[1] Aradan esli wagt geçdi. Dawudyň ogly Abşalomyň Tamar atly bir owadan uýasy bardy. Dawudyň başga bir ogly Amnon oňa aşyk boldy.
[2] Öz enebaşga uýasy Tamara bolan yşk heserinden ýaňa gussa çekip, ol keselledi. Ol boý gyz bolansoň, oňa bir zat etmek Amnona kyn bolup görünýärdi.
[3] Ýöne Amnonyň Ýonadap diýen bir dosty bardy. Ýonadap Dawudyň dogany Şimganyň ogludy. Ol juda mekir adamdy.
[4] Ýonadap Amnona: «Eý, şazada, gün-günden halyň perişan bolup barýar-la! Belki, munuň sebäbini maňa aýdarsyň?!» diýdi. Amnon oňa: «Doganym Abşalomyň uýasy Tamara aşyk boldum» diýdi.
[5] Ýonadap oňa: «Kesellän bol-da, düşegiňe geçip ýat. Kakaň halyňy soramaga gelende, oňa: „Uýam Tamar gelip, meni naharlasyn. Ol öz ýanymda nahar taýýarlasyn. Onuň öz ýanymda nahar taýýarlanyny göräýeýin hem-de nahary onuň öz elinden iýäýeýin“ diýip aýt» diýdi.
[6] Şunlukda, Amnon kesellän kişi bolup, düşegine geçip ýatdy. Patyşa halyny soramaga gelende, ol: «Uýam Tamar gelip, ýanymda tagamly kökeler bişirip bersedi, men onuň öz elinden iýsedim» diýdi.
[7] Dawut: «Dogany Amnonyň öýüne barsyn-da, oňa nahar taýýarlasyn» diýip, Tamaryň yzyndan adam iberdi.
[8] Tamar doganynyň öýüne bardy. Amnon düşekde ýatyrdy. Tamar hamyr ýugrup, ony ýaýdy, doganynyň ýanynda tagamly kökeler bişirdi.
[9] Kökeleri tabaga saldy-da, getirip, onuň öňünde goýdy, ýöne ol iýmedi. Amnon: «Ýanymdakylaryň ählisi çyksyn» diýdi. Hemmeler onuň ýanyndan çykdylar.
[10] Şonda Amnon Tamara: «Kökeleri ýatjak jaýyma elt, men ony öz eliňden iýjek» diýdi. Tamar bişiren tagamly kökelerini dogany Amnonyň ýatjak jaýyna alyp bardy.
[11] Tamar kökeleri onuň ýanyna alyp gelende, Amnon oňa ýapyşyp: «Uýam, gel, bile ýataly-la!» diýdi.
[12] Tamar oňa şeýle diýdi: «Ýok, dogan, namysyma degme! Ysraýylda munuň ýaly zat görlen däldir. Beýle nejis iş etme!
[13] Beýle masgaraçylykdan soň men nirä giderin?! Senem Ysraýylyň binamyslarynyň biri bolup galarsyň. Gowusy, git-de, patyşa bilen gepleş. Ol meni senden gaýgyrmaz».
[14] Ýöne Amnon oňa gulak asmagam islemän, ondan güýçli bolansoň, ony zorlady.
[15] Şondan soň onda Tamara bolan güýçli ýigrenç döredi. Bu ýigrenç onuň öňki yşk heserinden-de has güýçlüdi. Amnon oňa: «Çyk!» diýdi.
[16] Emma Tamar: «Ýok, dogan, kowmak bilen maňa edýän bu ýamanlygyň öňki eden ýamanlygyňdan hem uludyr» diýdi. Emma Amnon oňa gulak asmady.
[17] Ol hyzmatkär ýigidini çagyryp: «Şu aýaly öýden çykar-da, gapyny ýap» diýdi.
