Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 1:56

[1] Ýahudada Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň hem Hizkiýanyň, Ysraýylda Ýehowaş ogly Ýarobgamyň patyşalyk eden döwründe, Beýeriniň ogly Hoşeýa Rebbiň sözi aýan boldy.

[2] Hoşeýa Rebbiň sözüniň başlangyjy: Reb Hoşeýa: «Git-de, zynagär aýala öýlen. Ol saňa başga erkeklerden çaga dogrup berer. Çünki bu ýurt Rebden daşlaşyp, bütinleý zyna edýär» diydi.

[3] Onsoň Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa üçin bir ogul dogurdy.

[4] Reb oňa aýtdy: «Ogluň adyna Ýizregel dak, çünki az wagtdan Ýizregeliň gany üçin, Ýehunyň nesline jeza bererin, Ysraýyl patyşalygyny tamamlaryn.

[5] Şol gün Ýizregel deresinde Ysraýylyň ýaýyny döwerin».

[6] Gomer ýene-de göwreli bolup, gyz dogurdy. Reb Hoşeýa aýtdy: «Gyzyň adyna Loruhama dak, çünki mundan buýana Ysraýyl öýüne rehim edip günälerini geçmerin.

[7] Ýahuda öýüne welin rehim ederin. Men olary ýaý, gylyç, uruş, atlar ýa atlylaryň üsti bilen däl-de, özleriniň Hudaýy Rebbiň güýji bilen halas ederin».

[8] Gomer Loruhamany süýtden aýransoň, göwreli bolup, ogul dogurdy.

[9] Reb Hoşeýa şeýle diýdi: «Adyna Logammy dak. Çünki siz-ä Meniň halkym däl, Menem siziň Hudaýyňyz däldirin.

[10] Ysraýyl ogullary deňiz kenaryndaky çäge ýaly san-sajaksyz we möçbersiz köp bolar. Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde, „siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler.

[11] Ýahuda we Ysraýyl halklary ýaňadan birleşer, özlerine bir baş belläp, ýurtda güllärler. Çünki Ýizregeliň güni beýik bolar».

Hoşeýa — Chapters