[1] Eý, başgalary ýazgarýan ynsan! Sen kim bolsaň-da, şeýle etmäge asla hakyň ýokdur. Sen başgalary ýazgarmak bilen, öz-özüňi ýazgarýansyň. Sebäbi sen özüň-de şeýle günäli işleri edýärsiň-ä!
[2] Biz şeýle iş edýänleriň Hudaýyň hökümine duçar boljakdygyny bilýäris. Bu höküm adalatlydyr.
[3] Sen şeýle işleri edýänleri ýazgarmak bilen, özüň-de şeýle etmeýärsiňmi näme? Heý-de şundan soň Hudaýyň höküminden syparyn öýdýärmiň?
[4] Ýa-da sen Hudaýyň çäksiz mähremligine, geçirimliligine, sabyr-takadyna äsgermezlik edýärsiňmi? Onuň mähribanlygynyň seni toba eltýändigine düşünmeýärsiňmi?
[5] Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.
[6] Şol gün Hudaý her kime eden işine görä gaýtarar.
[7] Hudaýdan şan-şöhrat, hormat we ölmezligi agtaryp, hemişe ýagşylyk edýänlere Ol baky ýaşaýşy berer.
[8] Şahsy bähbidini araýanlar, hakykaty ret edip, ýamanlyga eýerýänler bolsa gahar-gazaba duçar bolarlar.
[9] Hudaý ýamanlyk edýän her bir adama: ilki bilen ýahudylara, soňra ýahudy dällere muşakgat we hasrat berer.
[10] Ýagşylyk eden her bir adama: ilki bilen ýahudylara, soňra ýahudy dällere şan-şöhrat, hormat we rahatlyk berer,
[11] sebäbi Hudaý ýüz görýän däldir.
[12] Ýahudy däller Musanyň Kanuny barada bilmeýärler. Emma olar hem Hudaýyň buýruklaryny bozsalar, ölerler. Ýahudylar bolsa Musanyň Kanunyny bilýärler. Şoňa görä-de, olar eden günäleri üçin bu Kanuna laýyklykda höküm ediler.
[13] Çünki Hudaýyň huzurynda Musanyň Kanunyny diňleýänler däl-de, ony berjaý edýänler aklanýandyr.
[14] Musanyň Kanuny ýahudy dällere berilmedi. Ýöne olar tebigy duýgurlygyna eýerip, bu Kanunyň talaplaryny berjaý edenlerinde, Kanuny bilmeseler-de, oňat we erbet işleri saýgarýandyklaryny görkezýärler.
[15] Şeýdip, edýän işleri arkaly Kanunyň parzlarynyň öz ýüreklerine ýazylandygyny mälim edýärler. Olaryň wyždanlary hem munuň şeýledigini tassyklaýar, sebäbi öz pikirleri olary käte aýyplaýar, käte bolsa aklaýar.
[16] Bularyň hemmesi Hudaý adamlaryň ýaşyryn işlerini we pikirlerini Isa Mesih arkaly kazylyk etjek gününde aýan bolar. Bularyň bary wagyz edýän Hoş Habarymda beýan edilendir.
[17] Indi bolsa sen ýahudy barada aýtmakçy: sen özüňi ýahudy saýyp, Musanyň Kanunyna bil baglaýarsyň, Hudaýy tanaýandygyňa buýsanýarsyň.
[18] Sen Hudaýyň islegini we ýagşyny ýamandan saýgarmagy şol Kanundan öwrenýärsiň.
[19] -
[20] Sen bilimiň we hakykatyň nusgasy bolan Kanuna eýe bolanyň üçin, özüňi körleriň idijisi, tümlükdäkileriň yşygy, akmaklaryň terbiýeçisi, bilimsizleriň mugallymy hasaplaýarsyň.
[21] Eger şeýle bolsa, onda näme üçin başgalara taglym berip-de, özüňe taglym bermeýärsiň? Ogurlyk etmezligi wagyz edip, näme üçin ogurlyk edýärsiň?
[22] Zyna etmezligi wagyz edip, näme üçin zyna edýärsiň? Butlary ýigrenji saýýan bolsaň, näme üçin Öz Hudaýyňa garşy küpür gepleýärsiň?
[23] Sen özüňe berlen Kanuna buýsansaň-da, ony bozup, Hudaýyň adyna ysnat getirýärsiň.
[24] Şoňa görä-de, Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaýyň ady başga milletleriň arasynda siz zerarly harlanýar» diýlip ýazylandyr.
[25] Hawa, sen ýahudy sünnet edilensiň, ýöne sünnet diňe Kanunyň berjaý edilen ýagdaýynda ähmiýetlidir. Emma Kanuny bozýan bolsaň, onda seniň sünnetiň sünnetsizlik bilen des-deňdir.
[26] Şeýle hem bir sünnetsiz adam Kanunyň parzlaryny berjaý edýän bolsa, onuň sünnetsizligi sünnet hasaplanmazmy näme?
[27] Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!
[28] Çünki daşky görnüşi boýunça ýahudy görünýän her kes ýahudy däldir, tendäki her sünnet-de hakyky sünnet däldir.
[29] Ýok, köňli ýahudy bolan adam hakyky ýahudydyr. Kanuna görä däl-de, Mukaddes Ruha görä bolan sünnet hakyky sünnetdir. Hakyky ýahudynyň öwgüsi adamlardan däl-de, Hudaýdandyr.