Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:07

[1] «Surnaýy dodagyňa ýetir. Çünki çaýkel Rebbiň öýüniň üstünden aýlanýar. Olar Meniň ähtimi bozdy, kanunyma garşy çykdylar.

[2] „Hudaýymyz, biz – Ysraýyl Seni tanaýarys“ diýip, Maňa perýat edýärler.

[3] Ysraýyl ýagşylygy ret etdi. Duşman ony yzarlar.

[4] Menden soraşman, özlerine patyşalar bellediler. Menden soragsyz serdarlary seçdiler. Kümüşden, altyndan özlerine weýrançylyk getirýän butlar ýasadylar.

[5] Eý, Samariýa, Men seniň göle butuňy bütinleý ret etdim. Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady. Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?

[6] Çünki bu but Ysraýylyň işidir. Ony ussa ýasady. Ol Hudaý däldir. Samariýanyň gölesi bölek-bölek bolar.

[7] Olar ýel ekip, tupan orarlar. Sümmülsiz bugdaý un bermez. Hasyl beräýse-de, özgeler iýer.

[8] Ysraýyl ýuwudylandyr. Olar başga milletleriň arasynda dereksiz gap bolup galdy.

[9] Olar ýeke aýlanýan gulan ýaly, Aşura gitdiler. Efraýym özüne oýnaşlary satyn aldy.

[10] Olary başga halklar ýaran bolmaga satyn alsa, Men olary toplap ýygnaryn. Olar tizara beýik patyşanyň salgydyndan sandyrarlar.

[11] Efraýym günä gurbanlyk bermäge, köp gurbanlyk sypalaryny gurdy. Bu gurbanlyk sypalary günä mesgeni boldy.

[12] Näçe köp kanunlar ýazsam, olar muny ýat zat hasap edýärler.

[13] Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar.

[14] Ysraýyl özüni Ýaradany unutdy. Özüne köşkler gurdy. Ýahuda hem galalary köpeltdi. Ýöne Men olaryň şäherine ot göndererin. Galalaryny ot ýuwudar».

Hoşeýa — Chapters