Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:04

[1] Meniň bilen gepleşen perişde ýene geldi-de, meni ukudan oýaran ýaly edip turuzdy.

[2] Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen çyradany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar.

[3] Olaryň ýanynda iki sany zeýtun agajy bar. Olaryň biri ýag gabynyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapynda» diýip jogap berdim.

[4] Men perişdeden: «Jenabym, bular näme?» diýip soradym.

[5] Meniň bilen gepleşen perişde: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim.

[6] Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.

[7] Sen kimmişiň, eý, beýik dag? Sen Zerubabylyň öňünde tep-tekiz bolarsyň. Ol ybadathananyň iň soňky daşyny goýýarka, halk „Ne gözel, ne ajap!“ diýip gygyrar».

[8] Şeýle hem maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

[9] «Şu ybadathananyň binýadyny Zerubabylyň elleri tutdy. Ony ahyryna çenli alyp gitjek hem şonuň elleridir». Şonda meni siziň ýanyňyza Hökmürowan Rebbiň iberendigini, sen – Zerubabyl bilersiň.

[10] «Ýeňil işler eden gününi ähmiýetsiz hasaplanlar Zerubabylyň elindäki şuguly görüp şatlanarlar. Bu ýedi çyra Rebbiň gözüdir, olar dünýäni aýlanyp ýörendir».

[11] Men ol perişdeden: «Onda çyradanyň sagyndaky hem çepindäki iki düýp zeýtun agajy nämäni aňladýar?» diýip soradym.

[12] Ondan ýene-de: «Iki altyn turbajygyň üsti bilen altyn reňkli ýag çykaryp duran zeýtun agajynyň iki şahasy nämäni aňladýar?» diýip soradym.

[13] Ol menden: «Bularyň nämedigini bileňokmy?» diýip sorady. Men: «Ýok, jenabym» diýdim.

[14] Ol: «Bular başyna ýag çalnyp saýlanyp, bütin ýer ýüzüniň Taňrysyna gulluk edýän iki kişidir» diýip jogap berdi.

Zakarýa — Chapters