[1] Ahytopel Abşaloma şeýle diýdi: «Ygtyýar et, on iki müň adamy saýlaýyn-da, şu gije Dawudyň yzyndan kowalaýyn.
[2] Ýadap gurbatdan düşen wagty men onuň üstüne çozup, ony howsala salaýyn. Ýanyndaky ähli goşun gaçar, men diňe patyşanyň özüni öldürerin.
[3] Ýaş gelniň öz adamsynyň öýüne gelşi ýaly, ähli halkyň saňa tarap öwrülmegi üçin, seniň şol ideýän adamyň öldürilmegi wajypdyr. Şonda bütin halk parahatçylykda bolar».
[4] Maslahat Abşaloma-da, Ysraýylyň ähli ýaşulularyna-da ýarady.
[5] Abşalom: «Ark urugyndan bolan Huşaýy-da çagyr, onam diňläli, näme diýýär» diýdi.
[6] Huşaý gelende, Abşalom oňa: «Ahytopeliň maslahat-a, ine, şeýle. Şonuň diýeni bilen bolubermelimi ýa özüň bir maslahat berýäňmi?» diýdi.
[7] Huşaý: «Ahytopeliň bu gezekki beren maslahaty gowy maslahat däl» diýip,
[8] sözüni dowam etdi: «Kakaňyň hem-de onuň adamlarynyň batyr ýigitlerdigini bilýänsiň. Olar sährada çagasyny elinden aldyran aýy ýaly ýowuz boldular. Üstesine-de, ataň tejribeli urşujydyr. Ol gijäni goşunyň arasynda geçirmez.
[9] Häzir ol bir gowakda ýa-da başga bir ýerde gizlenendir. Ilkinji hüjümde biziňkilerden öleni bolaýsa, onda ony eşidenler: „Abşalomyň yzyna düşenler gyrlypdyr“ diýerler.
[10] Şonda arslan ýürek gaýduwsyz batyram gorkudan ýaňa pagyş-para erär, sebäbi kakaňyň batyr ýigitdigini, onuň ýanyndakylaryň-da gaýduwsyzdygyny tutuş Ysraýyl bilýär.
[11] Şoňa görä meniň maslahatym şeýle: Dandan Beýerşeba çenli ähli ysraýyllar deňiz kenarynyň çägeleriçe köplükde seniň ýanyňa toplansyn. Söweşde olara özüň baştutanlyk et.
[12] Biz ony nirede bolsa-da tapyp, ýere çyg düşüşi ýaly bolup, onuň üstüne dökülmelidiris. Şonda onuň ne özi aman galar, ne-de ýanyndakylar.
[13] Eger-de ol gala tarap çekiläýse, onda ähli ysraýyllar ýüp getirerler we ol ýeriň iň soňky çaglyna çenli, galany jülgä çekeris».
[14] Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.
[15] Huşaý ruhanylar Sadok bilen Abýatara şeýle diýdi: «Abşaloma hem-de ysraýyl ýaşulularyna Ahytopel şeýle maslahat berdi, men hem beýle maslahat berdim.
[16] Indi haýal etmän, adam iberiň-de, Dawuda şu habary ýetiriň: „Şu gije çölde – derýanyň saý ýerinde galman, aňry tarapa geçmese, patyşanyň özi-de, ýanyndaky tutuş goşun-da heläk bolar“».
[17] Göze ilmezlik üçin gala girip bilmeýändiklerine görä, Ýonatan bilen Ahymagas Eýnrogelde garaşýardylar. Bir gyrnak gelip, olara habar berýärdi, olar bolsa gidip, Dawuda aýdýardylar.
[18] Emma bir gezek bir ýetginjek olary görüp, Abşaloma habar berdi. Ýonatan bilen Ahymagas haýal etmän gidip, Bahurymda biriniň öýüne bardylar. Şol adamyň howlusynda bir guýusy bardy; olar şol guýynyň içine girdiler.
[19] Hojaýynyň aýaly guýynyň agzyny örtgi bilen örtdi-de, üstüne däne serdi; ol ýerde hiç zat bilner ýaly bolmady.
[20] Abşalomyň adamlary ol aýalyň öýüne gelip, ondan Ahymagas bilen Ýonatanyň nirededigini soradylar. Aýal olara: «Olar arykdan geçdiler» diýip jogap berdi. Gözleýänler ol ikisini gözläp tapmandan soň, Iýerusalime dolandylar.
[21] Ýaňkylar gidenden soň, ol ikisi guýudan çykyp gitdiler-de, Dawut patyşany habardar etdiler. Olar Ahytopeliň Dawudyň garşysyna eden maslahatyny aýdyp, Dawuda: «Bol, basymrak, suwdan geçip, ötägit» diýdiler.
[22] Şondan soň Dawut bilen onuň ýanyndaky goşun Iordan derýasyndan geçdiler. Daň saz berýänçä, olar derýadan doly geçip gutardylar.
[23] Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.
[24] Abşalom Ysraýylyň ähli adamlaryny ýanyna alyp, Iordan derýasyndan geçende, Dawut Mahanaýyma barypdy.
[25] Abşalom Emasany Ýowabyň ýerine goşunbaşy edip goýdy. Emasa Ýytra diýen bir ysraýylyň ogludy. Ýytra Ýowabyň ejesi, Seruýanyň aýal dogany, Nahaşyň gyzy Abygaýyla öýlenipdi.
[26] Ysraýyllar bilen Abşalom Gilgatda düşlediler.
[27] Dawut Mahanaýyma baranda, ammonlaryň Raba galasyndan Nahaşyň ogly Şoby, lodebarly Emiýeliň ogly Makyr, Rogelimden gilgatly Barzyllaý dagy
[28] Dawut bilen onuň ýanyndaky adamlaryna ýorgan-düşek, gap-çanak, toýun gaplar, huruşlyk üçin bugdaý, arpa, un, gowurga, noýba, mäş,
[29] bal, süzme, goýun etini, sygyr süýdünden edilen peýnir getirdiler. Sebäbi olar goşunyň çölde aç-suwsuz hem ýadawdygyny aýdypdylar.