Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:32

[1] Ysraýylyň ähli tireleri Hebrona Dawudyň ýanyna baryp, oňa: «Biz seniň öz süýegiňden we teniňdendiris.

[2] Öňlerem – Şawul patyşamyzka-da sen ysraýyl goşunyna serkerdediň. Reb saňa: „Meniň halkym Ysraýylyň çopany sen bolarsyň, Ysraýyla sen hökümdarlyk edersiň“ diýipdi» diýdiler.

[3] Şeýdip, Ysraýylyň ähli ýaşululary Hebrona Dawudyň ýanyna ýygnandylar. Şol ýerde Rebbiň huzurynda Dawut patyşa olar bilen äht edişdi. Ysraýylyň ýaşululary Dawudyň başyna ýag guýup, Ysraýyla patyşa bellediler.

[4] Dawut patyşa bellenende, otuz ýaşyndady; ol kyrk ýyl patyşalyk etdi.

[5] Dawut Hebronda Ýahudanyň üstünden ýedi ýyl, alty aý, Iýerusalimde oturyp, tutuş Ysraýyl bilen Ýahuda otuz üç ýyl patyşalyk etdi.

[6] Dawut patyşa adamlaryny alyp, Iýerusalimde ýaşaýan ýabuslaryň üstüne ýöriş etdi. Ýabuslar Dawuda: «Sen bu ýere girip bilmersiň, hatda körlerdir agsaklaram seni yzyňa serpikdirip bilerler» diýýärdiler. Olar Dawut bu ýere girip bilmez diýip pikir edýärdiler.

[7] Emma Dawut Sion galasyny basyp aldy. Ol häzir «Dawut galasy» diýlip atlandyrylýar.

[8] Dawut şol gün: «Kimde-kim ýabuslary öldürmekçi bolsa, käriziň içinden geçip, Dawudy ýigrenýän körlerdir agsaklaryň üstüne çozsun» diýdi. («Körlerdir agsaklar Hudaýyň öýüne girip bilmezler» diýen gep şondan galdy.)

[9] Dawut galany eýeledi we ony «Dawut galasy» diýip atlandyrdy. Ol Millodan başlap, galanyň tutuş töweregini täzeden gurdy.

[10] Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, sebäbi Hökmürowan Hudaý Reb onuň bilendi.

[11] Sur patyşasy Hiram Dawudyň ýanyna ilçiler bilen kedr agaçlaryny, agaç ussalarydyr köşk gurujy ussalary iberdi. Olar Dawut üçin köşk gurdular.

[12] Şeýlelikde, Dawut özüni Rebbiň tutuş Ysraýylyň patyşasy hökmünde berkarar edendigine hem-de Öz halky Ysraýylyň hatyrasyna öz patyşalygyny beýgeldendigine düşündi.

[13] Dawut Hebrondan gelenden soň, Iýerusalimde ýene-de gyrnaklardyr aýallar aldy. Olardan hem Dawudyň ogul-gyzlary boldy.

[14] Onuň Iýerusalimde doglan çagalarynyň atlary şulardyr: Şammuwa, Şobap, Natan, Süleýman,

[15] Ýybhar, Elişuwa, Nepek, Ýapyýa,

[16] Elişama, Elýada, Elipelet.

[17] Dawudyň tutuş Ysraýyla patyşalyga bellenilendigini eşidende, ähli piliştliler aýaga galyp, onuň gözlegine çykdylar. Dawut muny eşidip, çöldäki gala gitdi.

[18] Piliştliler gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar.

[19] «Men piliştlileriň garşysyna çykaýynmy? Sen olary meniň elime berermiň?» diýip, Dawut Rebbe ýüz tutdy. Reb oňa: «Bar, piliştlileri şübhesiz seniň eliňe berjekdirin» diýdi.

[20] Şeýlelikde, Dawut Bagalperasyma gelip, olary şol ýerde derbi-dagyn etdi. Ol: «Sil bentleriniň böwsülişi kimin, Reb-de duşmanlaryma meniň elim bilen zarba urdy» diýdi. Şol sebäpden hem bu ýere Bagalperasym diýen at dakyldy.

[21] Dawut bilen onuň adamlary piliştlileriň taşlap giden butlaryny aldylar.

[22] Piliştliler ýene gelip, Rapa jülgesine ýaýradylar.

[23] Dawut Rebbe ýüz tutanda, Reb şeýle diýdi: «Olaryň öňünden çykma. Balzam agaçlary tarapdan gelip, olaryň ýeňsesinden ur.

[24] Balzam agaçlarynyň başlaryndan aýak seslerini eşideniňde, taýýar bol, sebäbi bu piliştlileriň goşunyny derbi-dagyn etmek üçin, Men – Rebbiň seniň öňüňe düşdügimdir».

[25] Dawut Rebbiň buýruşy ýaly etdi. Ol Gebadan Gezere çenli bolan aralykda piliştlileri gyrdy.

2 Şamuwel — Chapters