyryp: «Seret, demirgazyk ýurda giden atlar ol ýerde Meniň gaharymy köşeşdirdiler» diýdi.
[9] Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[10] «Şu gün Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň öýüne git-de, Babyl sürgüninden gaýdyp gelen Heldaýdan, Tobyýadan hem-de Ýedaýadan altyn-kümüş ýygna.
[11] Ýygnan altyn-kümşüňden bir täç ýasap, ony Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwanyň başyna geýdir.
[12] Hökmürowan Reb şuny jar edýär diý: „Ine, Şaha diýen adam. Ol öz ornundan şahalar çykarar we Rebbe ybadathana gurar.
[13] Hawa, Rebbe ybadathana gurjak şoldur. Ol şalyk şöhratyny gazanar, tagtynda oturyp şalyk sürer. Onuň tagtynyň ýanynda ruhany bolar we ol ikisiniň arasynda ylalaşykly maslahat bolar.
[14] Bu täçler Heldaýyň, Tobyýanyň, Ýedaýanyň hatyrasyna hem-de Sepanýanyň ogly Ýoşyýanyň sahylygynyň hatyrasyna Rebbiň ybadathanasynda goýlar.
[15] Uzakda ýaşaýanlar hem gelip, Rebbiň ybadathanasynyň gurluşygyna kömek ederler“». Şeýlelikde, siziň ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz. Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň sözüni berk tutsaňyz, gurluşyk babatda bu aýdylanlar amala aşar.