Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:43

[1] Ysraýyl bir gür şahaly üzüm agajydy, bol-bol miwe getirdi. Miwesi artdygyça, şonça köp gurbanlyk sypasyny gurdy. Topragy bereketli boldugyça, dikme daşlaryny bezedi.

[2] Olaryň ýüregi ýalançylykdan doldy. Ýazyklaryna görä jeza alarlar. Reb olaryň gurbanlyk sypalaryny dargatjak, dikme daşlaryny syndyrjak.

[3] Olar aýdarlar: «Bizde patyşa ýok, Rebden gorkmaýarys. Patyşa bolsa-da, bize näme edip bilerdi?»

[4] Boş gepleýärler, ýalan kasam bilen äht edişýärler. Şoňa görä-de «adalatly» işleri zäherli ot ýaly, sürlen meýdanda birden peýda bolýar.

[5] Samariýada ýaşaýanlar Beýtaweniň gölesi üçin gorkýarlar. Ilaty onuň üçin ýas tutar. Onuň şöhraty bilen joşan butparaz ruhanylar aglaýarlar. Çünki şöhraty ondan gitdi.

[6] Göle beýik patyşa üçin sowgat bolup, Aşura äkidiler. Efraýym masgaralanar, Ysraýyl agaç butundan uýada galar.

[7] Samariýa öz patyşasy bilen suwuň ýüzündäki çybyk ýaly akyp gider.

[8] Ysraýylyň günäsi bolan Awendäki seždegähler ýok ediler. Olaryň gurbanlyk sypalarynda ýandak hem gyzgan biter. Olar daglara: «Bizi örtüň!», baýyrlara: «Biziň depämize iniň!» diýerler.

[9] «Eý, Ysraýyl, Gibga günlerinden bäri günä etdiňiz. Olar şol taýda günälerini dowam etdiler. Pislik edýänlere garşy uruş Gibgada siziň üstüňizi basmazmyka?

[10] Men islän wagtymda olara temmi bererin. Öz etmişine iki esse daňlan wagtynda, milletler olaryň garşysyna birleşerler.

[11] Efraýym harman döwmegi söýýän öwrendikli gölä meňzeýärdi. Men onuň owadan boýnuna boýuntyryk salmadym. Indi Efraýyma boýuntyryk salaryn. Ýahuda ýer sürer, Ýakup bolsa mala basar».

[12] Özüňiz üçin dogrulyk ekip, sadyk söýgi hasylyny oruň. Tarp ýeriňizi işläň. Çünki Rebbe dileg etmek wagty geldi. Ol dogrulygy üstüňize ýagdyrar.

[13] Siz etmiş ekip, adalatsyzlyk orduňyz. Ýalanyň miwesinden iýdiňiz. Çünki siz öz ýoluňyza hem söweşijileriň köplügine baýryndyňyz.

[14] Halkyň arasynda uruş gopguny dörär. Şalmanyň söweş gününde Beýtarbeli weýran edip, eneler bala-çagalary bilen parçalanyşy ýaly, ähli galalaryň haraba öwrüler.

[15] Eý, Beýtel, pisligiňiziň köpdügi üçin, size hem şeýle ediler. Daň atanda ysraýyl patyşasy bütinleý heläk bolar.

Hoşeýa — Chapters