[1] Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi aýan boldy:
[2] «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Siony juda gabanýaryn, ony gahar-gazap bilen gabanýaryn“».
[3] Reb şeýle diýýär: «Men Siona tarap öwrülerin we Iýerusalimde mekan tutaryn. Iýerusalim „Wepaly şäher“ diýlip atlandyrylar. Hökmürowan Rebbiň dagy „Mukaddes dag“ diýlip atlandyrylar».
[4] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Elleri hasaly gojalardyr kempirler ýene-de Iýerusalimiň köçelerinde oturarlar.
[5] Şäheriň köçeleri oýnap ýören oglan-gyzlardan dolar».
[6] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde halkyň aman galanlarynyň gözüne bu mümkin däl ýaly görünse, Maňa-da şeýle görünmelimi? Muny Hökmürowan Reb – Men aýdýandyryn».
[7] Hökmürowan Reb: «Men Öz halkymy gündogar hem günbatar ýurtlaryndan halas ederin.
[8] Men olary ýene Iýerusalime ýaşamaga getirerin. Olar Meniň halkym bolar, Men olaryň wepaly hem adalatly Hudaýy bolaryn» diýýär.
[9] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde Hökmürowan Rebbiň ybadathanasynyň düýbüniň tutulmagyna gatnaşan pygamberlerden şu sözleri eşidenleriňiziň gollary kuwwatly bolsun!
[10] Şol günlerden öň ynsan üçinem, haýwan üçinem paç alynmazdy, gelýän-gidýänem üçin duşmandan ýaňa rahatlyk ýokdy, sebäbi Men adamlary biri-biriniň garşysyna öjükdiripdim.
[11] Emma indi Men bu halkyň aman galan bölegine beýle etmerin. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
[12] Tohum parahatlykda sepiler. Üzüm agajy miwe berer, toprak öz hasylyny eçiler, asman ýagmyryny ýagdyrar. Men bularyň hemmesini halkyň aman galan bölegine mülk hökmünde berjek.
[13] Eý, ýahudalar hem ysraýyllar, siz halklar arasynda nälete öwrüldiňiz. Indi Men sizi halas ederin, siz ýalkanyş bolarsyňyz. Gorkmaň, gollaryňyz kuwwatly bolsun!»
[14] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ata-babalaryňyzyň gaharymy getirendikleri üçin, Men olaryň başyna betbagtçylyk getirmegi ýüregime düwdüm we pikirimi üýtgetmändim. Muny Men – Hökmürowan Reb aýdýandyryn.
[15] Emma Men şu günlerde Iýerusalime hem-de Ýahuda ýene ýagşylyk etmegi ýüregime düwdüm. Gorkmaň!
[16] Siziň etmeli işleriňiz, ine, şulardyr: biri-biriňize diňe hakykaty aýdyň, kazyýetde adalatly hem parahatçylyk döredýän höküm çykaryň.
[17] Biri-biriňize garşy pislik etmäň, ýalan ýere ant içmekden gorkuň; bularyň bary Meniň ýigrenýän zatlarymdyr. Muny Reb aýdýandyr».
[18] Hökmürowan Rebbiň maňa şu sözi aýan boldy:
[19] «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Dördünji, bäşinji, ýedinji hem--de onunjy aýlardaky agyz bekleýän günleriňiz ýahuda halky üçin şatlyk-şagalaň, dabaraly baýramçylyklar bolar. Şoňa görä hakykaty hem parahatlygy söýüň“».
[20] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ýene-de halklar we köp şäherleriň ilaty geler.
[21] Bir şäherde ýaşaýanlar başga bir şähere gidip, şeýle diýerler: „Geliň, Rebbe ýalbaralyň, Hökmürowan Rebbiň gözlegine çykalyň. Ine, men-ä ýola düşdüm“.
[22] Ençeme halklar, güýçli milletler Hökmürowan Rebbi gözlemäge we Rebbe ýalbarmaga Iýerusalime gelerler».
[23] Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde dürli dillerde gepleýän ähli milletlerden on adam ýahudylaryň eteginden tutup: „Özüň bilen gitmäge bize ygtyýar et, sebäbi Hudaýyň seniň bilendigini eşitdik“ diýerler».