Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:09

[1] Bu ýylyň ýedinji aýynyň ýigrimi biri güni Hagaý pygamberiň üsti bilen Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[2] «Indi Ýahudanyň häkimi Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyla, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa we halkyň aman galanlarynyň ählisine ýüzlenip, şeýle diý:

[3] „Araňyzda bu öýüň öňki şöhratyny görenlerden kim bar? Indi ol size nähili görünýär? Siziň nazaryňyzda ol hiç zatça görünýän-ä däldir?

[4] Eý, Zerubabyl, ruhdan düşme, muny Men – Reb aýdýandyryn. Eý, Ýehosadagyň ogly baş ruhany Ýeşuwa, ruhdan düşme! Eý, ýurduň ähli halky, ruhdan düşme. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Işläň, çünki Men siziň bilendirin, muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.

[5] Müsürden çykanyňyzda, size söz berşim ýaly, Ruhum araňyzdadyr, gorkmaň!“»

[6] Çünki Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men az salymdan ýene bir gezek gögi we ýeri, deňzi we gury ýeri sarsdyraryn.

[7] Men ähli milletleri-de sarsdyraryn, şonda ähli milletleriň hazynalary şu ýere geler we Men bu öýi şan-şöhratdan dolduraryn. Muny diýýän Men – Hökmürowan Rebdir.

[8] Kümüş-de, altyn-da Meniňkidir. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

[9] Men ýene: „Bu öýüň soňky şöhraty onuň öňki şöhratyndan hem has belent bolar“ diýýärin. Bu ýere abadançylyk bererin. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».

[10] Darýuş patyşanyň şalygynyň ikinji ýylynyň dokuzynjy aýynyň ýigrimi dördi güni Hagaý pygambere Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[11] «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Ruhanylardan kanun hakynda sora.

[12] Eger bir adam Rebbe bagyş edilen eti etegine salyp äkidende, onuň etegi çörege, çorba, şeraba, ýaga ýa-da başga bir iýmite galtaşsa, şolar mukaddes bolarmy?“». Ruhanylar bu soraga: «Ýok» diýip jogap berdiler.

[13] Onsoň Hagaý: «Eger ölä galtaşyp, haram bolan adam bu zatlardan birine elini degirse, şol zat murdar bolarmy?» diýip sorady. Ruhanylar muňa: «Hawa, ol murdar bolar» diýip jogap gaýtardylar.

[14] Onsoň Hagaý şeýle diýdi: «Reb: „Bu halk, bu millet hem Meniň nazarymda şeýledir“ diýýär. „Olaryň edýän ähli işleri-de şeýledir, şonuň üçin olaryň hödür edýän zatlarynyň hemmesi murdardyr.

[15] Indi şu günden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda pikir ediň. Rebbiň ybadathanasynda daş üstüne daş goýulmazdan öň

[16] nähili ýaşapdyňyz?! Biri ýigrimi batmanlyk harmany ýygnamaga gelende, ol on batman çykardy. Ol şeraply çelekden elli küýze şerap aljak bolanda, diňe ýigrimi küýze çykardy.

[17] Men el zähmetiňiz bilen öndürýän ähli önümleriňiziň üstünden epgek öwüsdirip, heň we doly bilen harapladym. Emma siz şonda-da Maňa tarap öwrülmediňiz. Muny Reb aýdýandyr.

[18] Şu günden, ýagny dokuzynjy aýyň ýigrimi dördünden – Rebbiň ybadathanasynyň düýbi tutulan gününden beýläk öz ýagdaýlaryňyz hakda mazaly oýlanyň.

[19] Ammarda tohum galdymy? Galmady. Üzüm, injir, nar we zeýtun agaçlary entek hem hasyl berýärmi? Bermeýär. Emma Men size şu günden beýläk bereket ýagdyraryn“».

[20] Şol gün – aýyň ýigrimi dördi güni Hagaý pygambere ikinji gezek Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[21] «Ýahudanyň häkimi Zerubabyla Meniň Ýeri we Gögi titretjekdigimi aýt.

[22] Patyşalaryň tagtlaryny agdararyn, Men milletleriň patyşalyklarynyň güýjüni ýok ederin. Söweş arabalarydyr olaryň üstündäkileri agdararyn, atlardyr olaryň çapyksuwarlaryny ýykaryn, her kim öz ýoldaşynyň gylyjyndan heläk bolar».

[23] Hökmürowan Reb ýene şeýle diýýär: «Eý, gulum, Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl, şol gün Men seni getirip, möhür ýüzügim deý ederin, çünki Men seni saýladym. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn».

Hagaý — Chapters