Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:51

[1] Iordan derýasynyň günbataryndaky ähli amor hanlary we deňziň ýakasynda ýaşaýan ähli kengan hanlary ysraýyllar Iordan derýasyndan geçýänçä, Rebbiň ony guradandygyny eşidenlerinde, olaryň ýüregi bükgüldedi. Ysraýyllar sebäpli olarda hiç hili güýç-gurbat galmady.

[2] Şol wagt Reb Ýeşuwa: «Çakmak daşyndan pyçaklar ýasa we öň ysraýyllaryň ata-babalarynyň sünnetlenişi ýaly, bulary hem sünnetle» diýdi.

[3] Şeýlelikde, Ýeşuwa özüne aýdylyşy ýaly etdi we sünnet edilýän ýer Gibegat Haralot diýlip atlandyryldy.

[4] Ýeşuwanyň ysraýyllary näme üçin sünnetländiginiň sebäbi şudur: Müsürden çykyp gaýdan, söweş ýaşyna ýeten ähli erkekler ýöriş edenlerinde ýolda, çölde öldüler.

[5] Müsürden çykan şol erkekleriň hemmesi sünnetlenendi, emma soňra çölde doglan oglanlar sünnetlenmedikdiler.

[6] Ysraýyl halky kyrk ýyllap çölde sergezdan gezdi. Müsürden çykan urşujylaryň hemmesi öldi, çünki olar Rebbiň sözüne gulak asmandylar. Ata-babalaryna ant içip, söz beren süýt we bal akýan ýurdy Reb olara görkezmejekdigine kasam etdi.

[7] Şol adamlaryň ogullary ösüp kemala geldi, emma olar sünnetlenmändiler, ine, şol sebäpli Ýeşuwa olary sünnetledi.

[8] Halkyň ähli erkekleri sünnetlenenden soň tä gutulýançalar düşelgede galdylar.

[9] Soňra Reb Ýeşuwa: «Bu gün Men sizden Müsür gulçulyk ryswasyny aýryp taşladym» diýdi. (Şol ýer häzirki güne çenli hem Gilgal diýlip atlandyrylýar).

[10] Aýyň on dördi güni agşam ysraýyllar Ýeriho düzlügindäki Gilgalda düşlänlerinde Pesah baýramyny bellediler.

[11] Ertesi gün olar Kenganyň hasylyndan birinji gezek petir we gowurga iýdiler.

[12] Olar bu ýurduň önümlerinden birinji gezek iýen gününiň ertesi mannanyň ýagmasy galdy. Ysraýyllar şondan soň manna ýaganyny görmediler. Olar şol ýyl Kengan ýurdunda bitýän iýmitlerden iýdiler.

[13] Ýeşuwa Ýeriho galasyna golaý baryp, başyny galdyryp seredende, onuň eli syrma gylyçly duran bir adama gözi düşdi. Ýeşuwa onuň ýanyna baryp: «Sen hem biziňkileriň birimiň ýa-da duşmanmysyň?» diýip sorady.

[14] Ol adam: «Hijisi hem däl. Men Rebbiň gökdäki goşunynyň serkerdesi, ýaňyja geldim» diýip jogap berdi. Ýeşuwa ýere ýüzin düşüp sežde etdi we oňa: «Agam, sadyk guluňa näme hyzmat?» diýip sorady.

[15] Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi.

[16] Şol wagty Ýerihonyň derwezeleri ysraýyllardan gorkýandyklary üçin gulply goralyp saklanýardy. Hiç kim ol ýere girip-de, çykyp-da bilmeýärdi.

Ýeşuwa — Chapters