[1] Hebronda Abneriň öldürilendigini eşidip, Şawulyň ogly Yşboşediň essi aýyldy, tutuş ysraýyl halkyna howsala aralaşdy.
[2] Şawulyň ogly Yşboşediň hyzmatynda Bagana hem Rekap atly iki dogan bardy. Olar garakçy toparlaryň serkerdeleridiler. Olar benýamin tiresinden beýerotly Rimmonyň ogullarydylar. (Beýerot Benýamin topragynyň bir bölegi hasap edilýärdi.
[3] Birwagtlar öz topraklaryny taşlap, Gitaýyma gaçyp baran beýerotlylar häzire çenli hem ol ýerde gelmişek bolup ýaşap ýörler.)
[4] Şawulyň ogly Ýonatanyň Mepiboşet diýen iki aýagy-da agsak bir ogly bardy. Ýizregelden Şawul bilen Ýonatanyň öldi habary gelende, ol bäş ýaşyndady. Enekesi juda howlukmaçlyk bilen alyp gaçyp barýarka, ony elinden gaçyrypdy. Şeýdip, çaganyň aýagyna şikes ýetipdi.
[5] Yşboşet günortan dynç alýarka, Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana günortanyň yssysynda onuň öýüne geldiler.
[6] Bu iki dogan bugdaý almaga gelen kişiler bolup, Yşboşediň içine urdular. Bu, ine, şeýle bolupdy: olar öýe girenlerinde, Yşboşet öz ýatýan otagynda uklap ýatyrdy. Olar onuň üstüne topuldylar-da, ony öldürip, kellesini kesip aldylar we ol ýerden çykyp gaçdylar. Soňra olar Iordan deresiniň ýoly bilen uzak gije ýörediler.
[8] Ol ikisi Yşboşediň kellesini Hebrona Dawudyň ýanyna getirip, oňa: «Ine, şu seniň janyňa kast etmekçi bolan duşmanyň Şawulyň ogly Yşboşediň kellesi! Bu gün Reb Şawuldan we onuň neslinden şa hezretleriniň aryny aldy» diýdiler.
[9] Dawut beýerotly Rimmonyň ogullary Rekap bilen Bagana ýüzlenip: «Meni ähli bela-beterlerden goran Rebden ant içýärin, maňa biri Şawulyň öldi habaryny getiripdi we ol gowy habar getirendirin öýdüpdi. Ýöne men ony Ziklagda öldürdim. Getiren buşlugy üçin oňa şeýle „serpaý“ ýapylypdy.
[11] Heý, onsoň siz – zalymlar bir bigünäni öz öýünde, öz düşeginde öldürersiňiz-de, sizi ýer ýüzünden ýok edip, onuň hununy sizden almarynmy?» diýdi.
[12] Soňra Dawut nökerlerine emr etdi; nökerler olary öldürdiler we el-aýaklaryny kesip, göwrelerini Hebrondaky howdanyň üstünden asdylar. Yşboşediň kellesini bolsa äkidip, Hebronda Abneriň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.