[1] Eý, doganlar, ysraýyl halkynyň halas bolmagy meniň köňül küýsegimdir. Men bu hakda elmydama Hudaýa doga-dileg edýärin.
[2] Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok.
[3] Olar Hudaýyň dogrulygyna düşünmediler. Şonuň üçin-de, Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanjak bolup, Hudaýyň dogrulygyna tabyn bolmadylar.
[4] Isa Mesih bolsa bu Kanunyň maksadyny amala aşyrdy. Şonuň üçin-de, Oňa iman edýän her kes Hudaý tarapyndan aklanandyr.
[5] Kanuna daýanýan dogrulyk barada Musa şeýle ýazýar: «Ony berjaý edýän adam aman galar».
[6] Imana daýanýan dogrulyk barada, bolsa ol şeýle diýýär: «„Ol ýere kim çykar?“, (ýagny Mesih i göklerden indirmek üçin), „Düýpsüz çukura kim iner?“, (ýagny Mesih i direltmek üçin) – diýip, öz-özüňden sorama».
[8] Şeýle-de, imandan bolan dogrulyk: «Bu söz saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda we ýüregiňdedir» diýýär. Bu söz bolsa biziň wagyz edýän imanymyz hakdaky habardyr.
[9] Şoňa görä-de, eger sen agzyň bilen Isa Mesih iň Rebdigini ykrar etseň, Hudaýyň Ony ölümden direldenine ýürekden iman etseň, halas bolarsyň.
[10] Çünki çyn ýürekden iman edýän adam aklanar, agzy bilen ykrar edýän hem halas bolar.
[11] Mukaddes Ýazgylar hem: «Oňa bil baglan utandyrylmaz» diýýändir.
[12] Bu ýahudylara-da, beýleki milletlere-de degişlidir. Sebäbi hemmeleriň Rebbi birdir, Ol Özüni çagyrýanlaryň baryna sahydyr.
[13] Çünki: «Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar».
[14] Ýöne adamlar Hudaýa iman etmeseler, Ony nädip çagyrsyn? Hudaý barada eşitmeseler, Oňa nädip iman etsin? Hudaý barada wagyz edilmese, adamlar Ol barada nädip eşitsin?!
[15] Eger wagyzçylar iberilmese, nädip wagyz edilsin? Wagyzçylar barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Hoş Habary yglan edýäniň gelşi ne gözeldir!».
[16] Ýöne bu habary hemmeler kabul etmedi. Işaýa hem bu barada: «Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?» diýip soraýar.
[17] Şunlukda, iman eşitmekden, hawa, Isa Mesih hakdaky Hoş Habary eşitmekden döreýändir.
[18] Ýöne men şuny soramakçy: eýsem ysraýyl halky Hoş Habary eşitmedimi? Elbetde, eşitdi, sebäbi Mukaddes Ýazgylarda şeýle ýazylgydyr: «Tutuş ýer ýüzüne ýaýrandyr olaň owazy, dünýäniň dört künjegine – olaň sözleri».
[19] Indi şuny hem soraýyn: ýa ysraýyl halky düşünmedimikä? Elbetde düşündi, sebäbi Hudaý Musa arkaly olara: «Men hem millet bolmadyklar bilen seni gabandyraryn, akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin» diýipdi.
[20] Işaýa hem: «Meni agtarmaýanlar Meni tapdylar, Meni soramaýanlara Özümi aýan etdim» diýip, Rebbiň sözlerini batyrgaýlyk bilen mälim edýär.
[21] Ysraýyl hakda bolsa Reb: «Men pitneçi we özdiýenli halka günuzyn ellerimi uzadyp otyryn» diýip aýdýar.