[1] Ýusubyň nesilleriniň paýyna bije boýunça Ýerihonyň golaýyndaky Iordandan Ýeriho çeşmesiniň gündogaryna çenli bolan ýerler we Ýerihodan başlanyp, Beýtel daglygyna uzalyp gidýän çöllük düşdi.
[2] Araçäk Beýtelden Luza çykyp, Atarotda ýaşaýan arklaryň ýerine çenli barýar.
[3] Soňra ol günbatara tarap aşak düşüp, ýapletleriň araçägine, aşaky Beýthoronyň we Gezeriň araçägine çenli gelip, deňizde tamamlanýar.
[4] Şeýlelikde, manaşa tiresiniň ýarysy we efraýym tiresi mülk ýerlerini aldylar.
[5] Efraýymlaryň uruglaryna görä alan ýerleriniň araçägi şular bolupdyr: olaryň mülk ýerleriniň gündogar araçägi Atarotaddar bolup, ol ýokarky Beýthorona çenli barýar.
[6] Ol ýerden araçäk Ortaýer deňzi bilen dowam edip, Mikmetadyň demirgazygyna gelýär we Tanatşylonyň gündogar tarapyna öwrülip, Ýanowanyň gündogaryndan geçýär.
[7] Ýanowadan Atarotaddara we Nagara çenli aşak düşüp, Ýeriho birigip, Iordana baryp ýetýär.
[8] Araçäk Tapuwadan çykyp, günbatara Kana jülgesine tarap uzalyp gidýär-de, Ortaýer deňzine ýetip gutarýar. Ine, efraýym ýarym tiresine olaryň uruglaryna görä berlen ýerler şulardan ybarat.
[9] Efraýym nesillerine bular bilen birlikde manaşalara degişli bolan galalardyr obalar hem bölünip berildi.
[10] Efraýymlar Gezerde ýaşaýan kenganlary kowup çykarmadylar. Kenganlar şu günler hem efraýymlaryň işini etmäge mejbur edilip, olaryň arasynda ýaşap ýörler.