Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 3:31

[1] «Şol wagt seniň halkyňy goraýan baş serdar Mikaýyl öňe çykar. Şonda milletler döräli bäri görlüp-eşidilmedik jebir-jepaly döwür geler. Emma şol wagt seniň halkyňdan ady kitapda ýazylanlaryň ählisi halas bolar.

[2] Topragyň astynda ýatanlaryň köpüsi oýanar: olaryň kimsi ebedi ýaşaýşa gowşar, kimsi ebedi utanja we ýigrenje duçar bolar.

[3] Akylly adamlar asman şöhlesi deýin nur saçarlar, köp adamlary dogry ýola ündänler hem ýyldyzlar deý baky hem ebedilik ýagty saçarlar.

[4] Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».

[5] Soňra men Danyýel seredenimde, biri derýanyň bu kenarynda, beýlekisi ol kenarynda duran başga iki adamy gördüm.

[6] Suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamdan: «Bu geň zatlaryň soňy haçan geler?» diýip, olaryň biri sorady.

[7] Men suwuň ýokary akymynda eginbaşy nepis zygyr matadan edilen adamyň sag hem çep elini göge galdyryp, baky Ýaşaýanyň adyndan ant içip: «Bir wagta, iki wagta we ýarym wagta çenli dowam eder. Mukaddes halkyň güýji soňuna çenli bütinleý syndyrylandan soňra, bu zatlaryň ählisi doly tamamlanar» diýenini eşitdim.

[8] Men eşitdim, ýöne düşünmedim. Şonuň üçin ondan: «Jenabym, bu zatlaryň soňy nähili bolar?» diýip soradym.

[9] Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.

[10] Köpüsi günälerinden saplanar, köpüsi päklenip aklanar, emma ýaramaz adamlar şer işlerinden dönmezler. Ýaramaz adamlaryň hiç biri-de düşünmez, ýöne akylly adamlar düşünerler.

[11] Gündelik ýakma gurbanlygyň ýatyrylyp, weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň dikeldilen wagtyndan başlap, bir müň iki ýüz togsan gün geçer.

[12] Garaşyp, bir müň üç ýüz otuz bäş güne ýeten adam nähili bagtly!

[13] Emma sen ömrüňiň ahyryna çenli öz ýoluň bilen gidip, rahatlykda gözüňi ýumarsyň. Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň».

Danyýel — Chapters