Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:55

[1] Şawulyň adamlary bilen Dawudyň adamlarynyň arasyndaky uruş uzaga çekdi. Dawut gitdigisaýy güýçlenýärdi, Şawulyňkylar bolsa barha ejizleýärdiler.

[2] Ine, şular Dawudyň Hebronda doglan ogullarydyr: onuň nowbahar ogly ýizregelli Ahynogamdan bolan Amnondy.

[3] Ikinjisi karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyldan bolan Kilapdy, üçünjisi Geşur patyşasy Talmaýyň gyzy Magakadan bolan Abşalomdy.

[4] Dördünjisi Hagytdan bolan Adonyýady, bäşinjisi Abytaldan bolan Şepatýady.

[5] Altynjy ogly Egladan bolan Ýitregamdy. Dawudyň bu ogullarynyň hemmesi Hebronda doguldylar.

[6] Şawul bilen Dawudyň kowum-garyndaşlarynyň arasyndaky uruş dowam edýärdi. Şawulyň kowumyndan Abner barha güýçlenýärdi.

[7] Şawulyň Rispa atly bir gyrnagy bardy. Rispanyň atasyna Aýa diýýärdiler. Bir gün Yşboşet Abnere: «Näme üçin kakamyň gyrnagy bilen ýatdyň?» diýdi.

[8] Yşboşediň sözlerine Abneriň juda gahary gelip, oňa şeýle diýdi: «Näme sen meni Ýahudanyň tarapyna geçen bir köpek hasaplaýaňmy? Men bu günki güne çenli ataň Şawulyň nesline, onuň doganlaryna, dost-ýarlaryna wepaly bolup, seni Dawudyň eline düşmekden saklap gezdim. Şu aýal sebäpli bu gün sen maňa gara ýöňkejek bolýarmyň?

[9] Reb Şawulyň elinden patyşalygy aljakdygyna, Dandan Beýerşeba çenli uzalýan Ysraýylda hem Ýahudada Dawudyň patyşalygyny berkarar etjekdigine ant içdi. Indi ol hakda aýdylany ýerine ýetirmesem, goý, Hudaý maňa-da şony, hatda ondanam beterini görkezsin».

[11] Yşboşet Abnerden gorkansoň, oňa jogap gaýtaryp bilmedi.

[12] Abner Hebronda oturan Dawuda çapar iberip: «Ýurt kimiňki? Gel, äht baglaşaly, tutuş Ysraýylyň seniň tarapyňa geçmegine menem goldaw bereýin» diýdi.

[13] Dawut: «Bolýar, men seniň bilen äht edişeýin, ýöne bir şert bilen: meniň bilen görme-görşe geleniňde, Şawulyň gyzy Mikaly-da getirersiň, eger getirmeseň, meni görmersiň» diýdi.

[14] Soňra Dawut: «Ýüz piliştliniň pürçügini berip alan aýalym Mikaly özüme gaýtaryp ber» diýen habar bilen Şawulyň ogly Yşboşede çapar gönderdi.

[15] Yşboşet adam iberip, Mikaly onuň adamsy Paltyýelden yzyna aldy. Paltyýel Laýyşyň ogludy.

[16] Adamsy ýolboýy aglap-eňräp, Mikaly Bahuryma çenli ugratdy. Abner «Öýüňe gaýt!» diýensoň, Paltyýel yzyna dolandy.

[17] Abner ysraýyl ýaşulularyna şeýle sözler bilen ýüzlendi: «Köp wagtdan bäri siz Dawudyň özüňize patyşa bolmagyny isleýärsiňiz.

[18] Indi islegiňizi amala aşyryň, sebäbi Reb: „Men Öz halkym Ysraýyly gulum Dawudyň üsti bilen piliştlilerden hem onuň ähli duşmanlaryndan halas ederin“ diýip, Dawuda aýdypdy».

[19] Abner benýamin tiresi bilen hem gepleşdi. Soňra ähli ysraýyllaryň hem-de benýaminleriň islegini Dawuda ýetirmek üçin, ol Hebrona gitdi.

[20] Abner ýigrimi adam bilen bile Hebrona Dawudyň ýanyna bardy. Dawut olar üçin meýlis gurady.

