Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:59

[1] Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesih iň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr.

[3] Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesih den aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesih den aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi.

[5] Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!

[6] Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir.

[7] Ybraýymyň neslinden bolanlaryň-da bary onuň hakyky perzendi däldir. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip ýazylgydyr.

[8] Diýmek, Ybraýymyň neslinden bolanlaryň baryna Hudaýyň perzendi diýip bolmaz. Diňe wada görä doglanlar Ybraýymyň hakyky nesli hasaplanýandyr.

[9] Çünki: «Bellenen wagtda dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýlip wada berlipdi.

[10] Mundan başga-da, Rebekanyň ekizleri Ysaw bilen Ýakuby ýatlaly. Olaryň ikisi-de bir atadan, ýagny atamyz Yshakdan doglupdy.

[11] -

[12] Ýöne ekizler heniz dogulmanka, heniz ýamanlyk ýa ýagşylyk etmänkä, Hudaý Rebeka «Ulusy kiçisine gul bolar» diýip aýdypdy. Bu sözler saýlanyp-seçilmäniň ynsan işlerine däl-de, diňe Çagyrana baglydygyny mälim etmek üçin aýdylypdy.

[13] Hawa, Mukaddes Ýazgylarda: «Men Ýakuby saýladym, emma Ysawy ret etdim» diýip ýazylgydyr.

[14] Muňa näme diýeli? Eýsem Hudaý adalatsyzmydyr? Elbetde, ýok!

[15] Sebäbi Ol Musa: «Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin» diýip aýdypdy.

[16] Şonuň üçin-de, saýlanyp-seçilme adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr.

[17] Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Müsüriň faraonyna: «Men Öz güýjümi sende görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen seni patyşa etdim» diýip aýdypdy.

[18] Şeýlelikde, Hudaý islänine rehim-şepagat edýär, isläniniň ýüregini gataldýar.

[19] Onda menden: «Eger şeýle bolsa, onda näme üçin Hudaý adamlary ýazgarýar? Onuň islegine garşy çykyp biljek barmy?» diýip soramagyň mümkin.

[20] Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi?

[21] Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan islän gabyny: birini toý-baýramlar üçin, beýlekisini gündelik işler üçin ýasamaga haky ýokmy näme?

[22] Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir!

[23] Hudaý Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine Öz şöhratynyň baýlygyny bildirmek üçin şeýle sabyr-takatly bolýandyr.

[24] Hudaýyň şeýle merhemet edenleriniň we çagyranlarynyň arasynda diňe ýahudylar däl, eýsem başga milletler hem bardyr. Hawa, bularyň arasynda biz hem bardyrys.

[25] Hudaý Hoşeýa pygamber arkaly şeýle diýýär: «Meniň halkym bolmadyga „Halkym“ diýerin, söýgüli bolmadyga „Söýgülim“ diýerin.

[26] Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „Siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler».

[27] Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.

[28] Çünki Reb Öz çykaran hökümini tutuş ýer ýüzünde tizara we gutarnykly amala aşyrar».

[29] Işaýa hem öňden şulary aýdypdy: «Eger Hökmürowan Reb zürýatlarymyzy aman galdyrmadyk bolsady, Sodom ýaly bolardyk, Gomora meňzärdik».

[30] Bu näme diýildigi? Hudaýyň huzurynda aklanmaga ymtylmadyk milletler iman edip, aklandylar.

[31] Ysraýyl halky bolsa Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanmakçy boldy, ýöne muny başarmady.

[32] Näme üçin? Sebäbi olaryň ymtylyşlary imana däl-de, Kanuna daýandy. Olar «Büdreme daşyna» büdrediler.

[33] Hudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».

Rimliler — Chapters