[1] Eý, doganlar, size Musanyň Kanunyny bilýän adamlar hökmünde ýüzlenýärin. Eýsem siz bu Kanunyň diňe diri adama öz hökümini ýöredýändigini bilmeýäňizmi näme?
[2] Mysal üçin, ärli aýaly alyp göreliň. Ol äri dirikä, bu Kanun boýunça oňa baglydyr. Emma äri ölse, ol nika kanunyndan azatdyr.
[3] Eger aýal äri dirikä başga birine durmuşa çyksa, bu zynahorlykdyr. Emma äri ölse, ol kanundan azatdyr, başga äre barsa hem zynahor däldir.
[4] Eý, doganlarym, siz babatda hem şeýledir. Siz Isa Mesihiň haçdaky ölümi arkaly Musanyň Kanuny üçin ölüsiňiz. Hudaýa ýagşy işleriňiziň hasylyny getirer ýaly, siz indi başga Birine, ýagny ölümden direlen Isa Mesih e degişlisiňiz.
[5] Biz ynsan tebigatymyza görä ýaşaýarkak, bu Kanun biziň beden agzalarymyzda günäli höwesleri oýarýardy. Bu höwesler bizi günäli işlere imrindirip, ölüme eltýärdi.
[6] Emma biz özümizi tussaglykda saklan Kanun babatda ölüp, ondan azat edildik. Biz indi Kanuna tabyn bolan köne ýörelgä görä däl-de, eýsem Mukaddes Ruha eýerýän täze ýörelgä görä Hudaýa hyzmat edip bileris.
[7] Onda näme, Musanyň Kanuny erbet bir zatmy? Elbetde, ýok! Ýöne bu Kanun bolmadyk bolsa, men günäniň nämedigini-de bilmezdim. Kanun: «Başganyň zadyna göz dikme» diýip buýurmadyk bolsa, men munuň günädigini hem bilmezdim.
[8] Günä bolsa bu buýrukdan öz bähbidini arap, meni her tüýsli açgözlüge imrindirdi. Kanunyň bolmadyk ýerinde günä ölüdir.
[9] Men Kanun berilmänkä diridim. Emma Kanun berlenden soň günä janlandy-da,
[10] men öldüm. Hawa, maňa ýaşaýyş bermeli Kanun meniň ölmegime sebäp boldy.
[11] Sebäbi günä Kanunyň buýrugyny tutaryk edinip, meni aldawa saldy-da, ol arkaly öldürdi.
[12] Emma Kanun şonda-da mukaddesdir; onuň her bir buýrugy mukaddes, adalatly we oňatdyr.
[13] Onda näme, oňat zat meniň ölmegime sebäp bolaýdymy? Elbetde, ýok! Meni oňat buýruklar arkaly günä öldürdi. Günäniň hakyky tebigaty hut şeýle aýan bolmalydy. Şeýdip, günäniň näderejede erbetdigi äşgär boldy.
[14] Biz Musanyň Kanunynyň Hudaý tarapyndan berlendigini bilýäris. Men bolsa günäniň ýesirligindäki bir ejiz ynsandyryn.
[15] Men öz edýänlerime özüm düşünemok, sebäbi halaýan zadymy etmän, ýigrenýän zadymy edýärin.
[16] Eger men ýigrenýän zadymy edýän bolsam, onda bu Kanunyň oňatdygy bilen ylalaşýaryn.
[17] Eger şeýle bolsa, onda edýänlerimi men däl-de, mende mesgen tutan günä edýändir.
[18] Mende, hawa, ynsan tebigatymda oňat zadyň ýokdugyny anyk bilýärin. Sebäbi oňat işleri etmäge islegim bolsa-da, olary amal etmegi başarmaýaryn.
[19] Men isleýän oňat işlerimi etmän, tersine, ýigrenýän erbet işlerimi edýärin.
[20] Eger islemeýänimi edýän bolsam, onda ony indi men däl-de, içimde mesgen tutan günä edýändir.
[21] Şeýlelikde, men durmuşda şeýle ýörelgäniň bardygyny bildim: oňat işi etmekçi bolan badyma, mende ýamanlyk häzir bolýar.
[22] Bütin kalbym bilen Hudaýyň Kanunyndan lezzet alsam-da,
[23] bedenimiň şol ýörelgä ýykgyn edýändigini görýärin. Bu ýörelge meniň aňymdaky ýörelgä garşy göreşip, bedenimdäki günä ýörelgesine meni ýesir edýär.
[24] Wah, men bagtygarany diýsene! Ölüme eltýän bu bedenimden meni kim halas eder?
[25] Hudaýa şükür! Ol bizi Rebbimiz Isa Mesih arkaly halas etdi! Şunlukda, aňym bilen Hudaýyň Kanunyna gulluk etsem-de, ynsan tebigatyma görä günä kanunynyň guludyryn.