Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:42

[1] Soňra men seredip durkam, eli ölçeg ýüpli bir adamy gördüm.

[2] Men ondan: «Nirä barýarsyň?» diýip soradym. Ol maňa: «Iýerusalimi ölçäp, onuň ininiň hem-de uzynlygynyň näçedigini bilmäge barýaryn» diýip jogap berdi.

[3] Meniň bilen gepleşen perişde menden daşlaşanda, başga bir perişde ony garşylamaga çykdy.

[4] Ol: «Bar, ylga-da şol ýigide aýt: „Ol ýerde ýerleşjek san-sajaksyz adamlardyr mal-garadan ýaňa Iýerusalim diwarsyz bir şäher bolar.

[5] Men onuň daşynyň otly diwary, içiniň şöhraty bolaryn. Muny Reb diýýär“» diýdi.

[6] Reb şeýle diýýär: «Haýdaň, haýdaň! Demirgazyk ýurdundan gaçyň. Çünki Men sizi gögüň dört tarapyna öwüsýän ýel kimin dargatdym, muny Men – Reb aýdýandyryn.

[7] Haýda, Babylda ýaşaýan Sion, gaç!»

[8] Çünki Hökmürowan Reb meni Öz şöhraty üçin iberdi. Sizi talan halklar babatda Ol şeýle diýýär: «Siona degen hut Meniň görejime degýändir.

[9] Indi Men olaryň garşysyna el göterjek; olary öz gullary talaňa salar». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.

[10] «Aýdym aýt, şatlan, eý, Sion gyz! Men gelip, siziň araňyzda mekan tutjak. Muny Reb aýdýandyr.

[11] Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.

[12] Reb mukaddes toprakda Öz paýy hökmünde Ýahudany mülk edip alar we ýene Iýerusalimi saýlar.

[13] Ähli janly-jandarlar, Rebbiň öňünde ümsüm boluň; Ol turup, mukaddes mekanyndan çykyp gelýär.

Zakarýa — Chapters