[1] Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»
[2] Şeýdip, ähli ysraýyllar Dawutdan aýrylyp, Bikri ogly Şebanyň yzyna düşdüler. Ýöne ýahudalar özleriniň patyşasy Dawuda ygrarly bolup, Iordan derýasyndan Iýerusalime çenli onuň bilen bile boldular.
[3] Dawut Iýerusalimdäki öýüne geldi. Öýe seretmek üçin goýup giden on gyrnak aýallarynyň ählisini bir jaýa gabap, olary gorag astyna aldy; olary zerur zatlar bilen üpjün etdi, ýöne ýanlaryna girmedi. Gyrnak aýallar şeýdip, tä ölýänçäler dul ýaly ýaşadylar we gabawdan çykarylmadylar.
[4] Patyşa Emasa: «Üç günüň dowamynda Ýahudanyň erkek göbeklilerini meniň ýanyma ýygna, özüňem şu ýerde bol» diýdi.
[5] Emasa ýahudalary çagyrmaga gitdi. Ýöne gelmeli wagtynda gelmän gijä galdy.
[6] Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi.
[7] Ýowabyň adamlary, keretler, peletler we ähli batyr ýigitler Iýerusalimden çykyp, Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin Abyşaýyň yzyna düşdüler.
[8] Olar Gibgondaky ullakan daşyň ýanyna baranlarynda, Emasa olary garşylamaga çykdy. Ýowap harby geýimdedi, bilinde kemere dakylan gynly gylyjy bardy. Ol ýöräp gelýärkä, gylyjy gynyndan gaçdy.
[9] Ýowap Emasa: «Doganym, sag-gurgunmyň?» diýip, ogşamak üçin sag eli bilen Emasanyň sakgalyndan tutdy.
[10] Emasa Ýowabyň elindäki gylyjyna üns bermedi. Ýowap gylyjyny onuň garnyna sokup, içgoşuny ýere silkdi, gylyjy gaýtadan sokmaga zerurlyk galmady; Emasa öldi. Soňra iki dogan Ýowap bilen Abyşaý Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmaga başladylar.
[11] Ýowabyň adamlaryndan biri Emasanyň jesediniň ýanynda durup: «Kim Ýowabyň tarapdary bolsa, kim Dawuda wepaly bolsa, Ýowabyň yzyna eýersin» diýdi.
[12] Emasa ýoluň ugrunda gana bulaşyp ýatyrdy. Ýaňky adam jesediň ýanyna barýanlaryň onuň ýanynda saklanýandyklaryny görüp, ony ýoldan bir gyra çekdi-de, üstüne geýim ýapdy.
[13] Emasanyň jesedi ýoldan aýrylandan soň, goşun Bikri ogly Şebanyň yzyndan kowmak üçin, Ýowabyň yzyna düşdi.
[14] Goşun Abelbeýtmagaka galasyna çenli tutuş demirgazyk tireleriniň içinden geçdi. Demirgazyk tireleriniň halky jemlenip birleşdiler-de, gala tarap Ýowabyň yzyna düşdi.
[15] Olar baryp, Abelbeýtmagaka galasynda ony gabawa saldylar. Galanyň diwaryna çykmak üçin ýapgyt gurdular we diwary ýykmak üçin ony opurmaga başladylar.
[16] Bir akylly aýal galadan: «Gulak assaňyzlaň! Diňleseňizläň! Ýowaba aýdyň, men onuň bilen gepleşmek isleýärin» diýip gygyrdy.
[17] Ýowap onuň ýanyna baranda, ol aýal: «Sen Ýowapmy?» diýdi. Ol: «Hawa, men Ýowap» diýip jogap berdi. Aýal: «Onda öz gyrnagyňa gulak as» diýdi. Ýowap: «Diňleýärin» diýdi.
[18] Aýal şeýle diýdi: «Öňler: „Abelde maslahat alsynlar“ diýip aýdardylar, şeýdibem, işi tamamlardylar.
[19] Biz Ysraýylyň parahat hem wepadar adamlarydyrys. Ysraýyl galalarynyň enesi bolup duran galany näme üçin ýykmak isleýärsiň? Näme üçin Rebbiň beren mirasyny ýok etmek isleýärsiň?»
[20] Ýowap şeýle jogap berdi: «Ýok-la! Daş edewersin! Hudaý saklasyn! Galany ýykmak ýa-da ýok etmek meniň etjek işim däl!
[21] Bu beýle däl! Ýöne Efraýym daglygyndan Bikri ogly Şeba diýen biri Dawut patyşanyň garşysyna çykdy. Onuň ýeke özüni elime ber, men galadan el çekeýin». Aýal: «Onuň kellesi diwardan üstaşyry saňa tarap zyňlar» diýdi.
[22] Aýal akylly pikiri bilen halkyň ýanyna gitdi. Olar Bikri ogly Şebanyň kellesini kesip, ony Ýowaba tarap zyňyp goýberdiler. Ýowap surnaý çaldy; olar galadan çekildiler. Hemmeler öýli-öýüne gitdi. Ýowap bolsa Iýerusalime patyşanyň ýanyna gaýtdy.
[23] Ýowap Ysraýylyň tutuş goşunyna baştutan boldy. Ýehoýadanyň ogly Benaýa bolsa keretleriň hem-de peletleriň baştutany boldy.
[24] Adoram gara zähmet bilen meşgul bolýanlaryň ýolbaşçysydy, Ahyludyň ogly Ýehoşapat baş emeldarydy.
[25] Şewa – kätip, Sadok bilen Abýatar – ruhanylar boldy.
[26] Ýaýyrly Yra hem Dawudyň ruhanysydy.