Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:00

[1] «Ysraýyly ýaş wagtynda söýdüm, ony – oglumy Müsürden çagyrdym.

[2] Olar çagyryldygyça, Menden şonça uzaklaşdylar. Bagal butuna gurbanlyk berdiler, butlara ýakymly ysly tütetgi ýakdylar.

[3] Efraýyma ýöremegi Men öwretdim, golumda göterdim olary. Meniň aladamy olar bilmediler.

[4] Olary ynsanperwerlik ýüpleri, söýgi baglary bilen Özüme çekdim. Boýunlaryndan boýuntyryklaryny galdyrdym. Eglip olara iýmit berdim.

[5] Olar Müsüre dolanarlar. Aşur olara patyşalyk eder. Çünki olar tobany terk etdiler.

[6] Galalarynda gylyç ýalawlanyp, derweze gözeneklerini gyrar, olary niýeti-pälleri sebäpli ýok eder.

[7] Menden dänmek pikiri halkymyň ýüregine kök urdy. Beýik Hudaýy çagyrsalar-da, olara hiç medet bermez.

[8] Eý, Efraýym, Men senden nädip el çekeýin? Seni nädip terk edeýin, eý, Ysraýyl? Adma galasynda bolanlary saňa nädip bereýin? Seboýym galasyna edenimi saňa-da edeýinmi? Kalbymda ýüregim gobsundy. Meniň mährim ýylady.

[9] Gyzgyn gazabymy başyňyza indermerin. Efraýymy ýaňadan weýran etmerin. Çünki Men ynsan däl, Hudaýdyryn. Siziň araňyzda Mukaddes Bolan. Men gazap bilen gelmerin.

[10] Reb arslan ýaly nagra çeker. Olar Rebbiň yzyna eýererler. Nagra çekende, Onuň çagalary günbatardan titreşip geler.

[11] Müsürden guş ýaly, Aşurdan gögerçin ýaly titreşip gelerler. Olary öýlerine eltip goýaryn». Muny Reb aýdýandyr.

[12] Efraýym ýalançylyk, Ysraýyl hile-mekirlik bilen daşymy gurşady. Ýahuda bolsa heniz Hudaý bilen ýöreýär. Mukaddes Bolana sadyk bolýar.

Hoşeýa — Chapters