Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:34

[1] Dawut belentlikden biraz daşlaşanda, Mepiboşediň hyzmatkäri Siba goşa eşeklere iki ýüz çörek, ýüz goşawuç kişmiş, ýüz goşawuç injir we bir meşik şerap ýükläp, Dawudyň öňünden çykdy.

[2] Dawut patyşa oňa: «Bu zatlary näme üçin getirdiň?» diýdi. Siba: «Eşekler-ä patyşanyň maşgalasyna ulag bolar, çöreklerdir ir-iýmişler ýigitlere iýmit bolar, şeraby bolsa çöldäki argyn adamlar içerler» diýip jogap berdi.

[3] Dawut: «Jenabyňyň agtygy nirede?» diýip sorady. Siba: «Ol Iýerusalimde. Ol: „Ysraýyl halky şu gün atamyň şalygyny maňa gaýtaryp bermeli“ diýýär» diýdi.

[4] Dawut patyşa: «Mepiboşediň ähli zady indi seniňki» diýdi. Siba: «Saňa tagzym! Özüňiz merhemet ediň, eý, şa hezretleri!» diýdi.

[5] Dawut patyşa Bahuryma gelende, Şawulyň garyndaşlaryndan Geranyň ogly Şimgi diýen adam ol ýerden çykdy. Ol gidip barşyna Dawuda sögünýärdi.

[6] Şimgi Dawutdyr onuň nökerlerini daşlady. Ähli esgerleri hem patyşanyň janpenalary Dawudyň sagynda hem solunda durdular.

[7] Şimgi: «Güm bol! Güm bol! Ganhor, deýýus!

[8] Ýerine şa bolan adamyň Şawulyň garyndaşlarynyň tutuş ganyny Reb senden aldy. Ol şalygy ogluň Abşaloma berdi. Görýäňmi, öz pisligiňiň pidasy bolduň, sebäbi sen ganhor» diýip garganýardy.

[9] Seruýanyň ogly Abyşaý patyşa garap: «Bu itiň maslygy näme üçin şa hezretlerine gargap dur? Ygtyýar beriň, kellesini alaýyn» diýdi.

[10] Patyşa bolsa: «Seruýanyň ogullary, bu siziň işiňiz däl, ol gargaýan bolsa, diýmek, Reb oňa „Dawuda garga“ diýendir. Şeýle bolsa, onuň edenine däl diýip biljek barmy?» diýdi.

[11] Soňra Dawut Abyşaýa hem-de ähli adamlaryna: «Öz bilimden önen oglum kastyma çykansoň, bu benýaminden näme gowulyga garaşýaňyz?! Goý, gargasa gargabersin, oňa degmäň, sebäbi bu Rebbiň emridir.

[12] Belki, Reb çekýän ezýetimi görüp, şu günki gargyşyň ýerine maňa bähbitlisini eder» diýdi.

[13] Şeýdip, Dawut adamlary bilen öz ugruna gitdi. Baýryň etegi bilen, Dawudyň deňinden barýan Şimgi oňa gargaýardy, ony daşlaýardy, kesekleýärdi.

[14] Patyşa bilen onuň ýanyndaky ýadap surnugan goşun Iordan derýasyna gelip, ol ýerde dynç aldylar.

[15] Abşalom bilen tutuş ysraýyl halky Iýerusalime geldiler; Ahytopel hem olaryň ýanyndady.

[16] Dawudyň dosty ark urugyndan bolan Huşaý Abşalomyň ýanyna baryp: «Patyşanyň ömri uzak bolsun! Patyşanyň ömri uzak bolsun!» diýdi.

[17] Abşalom oňa: «Dostuňa wepalylygyň şumy seniň? Näme üçin dostuň bilen gitmediň?» diýdi.

[18] Huşaý: «Ýok, Rebbiň we şu adamlaryň, hem-de tutuş Ysraýylyň saýlan adamynyň tarapynda boljak, şonuň ýanynda galjak.

[19] Üstesine-de, men kime hyzmat etmeli? Onuň ogluna dälmi? Kakaňa nähili hyzmat eden bolsam, saňa-da şonuň ýaly hyzmat ederin» diýdi.

[20] Abşalom Ahytopele ýüzlenip: «Hany, maslahat beriň, biz näme etmeli?» diýdi.

[21] Ahytopel: «Kakaňyň öýe seretmek üçin goýup giden gyrnak aýallary bilen ýat. Şeýtseň, özüňi kakaňa duşman edendigiňi tutuş Ysraýyl eşider we seniň tarapyňdakylaryň goluna kuwwat berer» diýdi.

[22] Şeýlelikde, üçegiň ýokarsynda Abşalom üçin çadyr gurdular. Abşalom bütin Ysraýylyň gözüniň alnynda kakasynyň gyrnak aýallarynyň ýanyna girdi.

[23] Şol döwürde Ahytopeliň berýän maslahaty Hudaýdan soralan maslahat hasap edilerdi. Ahytopeliň ähli maslahaty Dawut bilen Abşalomyň ikisi üçinem şeýledi.

2 Şamuwel — Chapters