[1] Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.
[2] Ýerihonyň hanyna: «Ýurdumyzy gizlinlikde gözden geçirmek üçin, gije bu ýere birnäçe näbelli ysraýyllar gelipdir» diýip habar berildi.
[3] Şonda Ýeriho hany Rahaba şeýle buýruk iberdi: «Öýüňe gelen adamlary biziň elimize ber! Sebäbi olar biziň tutuş ýurdumyzy gözden geçirmek üçin gelipdirler».
[4] Emma bu aýal ol iki adamy öz öýünde gizläp, hanyň iberen adamlaryna: «Dogrudan-da, meniňkä adamlar geldiler, ýöne olaryň niredendiklerinden meniň habarym ýok.
[5] Olar garaňky düşüp, gala derwezesiniň ýapylýan wagty çykyp gitdiler, olaryň nirä gidendiklerini men bilemok. Haýal etmän yzlaryndan kowsaňyz, olary ele salmagyňyz mümkin» diýdi.
[6] Emma Rahap ol adamlary üçegiň ýokarsyna çykaryp, ol ýerdäki zygyr üýşmeginiň arasynda gizläpdi.
[7] Kowguçylar galadan çykan badyna derwezeler ýapyldy. Olar ysraýyl içalylaryny gözläp, tä Iordan derýasynyň güzerine çenli gitdiler.
[8] Bu adamlar ýatmankalar, Rahap tamyň üçegine çykyp, olaryň ýanyna geldi
[9] we olara şeýle diýdi: «Rebbiň bu ýurdy size berendigini men bilýärin. Bizi gorky gurşap aldy we bu ýeriň ähli ilaty siz sebäpli dowla düşdi.
[10] Müsürden çykanyňyzda, Rebbiň siziň öňüňizde Gyzyl deňziň suwuny guradandygyny biz eşitdik. Iordan derýasynyň gündogaryndaky amorlaryň Sihon hem-de Og diýen iki hanyny siziň bütinleý ýok edendigiňizden hem habarymyz bar.
[11] Bulary eşidenimizde, ýüregimiz bükgüldedi, sizden gorkymyz sebäpli bizde ysgyn-mydar galmady. Siziň Hudaýyňyz Reb gökde hem, ýerde hem Hudaýdyr.
[12] Şoňa görä-de, meniň size rehimdarlyk edişim ýaly, siziň hem maňa we atamyň maşgalasyna rehim etjekdigiňize öz Hudaýyňyz Rebden ant içiň. Size doly ynanar ýaly maňa bir nyşan beriň.
[13] Meniň ata-enemi, erkek we aýal doganlarymy, olara degişli bolanlaryň hemmesini diri galdyrjakdygyňyza, bizi ölümden halas etjekdigiňize söz beriň».
[14] Olar Rahaba: «Eger biziň işimiziň syryny açmasaň, onda, goý, janymyz size pida bolsun! Reb bu ýurdy bize beren wagtynda, biz hem size, hakykatdan-da, rehimdarlyk ederis» diýdiler.
[15] Ol aýalyň öýi galanyň diwarynda ýerleşýärdi. Rahap penjireden tanap sallap, ol adamlary aşak düşürdi.
[16] Onsoň Rahap olara: «Kowguçylara duşmazyňyz ýaly daglyga tarap gidiň we olar yzyna dolanyp gelýänçäler, üç günläp ol ýerde gizleniň, soňra öz ýoluňyz bilen gidiberiň» diýdi.
[17] -
[18] Ol adamlar Rahaba şeýle diýdiler: «Eger biz bu ýurdy basyp alanymyzda, bizi aşak düşüren penjiräňe şu gyzyl ýüpi daňmasaň we kakaňy, ejeňi, doganlaryňy, ataňyň ähli maşgalasyny öz öýüňe ýygnamasaň, biz hem seniň içiren antyňdan azatdyrys.
[19] Eger-de kimde-kim seniň öýüňden daşary çyksa, ol ölümini özünden görsün, bu biziň günämiz bolmaz, emma seniň bilen öýüňde bolan adama el göterilse, onda biz onuň ölümini öz üstümize alýarys.
[20] Ýatdan çykarma, eger sen biziň işimiziň syryny açaýsaň, biz hem seniň içiren antyňdan azatdyrys».
[21] Rahap: «Siziň aýdyşyňyz ýaly bolar» diýip, olary ugradyp goýberdi we olar gidensoň, gyzyl ýüpi penjirä daňdy.
[22] Olar gidişine daglyga bardylar. Kowguçylar olary gözläp, ýoluň ähli ýerlerini agtardylar, emma tapmadylar. Kowguçylar yzyna dolanýançalar, olar üç günläp daglykda boldular.
[23] Şeýlelikde, ol iki adam daglykdan geçip, yzyna gaýtdy. Olar Iordan derýasyndan geçip, Nunuň ogly Ýeşuwanyň ýanyna geldiler we bolan işleriň hemmesini oňa gürrüň berdiler.
[24] Olar Ýeşuwa: «Dogrudan-da, Reb tutuş ýurdy biziň elimize beripdir. Ol ýerde ýaşaýan ähli halk biz sebäpli dowla düşýär» diýdiler.