[21] Abner Dawuda: «Men gideýin-de, tutuş Ysraýyly şa hezretleriniň ýanyna ýygnaýyn. Seniň öz göwün islegiňe görä şalyk sürmegiň üçin, goý, olar seniň bilen äht baglaşsynlar» diýdi. Dawut Abneri goýberdi, ol sag-salamat çykyp gitdi.

[22] Ýowap Dawudyň adamlary bilen talaňçylykdan ýaňyja gaýdyp gelipdi. Olar köp olja alypdylar. Emma Abner Hebronda – Dawudyň ýanynda däldi, Dawut ony goýberipdi, ol sag-salamat çykyp gaýdypdy.

[23] Ýowap tutuş goşun bilen bile geldi. Neriň ogly Abneriň patyşanyň ýanyna gelendigini, patyşanyň ony goýberendigini, onuňam sag-salamat çykyp gidendigini Ýowaba habar berdiler.

[24] Ýowap patyşanyň ýanyna baryp: «Eden zadyň näme?! Öz aýagy bilen ýanyňa gelen Abneri näme üçin goýberdiň?

[25] Sen Neriň ogly Abneri tanaýaň ahyryn! Ol seni aldamak üçin, nirä gidip-gelýäniňi, näme iş edýäniňi bilmek üçin gelendir» diýdi.

[26] Ýowap Dawudyň ýanyndan çykansoň, Abneriň yzyndan çaparlar iberdi we ony Sira guýusyndan yzyna getirtdi. Emma Dawut mundan bihabardy.

[27] Abner Hebrona gaýdyp gelende, Ýowap onuň bilen ikiçäk gepleşjek bolýan kişi bolup, ony derwezäniň iç tarapyna çekdi-de, içine urup öldürdi. Şeýdip, Abner Ýowabyň dogany Asaheliň ganyna galandygy üçin öldürildi.

[28] Dawut bu habary eşidip: «Özümem, patyşalygymam Neriň ogly Abneriň gany üçin Rebbiň öňünde hiç wagt günäkär bolmarys.

[29] Günä, goý, Ýowabyň hem onuň nesliniň boýnuna düşsün. Ýowabyň nesliniň arasynda iriň ýygnaýan ýaraly, pis açan ýa-da goltugy pişekli, gylyçdan ölýän ýa-da nana zar adamlar, goý, hemişe bolsun dursun» diýdi.

[30] Şeýdip, Ýowap we onuň dogany Abyşaý Gibgonda bolan uruşda öz doganlary Asaheli öldüren Abneriň janyna kast etdiler.

[31] Dawut Ýowap bilen onuň ýanyndaky ähli halka: «Ýakaňyzy ýyrtyp, jul geýniň-de, Abneriň ýasyny tutuň» diýdi. Dawut patyşa onuň tabydynyň yzyndan ýöredi.

[32] Abneri Hebronda jaýladylar. Onuň gubrynyň başynda patyşa ses edip aglady, tutuş halk-da oňa goşuldy.

[33] Patyşa Abner üçin agy aýtdy: «Akmaklarça ölmeli däldiň, Abner!

[34] Gollaryň bagly däldi, aýaklaryň gandally däldi! Emma zalymlaryň goluna düşen biri kimin heläk bolduň!» Abner üçin tutuş halk ýene-de aglady.

[35] Soňra ähli halk Dawudyň ýanyna gelip, Gün batmazdan öň bir zatlar garbanmagy teklip etdiler. Emma Dawut: «Eger Gün ýaşýança çörek iýsem ýa-da başga bir zat datsam, Hudaý maňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýip ant içdi.

[36] Tutuş halk Dawudyň bu bolşuny görüp, ony makullady. Patyşanyň edýän ähli işinden hoşal bolşy ýaly, halk bu gezek hem ondan hoşal boldy.

[37] Neriň ogly Abneriň ölüminde Dawudyň eliniň ýokdugyna tutuş goşun we ähli ysraýyl halky şol gün göz ýetirdi.

[38] Patyşa adamlaryna ýüzlenip: «Bu gün Ysraýylyň bir beginiň, bir beýik adamynyň ölendigini bilýäňizmi?

[39] Hudaýyň başyma ýag guýlup saýlan patyşasy bolsamam, mende bu gün güýç-gurbat ýok. Seruýanyň ogullary menden has güýçli. Ýamanlyk edeniň özüne-de Reb ýamanlyk görkezsin» diýdi.

2 Şamuwel — Chapters