[1] Lewi tiresiniň ýolbaşçylary Elgazar ruhanynyň, Nunuň ogly Ýeşuwanyň we ähli Ysraýyl tireleriniň urugbaşylarynyň ýanyna geldiler.
[2] Lewiler Kengan ýurdunyň Şilo galasyna gelip, olara: «Reb bize ýaşamak üçin galalar we iri şahly mallarymyz üçin öri meýdanlar bermegi Musa arkaly buýrupdy» diýdiler.
[3] Şeýlelikde, Rebbiň buýrugy boýunça ysraýyllar lewilere öz mülk ýerlerinden şu aşakdaky galalary we öri meýdanlaryny berdiler.
[4] Ilkinji kohat urugynyň bijesi çykdy. Lewilerden bolan Harun ruhanynyň nesillerine bije boýunça ýahuda, şimgon we benýamin tirelerinden saýlanyp, on üç gala berildi.
[5] Beýleki galan kohat urugyna bije boýunça efraýym, dan tirelerinden we günbatardaky manaşa tiresinden on gala berildi.
[6] Gerşon urugy hem bije atyşykda ysakar, aşer, naftaly tirelerinden we Başandaky manaşa tiresinden özlerine on üç gala aldylar.
[7] Merary urugy özlerine ruben, gat we zebulun tirelerinden on iki gala aldylar.
[8] Şeýlelikde, ysraýyllar Rebbiň Musanyň üsti bilen buýruşy ýaly, bu galalary öri meýdanlary bilen birlikde lewilere bije boýunça paýlap berdiler.
[9] Ysraýyllar lewilerden bolan kohat urugyndan Harunyň nesillerine ýahuda we şimgon tireleriniň haýsy galalaryny bermelidigini kesgitlediler, sebäbi olaryň bijesi birinji çykypdy.
[11] Ysraýyllar olara Kirýatarbany (Arba Anagyň kakasydy) beripdirler. Bu Ýahuda daglygyndaky Hebron galasy bolupdyr, onuň daş-töweregini öri meýdan tutýar.
[12] Emma galanyň ýakynyndaky açyk meýdanlaryny we onuň obalaryny bolsa Ýepunne ogly Kalep mülk ýer hökmünde alypdy.
[13] Harun ruhanynyň nesillerine ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Hebron galasyny we Libnany,
[14] Ýatyry, Eştemowany,
[15] Holony, Debiri,
[16] Aýyny, Ýutany, Beýtşemeşi, olaryň her biriniň öri meýdanlary bilen bile bu iki tireden jemi dokuz gala berdiler.
[17] Olar benýamin tiresinden hem şu galalary aldylar: Gibgony, Gebany,
[18] Anatody we Almony, olaryň hersiniň öri meýdanlary bilen bile jemi dört gala.
[19] Şu sanalan on üç gala öri meýdanlary bilen bile Harun ruhanynyň nesillerine berildi.
[20] Lewileriň kohat nesliniň galan bölegi bije boýunça efraýym tiresinden galalar aldylar.
[21] Olar ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Efraýym daglygyndaky Şekem galasyny, şeýle hem Gezeri,
[22] Kibsaýymy, Beýthorony öri meýdanlary bilen bile olara berdiler. Bular jemi dört galadyr.
[23] Olar dan tiresinden Elteke, Gibeton,
[24] Aýalon we Gatrimmon galalaryny öri meýdanlary bilen bile aldylar. Bular jemi dört galadyr.
[25] Olara günbatardaky manaşa tiresinden şu galalary: Tagnagy, Gatrimmony – jemi iki galany öri meýdanlary bilen bile berdiler.
[26] Şu ýokarda sanalan on gala, öri meýdanlary bilen birlikde kohat nesilleriniň galan bölegine berildi.
[27] Lewileriň gerşon urugyna gündogardaky manaşa tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan Başandaky Golan galasy we Beýeşterag – jemi iki gala, olaryň öri meýdanlary bilen bile berildi.
[28] Ysakar tiresinden bolsa olara Kişýon, Daberat,
[29] Ýarmut, Eýngannym galalaryny – jemi dört galany olaryň öri meýdanlary bilen bile aldylar.
[30] Aşer tiresinden olara Mişal, Abdon,
[31] Helkat we Rehop galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi.
[32] Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary – jemi üç gala öri meýdanlary bilen bile berildi.
[33] Şu sanalan on üç gala, olaryň öri meýdanlary bilen birlikde gerşon urugyna berildi.
[34] Lewileriň galan merary urugyna bolsa zebulun tiresinden galalar berildi. Olara Ýoknegam, Korta,
[35] Rimmon, Nahalal galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi.
[36] Ruben tiresinden olara Beser, Ýahsa,
[37] Kedemot, Meýpagat galalary – jemi dört gala hersiniň öri meýdanlary bilen bile berildi.
[38] Gat tiresinden olara ganhorlara gaçybatalga edilip bellenen Gilgatdaky Ramot galasy we Mahanaýym,
[39] Heşbon, Ýazer galalary öri meýdanlary bilen bile berildi. Bular jemi dört galadyr.
[40] Şeýlelikde, lewileriň galan merary urugynyň paýyna bije boýunça jemi on iki gala düşdi.
[41] Ysraýyllardan lewilere mülk hökmünde berlen galalaryň jemi öri meýdanlary bilen birlikde kyrk sekiz boldy.
[42] Şol galalaryň her biriniň daş-töweregini öri meýdan gurşap alýardy. Öri meýdansyz ýekeje-de gala ýokdy.
[43] Ine, Reb ysraýyllaryň ata-babalaryna ant içip söz beren ýeriniň ählisini olara berdi. Olar bu ýerleri eýeläp, ol ýerde ýaşadylar.
[44] Reb olaryň ata-babalaryna söz berşi ýaly, olara ähli tarapdan parahatçylyk berdi. Olaryň duşmanlarynyň ýekejesi hem olaryň öňünde durup bilmedi. Reb olaryň duşmanlaryny öz ellerine berdi.
[45] Rebbiň Ysraýyl nesillerine beren ajaýyp wadalaryndan ýekeje sözi hem ýerine ýetmän galmady. Olaryň ählisi hakykat ýüzünde berjaý boldy.