[18] Hyzmatkär ony öýden çykaryp, gapyny ýapdy. (Tamaryň egninde ýeňli uzyn köýnegi bardy. Ir döwürlerde şalaryň ýetişen gyzlary şeýle geýner ekenler.)
[19] Tamar başyndan kül sowrup, egnindäki köýneginiň ýakasyny ýyrtdy. Elleri bilen başyny tutup, ýolboýy möňňürip aglap gitdi.
[20] Dogany Abşalom oňa: «Saňa doganyň Amnon el urdumy? Häzirlikçe sesiňi çykarma, uýam, ol seniň doganyň. Munuň üçin özüňi horlama» diýdi. Şeýdip, Tamar dogany Abşalomyň öýünde ýalňyz ýaşaberdi.
[21] Bolan işi eşidende, Dawut patyşanyň juda gahary geldi.
[22] Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.
[23] Iki ýyldan soň Abşalom Efraýyma golaý bolan Bagalhasorda goýun gyrkdyrýardy. Ol patyşanyň ähli ogullaryny şol ýere çagyrdy.
[24] Abşalom patyşanyň ýanyna gelip: «Guluň häzir goýun gyrkdyrýar. Özüňiz hem-de adamlaryňyz men guluň bilen bile gidäýseňiz» diýdi.
[25] Emma patyşa oňa: «Ýok, oglum, hemmämiz gitmäli; biz saňa ýük bolarys» diýdi. Abşalom hernäçe ýalbarsa-da, Dawut gitmäge razy bolmady, ýöne oňa ak pata berdi.
[26] Abşalom oňa: «Bolmasa, doganym Amnon gidäýsin» diýdi. Patyşa oňa: «Näme üçin ol seniň bilen gitmeli?» diýip sorady.
[27] Emma Abşalom ýalbaryp, Amnony we beýleki ähli ogullaryny özi bilen ibermäge patyşany razy etdi.
[28] Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»
[29] Abşalomyň adamlary Amnony buýrulyşy ýaly etdiler. Şanyň beýleki ogullary bolsa öz gatyrlaryna münüp gaçdylar.
[30] Olar entek ýoldakalar, Dawuda: «Abşalom seniň ogullaryňyň ýekesini-de goýman, baryny öldüripdir» diýip habar berdiler.
[31] Patyşa turup, ýakasyny ýyrtyp, ýer bagyrtlady. Onuň ýanyndaky adamlary-da ýakalaryny ýyrtdylar.
[32] Emma Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonadap: «Şa hezretleri: „Ogullarymyň baryndan dyndarypdyrlar“ diýip pikir etmesin. Öldürilen diňe Amnon. Bu Amnonyň öz uýasy Tamaryň namysyna degen gününden bäri Abşalomyň ýüregine düwen niýetidi.
[33] Şoňa görä, goý, şa hezretleri ogullarynyň ählisi ölen ýaly bolup, özüni horlap oturmasyn. Diňe Amnon öldi» diýdi.
[34] Abşalom gaçyp gidipdi. Dag tarapdaky Horonaýym ýolundan bir topar adamyň gelýändigine gözegçi nökeriň gözi düşdi.
[35] Ýonadap patyşa: «Hanha, seret, guluňyň aýdyşy ýaly, ogullaryň gelýär» diýip,
[36] sözüni soňlap-soňlamanka, şanyň ogullary gelip ýetdiler. Olar ses edip aglaşdylar. Patyşa bilen onuň adamlary-da gözýaş döküp aglaşdylar.
[37] Abşalom gaçyp, Geşur patyşasy Emihudyň ogly Talmaýyň ýanyna gitdi. Dawut bolsa uzak wagtlap oglunyň ýasyny tutdy.
[38] Geşura gaçyp baran Abşalom ol ýerde üç ýyl ýaşady.
[39] Amnonyň ölüminden soň, köp wagtyň geçmegi bilen Dawut patyşa köşeşdi, ol indi Abşalomy yzarlajak hem bolmady.