[1] Şeýle hem, günbatardaky manaşa tiresi üçin bije atyldy. Manaşa Ýusubyň nowbahar ogludy. Manaşanyň ilkinji ogly, Gilgadyň kakasy Makyr ökde urşujy bolandygy üçin, bije boýunça onuň urugyna Gilgat we Başan berlipdi.
[2] Manaşa tiresiniň beýleki uruglarynyň: Abygezeriň, Helegiň, Asryýeliň, Şekemiň, Heperiň we Şemidanyň hem bije boýunça Iordan derýasynyň günbatar tarapynda paýlary bardy.
[3] Manaşanyň ýuwlugy, Makyryň çowlugy, Gilgadyň agtygy, Heperiň ogly Selophadyň ogul perzendi ýokdy. Onuň diňe bäş gyzy bolup, olaryň atlary şulardyr: Mahla, Noga, Hogla, Milka we Tirsa.
[4] Olar Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ýolbaşçylaryň ýanyna gelip, olara: «Reb Musa agalarymyzyň uruglary bilen birlikde bize hem mülk ýer bermegi buýrupdy» diýdiler. Ýeşuwa Rebbiň buýrugyna görä, olara hem bäş agasynyň uruglarynyň arasynda mülk berdi.
[5] Şeýlelikde, günbatardaky manaşa tiresine on paý ýer berildi. Sebäbi Manaşanyň gyz gowluklary hem ogul gowluklary bilen birlikde mülk aldylar. Manaşa tiresiniň beýleki uruglaryna Iordan derýasynyň gündogar tarapynda mülk berildi.
[7] Manaşa tiresiniň Iordan derýasynyň günbatarynda tutýan meýdany Aşerden başlap, Mikmetada çenli, ýagny Şekemiň gündogar tarapyna çenli uzalyp, ol ýerden araçäk günorta tarap Eýntapuwanyň ýaşaýjylaryna çenli ýetýär.
[8] Tapuwa galasynyň daş-töweregi Manaşa degişlidi, emma Tapuwa galasy efraýymlylara degişli bolan Manaşanyň araçäginde ýerleşýärdi.
[9] Soňra araçäk Kana akymynyň günorta tarapy bilen aşak düşýär. Akymyň günortasyndaky galalar Manaşada ýerleşseler-de, Efraýyma degişli bolupdyr. Manaşanyň araçägi akymyň demirgazyk tarapynda bolup, ol Ortaýer deňzinde gutarýar.
[10] Günorta tarap Efraýyma, demirgazyk bolsa Manaşa degişli bolup, olaryň günbatar araçägi Ortaýer deňzi bolupdyr. Olaryň demirgazyk-günbatar tarapy – Aşer, demirgazyk-gündogar tarapy bolsa Ysakar bolupdyr.
[11] Ysakardan we Aşerden manaşalara obalary bilen Beýtşeýany, Iblegamy, şeýle-de Doruň (bu deňiz kenarynda), Endoruň, Tagnagyň, Megidonyň ilatyny we obalaryny berdiler.
[12] Manaşalar ol galalaryň ýaşaýjylaryny kowup çykaryp bilmediler we kenganlar öz ýerlerinde galyp, ýaşamaklaryny dowam etdirdiler.
[13] Ysraýyllar güýçlenenden soňra, kenganlary özleri üçin mejbury iş edýänlere öwürdiler. Emma olary bütinleý kowup çykarmadylar.
[14] Ýusubyň nesilleri Ýeşuwa: «Näme üçin sen bize bir bije paý we bir mülk ýer berýärsiň? Biziň bolsa adam sanymyz köp, bizi Reb ýalkady» diýdiler.
[15] Ýeşuwa olara: «Eger siziň adam sanyňyz köp bolsa we Efraýym daglyklary size darlyk edýän bolsa, onda tokaýlara gidiň-de, şol ýerde perizleriň we rapalaryň ýerinden özüňize ýer açyň» diýdi.
[16] Ýusubyň nesilleri oňa: «Bu daglyk meýdanlar biziň üçin ýeterlik däl. Düzlükde ýaşaýan ähli kenganlaryň, şeýle hem, Beýtşeýanda, onuň obalarynda we Ýizregel jülgesinde ýaşaýanlaryň demir söweş arabalary bar» diýdiler.
[17] Soňra Ýeşuwa Ýusubyň nesilleri bolan manaşalara we efraýymlara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz köp sanly we sizde uly güýç bar, şonuň üçin hem size diňe bir bije paý berip goýmaly däldir.
[18] Daglyk meýdanlar siziňki bolar. Ol ýer tokaýlyk bolsa-da, siz ony arassalasaňyz, onuň daşky serhetlerine çenli siziňki bolar. Kenganlaryň demir söweş arabalary bar bolsa-da, güýçli bolsalar-da, siz olary kowup çykarmagy başararsyňyz».