[1] Darýuşyň şalygynyň dördünji ýylynyň dokuzynjy aýynyň, ýagny Kislew aýynyň dördüne Zakarýa Rebbiň şu sözi aýan boldy.
[2] Beýteliň halky bolsa Rebbe ýalbarmak üçin, Sareseri we Regemmelegi adamlary bilen bile iberipdi.
[3] Şeýle hem olar Hökmürowan Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylarydyr pygamberlerinden: «Ýyllar boýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda agyz bekläp aglalymy?» diýip soramalydylar.
[4] Şonda Hökmürowan Reb maňa şeýle diýdi:
[5] «Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?
[6] Iýip-içeniňizde, diňe özüňiz üçin iýip-içmeýärsiňizmi?
[7] Rebbiň öňki pygamberleriň üsti bilen aýdan sözleri-de şular dälmidi? Şol wagtlar Iýerusalim we onuň daş-töweregindäki galalar heniz ilatlydy, parahatdy. Negep çöli bilen günbatar baýyrlyk-da ilatlydy“».
[8] Zakarýa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[9] «Hökmürowan Reb şeýle diýdi: „Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň;
[10] dul aýala, ýetime, gelmişege ýa-da garyp-gasara sütem etmäň; biri-biriňize garşy pislik etmäň.
[11] Ýöne Meniň halkym boýnuýogynlyk edip, bu sözlere gulak asmadylar, eşitmejek bolup gulaklaryny dykdylar.
[12] Hökmürowan Rebbiň Öz ruhy arkaly öňki pygamberleriň üsti bilen iberen kanundyr nesihatlaryny eşitmez ýaly, olar doňýürek boldular. Şol sebäpden Hökmürowan Rebbiň olara gaty gahary geldi.
[13] Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
[14] Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän milletleriň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».