Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 5:51

[1] Elýaşa şeýle jogap berdi: «Rebbiň sözüni eşit. Ol şeýle diýýär: „Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda bir kersen saýlama un adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe, iki kersen arpa-da adaty baha, ýagny üç mysgala golaý kümşe satylar“».

[2] Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi.

[3] Samariýa galasynyň derwezesiniň daşynda dört sany ýokanç deri keselli adam bardy. Olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Näme üçin biz ölýänçäk, şu ýerde oturmaly?

[4] Gala gireli diýsek, galada elhenç açlyk höküm sürýär, biz ol ýerde öleris. Emma biz bu ýerde otursagam öleris. Gel, indi siriýalylaryň düşelgesine gaçyp gideli. Eger olar bizi diri galdyrsalar-a, ýaşarys, öldürseler-de öleris».

[5] Şeýdip, olar siriýalylaryň düşelgesine gitmek üçin alagaraňkyda turup, olaryň düşelgesiniň gyrasyndan bardylar. Ol ýerde hiç kim ýokdy.

[6] Çünki Taňry Siriýa goşunyna söweş arabalarynyňdyr atlarynyň sesini we ägirt uly goşunyň goh-galmagalyny eşitdiripdi. Olar biri-birlerine: «Ysraýyl patyşasy bize garşy uruşmak üçin Het patyşalaryny, Müsür patyşalaryny hakyna tutandyr» diýişdiler.

[7] Şeýdip, siriýalylar gorkup, çadyrlaryny, atlarydyr eşeklerini we düşelgedäki bar zatlaryny şol durşuna taşlap, öz janlaryny halas etmek üçin alagaraňkyda yzlaryna gaçyp gidipdiler.

[8] Bu ýokanç deri keselli adamlar düşelgäniň gyrasyna gelip, bir çadyra girip iýip-içdiler. Onsoň ol ýerden kümüş, altyn, egin-eşik äkidip, olary gizlediler. Soňra olar ýene-de yzlaryna öwrülip gelip, başga bir çadyra girdiler. Ol ýerdäki bar bolan zatlary äkidip, olary-da gizlediler.

[9] Onsoň olar biri-birlerine şeýle diýişdiler: «Biziň bu edişimiz dogry däl. Bu gün hoş habar günüdir. Eger biz dymyp, ertir daň atara garaşsak, biziň başymyza bela geler. Şonuň üçin hem ýörüň, gideliň-de, patyşanyň köşgündäkileriň baryna habar bereliň».

[10] Şeýdip, olar gelip, şäheriň derwezebanlaryny çagyrdylar we gygyryp: «Biz siriýalylaryň düşelgesine gitdik. Emma ol ýerde diňe daňylgy duran atlardyr eşeklerden we taşlap gidişleri ýaly duran çadyrlardan başga ne adam bar, ne-de ses-üýn» diýip habar berdiler.

[11] Ondan soň derwezebanlar gygyryp, patyşanyň köşgündäkilere jar etdiler.

[12] Patyşa gije turup, hyzmatkärlerine şeýle diýdi: «Siriýalylaryň bize näme etjek bolýandyklaryny men size aýdyp bereýin. Olar biziň açlykdan ýaňa ölüp barýanymyzy bilip, çölde gizlenmek üçin düşelgäni taşlap giden bolmalydyrlar. Siriýalylar: „Ysraýyllar şäherden çykanlarynda, biz olary diri tutarys-da, şähere gireris“ diýen pikirdedirler».

[13] Patyşanyň hyzmatkärleriniň biri: «Goý, birnäçe adam şäherde galan bäş aty alsyn-da, gidip, siriýalylaryň düşelgesini barlap gelsin. Çünki şäherde galanlaryň ykbaly-da edil öňki ölen ysraýyllaryňky ýaly bolar» diýdi.

[14] Şeýdip, olar iki adamy saýladylar, patyşa olary iki sany at we iki sany söweş arabasy bilen Siriýa goşunynyň yzyndan iberdi. Patyşa olara: «Gidiň-de, bar zady anyklaň» diýip buýruk berdi.

[15] Şeýdip, olar siriýalylaryň yzyndan Iordan derýasyna çenli gitdiler. Ýol boýy olaryň howlugyp, taşlap giden egin-eşiklerinden we beýleki goş-golamlaryndan doludy. Onsoň çaparlar yzlaryna dolanyp gelip, muny patyşa habar berdiler.

[16] Soň halk gidip, siriýalylaryň düşelgesini talady. Şeýdip, Rebbiň aýdyşy ýaly bir kersen saýlama un üç mysgala golaý kümşe, iki okara arpa-da üç mysgala golaý kümşe çalşyldy.

[17] Patyşa özüne iň ýakyn bolan nökerini derwezäniň agzynda goýdy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi. Patyşa Hudaýyň adamynyň ýanyna gelende, nöker Hudaýyň adamynyň aýdyşy ýaly ölüpdi.

[18] -

[19] Çünki Hudaýyň adamynyň patyşa: «Ertir şu wagtlar Samariýanyň derwezesiniň agzynda iki okara arpa üç mysgala golaý kümşe, bir okara saýlama un üç mysgala golaý kümşe çalşylar» diýende, patyşanyň iň ýakyn nökeri Elýaşa pygambere: «Eger Reb gökden penjireler açyp, däne ýagdyraýanda-da, heý, şeýle zat bolup bilermi?» diýipdi. Elýaşa pygamber hem: «Sen ony öz gözleriň bilen görersiň, ýöne sen ondan iýmersiň» diýip jogap beripdi.

[20] Ol nöker babatda hakykatdan hem şeýle boldy. Halk ony derwezäniň agzynda basalady we ol öldi.

2 Patyşalar — Chapters