[1] Şol döwürlerde Hizkiýa syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň“» diýdi.
[2] Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg etdi:
[3] «Saňa ýalbarýaryn, eý, Reb, meniň Saňa wepalylyk bilen ak ýürekden hyzmat edenimi hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla». Hizkiýa zar-zar aglady.
[4] Işaýa pygamber entek ortaky howludan çykmanka, oňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:
[5] «Yzyňa dolanyp bar-da, Meniň halkymyň hökümdary Hizkiýa atasy Dawudyň Hudaýy Rebbiň şeýle diýýändigini aýt: „Men seniň dilegiňi eşitdim, seniň gözýaşlaryňy gördüm. Men seni hökman sagaldaryn we üçünji güni sen Rebbiň öýüne bararsyň.
[6] Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn. Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi Özümiň we gulum Dawudyň hatyrasy üçin goraryn“».
[7] Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýdi.
[8] Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Rebbiň meni sagaltjakdygyna we üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorady.
[9] Işaýa Hizkiýadan: «Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur: şu wagt basgançakdaky kölege on basgançak öňe gitsinmi ýa-da on basgançak yza gaýtsynmy?» diýip sorady.
[10] Hizkiýa: «Kölegäniň on basgançak öňe uzamagy adaty zatdyr. Şonuň üçin-de, goý, kölege yza süýşsün» diýip jogap berdi.
[11] Işaýa pygamber Rebbi çagyrdy. Reb hem Ahazyň basgançagyna düşen kölegäni on basgançak yza süýşürdi.
[12] Şol wagt Baladanyň ogly Babyl patyşasy Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň syrkawlandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady.
[13] Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini diňläp, olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlaryň baryny görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.
[14] Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurtdan Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.
[15] Işaýa pygamber: «Olar seniň köşgüňde näme zatlary gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümde bolan zatlaryň baryny gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik hiç bir zat galmady» diýip jogap berdi.
[16] -
[17] Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Rebbiň sözüni eşit: „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we atalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz.
[18] Seniň öz bagryňdan önen nesilleriň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“».
[19] Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Çünki Hizkiýa: «Eger meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolsa, oňa ýetesi näme bar?!» diýip pikir etdi.
[20] Hizkiýanyň beýleki işleri, görkezen edermenlikleri, onuň howdan we ýap gazyp, olardan şähere suw getirişi barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.
[21] Hizkiýa ata-babalaryna gowuşdy. Ogly Manaşa onuň ýerine patyşa boldy.