Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 2:10

[1] Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.

[2] Ýahuda bilen Rebbiň dawasy bar. Tutan ýoluna görä Ýakuba jezasyny berjek. Edenini garşysyna gaýtarjak.

[3] Ene garnyndaka, Ýakup öz doganynyň ökjesinden tutdy. Ýetişen çagynda Reb bilen göreşdi.

[4] Perişde bilen göreşip, ýeňdi. Aglap onuň göwnüni tapjak boldy. Hudaý ony Beýtelde tapdy. Şol ýerde biziň bilen gepleşdi.

[5] Hökmürowan Hudaý – Reb Onuň tanalýan adydyr!

[6] Indi sen Hudaýyň kömegi bilen oňa dolan. Sadyk söýgini we adalatlylygy saklap, hemişe öz Hudaýyňa umyt baglap göz dik.

[7] Efraýym täjirdir, elindäki galp terezisi bilen aldamagy söýýär.

[8] «Men baýadym – diýer Efraýym. – Özüm üçin gor topladym. Men näme iş edenem bolsam, hiç kim menden günä tapmaz».

[9] « Hudaýyň Reb Mendirin. Seni Müsürden çykardym. Baýramçylyklarda bolşy ýaly, seni ýene çadyrda ýaşadaryn.

[10] Men pygamberlere gepledim, Men köp aýanlyk gönderdim. Pygamberleriň üsti bilen tymsallar berdim».

[11] Gilgatda etmiş bar, olaryň halky nämynasyp. Gilgalda öküzleri gurbanlyk etdiler. Şol sebäpli olaryň gurbanlyk sypasy sürlen meýdandaky daş üýşmegi ýaly bolar.

[12] Ýakup Siriýa ýurduna gaçdy. Ysraýyl ol ýerde aýal almak üçin hyzmat etdi. Öýlenmäge goýun bakdy.

[13] Reb pygamber arkaly Ysraýyly Müsürden alyp çykdy. Pygamber üsti bilen ony gorady.

[14] Efraýym Taňryny berk gazaplandyrdy. Şonuň üçin Taňry dökülen gany onuň başyna getirer. Onuň masgara işini özüne gaýtarar.

Hoşeýa — Chapters