Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 6:13

[1] Hasor hany Ýabyn ysraýyllaryň bu ýeňişleri hakynda eşidende, Madonyň hany Ýobaba, Şimron hanyna we Akşap hanyna,

[2] şeýle hem, demirgazyk daglyklarda ýaşaýan hanlara, Kinnerediň günortasyndaky Araba düzlüginde, günbatar baýyrlykda we günbatar Napotdorda ýaşaýan hanlara,

[3] gündogar we günbatar kengan hanlaryna, daglyklarda ýaşaýan amorlara, hetlere, perizlere, ýabuslara we Hermon dagynyň etegindäki Mispa ülkesinde ýaşaýan hiwilere kömek etmeklerini sorap habar iberdi.

[4] Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we söweş arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge ýaly köpdi, ägirt uly goşundy.

[5] Ol hanlaryň hemmesi ysraýyllara garşy söweşmek üçin birleşip, Merom çeşmesiniň ýanynda düşelge gurdular.

[6] Reb Ýeşuwa: «Sen olardan gorkma, sebäbi ertir şu wagtlar Men olaryň ählisini öldürip, ysraýyllaryň eline berjekdirin. Siz olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwüň we arabalaryny otlaň» diýdi.

[7] Şeýlelikde, Ýeşuwa ähli urşujylar bilen bile Merom çeşmesine duýdansyz gelip, olaryň üstüne çozdy.

[8] Reb olary ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyllar olary gylyçdan geçirdiler we Beýik Sidona, Misrepot Maýyma, gündogarda Mispe jülgesine çenli olaryň yzyndan kowup, olaryň iň soňkusyna çenli gyryp öldürdiler.

[9] Ýeşuwa Rebbiň özüne buýruşy ýaly edip, olaryň atlarynyň toýnaklaryny döwdi, at-arabalaryny bolsa otlady.

[10] Şol wagtyň özünde Ýeşuwa yzyna dolanyp gelip, Hasory basyp aldy we onuň hanyny gylyçdan geçirdi. (Hasor şol wagtky hanlyklaryň iň beýigidi.)

[11] Şeýle hem, ysraýyllar onuň içindäki ähli ýaşaýjylaryny gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdiler, ol ýerde ýekeje-de diri janly-jandar galdyrmadylar. Hasor galasyny bolsa oda berdiler.

[12] Rebbiň guly Musanyň buýruşy ýaly, Ýeşuwa bu galalaryň hemmesini basyp alyp, onuň hanlarynyň ählisini gylyçdan geçirip, bütinleý ýok etdi.

[13] Ysraýyllar Ýeşuwanyň otlan Hasor galasyndan başga, depelerde gurlan galalaryň hijisini otlamadylar.

[14] Galadaky olja alnan ähli zatlary we mal-garalary özlerine aldylar. Ilatyny bolsa iň soňkusyna çenli gylyçdan geçirip gyrdylar, ýekejesini hem diri galdyrmadylar.

[15] Edil Rebbiň Öz guly Musa buýruşy ýaly, Musa-da Ýeşuwa edil şonuň ýaly buýrupdy. Ýeşuwa buýrugy ýerine ýetirdi. Ol Rebbiň Musa beren buýruklarynyň ýekejesini-de galdyrman, ählisini berjaý etdi.

[16] Şeýdip, Ýeşuwa şu ähli ýerleri: daglyklary, tutuş Negep çölüni, Goşeniň ähli ýerini, günbatar baýyrlyklary, Araba düzlügini we Ysraýyl daglyklaryny baýyrlary bilen,

[17] Segir bilen ýanaşyk Halak dagyndan tä Hermon dagynyň günortasynda Liwan jülgesindäki Bagalgat galasyna çenli ýerleri basyp aldy we ol ýerleriň ähli hanlaryny boýun egdirip, olary gylyçdan geçirip öldürdi.

[18] Ýeşuwa ol hanlaryň hemmesi bilen uzak wagtlap urşupdy.

[19] Gibgonda ýaşaýan hiwilerden başga, ýekeje gala-da ysraýyllar bilen ýaraşyk baglaşmady. Beýlekileriň hemmesini söweşip aldylar.

[20] Çünki ysraýyllara garşy söweşmekleri üçin olaryň ýüreklerini gatadan hut Rebbiň Özüdi. Edil Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar olara hiç hili rehim-şepagat etmän, bütinleý ýok etdiler.

[21] Şol wagt Ýeşuwa gidip, daglyklarda ýaşaýan anaklary gyrdy. Ýeşuwa Hebronda, Debirde, Anapda, tutuş Ýahuda we Ysraýyl daglyklarynda ýaşaýan anaklary galalary bilen birlikde bütinleý ýok etdi.

[22] Ysraýyllaryň ýerinde anaklardan ýekejesi hem galmady. Diňe Gazada, Gatda we Aşdotda olaryň ýek-tüki galdy.

[23] Şeýdip, Ýeşuwa Rebbiň Musa basyp almaly diýen ýerleriniň hemmesini aldy we ol ýerleri bölüp, ysraýyllaryň tireleri boýunça olara mülk edip paýlap berdi. Şunlukda, ýer uruşdan dynyp rahatlandy.

Ýeşuwa — Chapters