Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 7:36

[1] Pygamberler topary Elýaşa şeýle diýdiler: «Görşüň ýaly seniň baştutanlygyňda ýaşaýan ýerimiz bize gaty darlyk edýär.

[2] Iordan derýasyna gidip, her birimiz ol ýerden pürs ýygnap, şo taýda ýaşarymyz ýaly, jaý gurmaga bize rugsat et». Elýaşa pygamber olara gitmäge rugsat berdi.

[3] Onsoň pygamberleriň içinden biri oňa: «Sen hem öz gullaryň bilen gidäý» diýip ýalbardy. Elýaşa hem: «Bolýar» diýip jogap berdi.

[4] Şeýdip, Elýaşa pygamber olar bilen gitdi. Olar Iordan derýasyna gelip, agaç çapmaga başladylar.

[5] Olardan biri agaç çapyp ýörkä, paltasy uçup gidip, suwa gaçdy. Ol hem bar sesine gygyryp: «Wah, jenabym, ol amanat zatdy» diýdi.

[6] Onsoň Hudaýyň adamy: «Ol nirä gaçdy?» diýip sorady. Ol Elýaşa pygambere paltanyň gaçan ýerini görkezende, Elýaşa bir çybyk kesip alyp, ony edil paltanyň gaçan ýerine oklap, demir paltany suwuň ýüzüne çykartdy.

[7] Elýaşa: «Al ony» diýdi. Ol adam elini uzadyp, paltany aldy.

[8] Siriýa patyşasy Ysraýylyň garşysyna uruşýarka öz nökerleri bilen geňeşip, olara düşelgesiniň nirede boljakdygyny aýtdy.

[9] Emma Hudaýyň adamy Ysraýyl patyşasyna şol ýerden geçmän, ägä bolmagyny duýduryp habar ýollady, çünki siriýalylar şol ýerde bukuda otyrdylar.

[10] Ysraýyl patyşasy Hudaýyň adamynyň duýduran ýerinde ýaşaýan adamlara habar ýollady we olar habardar boldular. Elýaşa şol ýer barada diňe birki gezek däl-de, birnäçe gezek duýduryş berdi.

[11] Siriýa patyşasynyň muňa gaty gahary geldi. Ol öz nökerlerini çagyryp, olardan: «Hany, maňa aýdyň, biziňkilerden kim Ysraýyl patyşasy bilen aragatnaşyk saklaýar?» diýip sorady.

[12] Onsoň onuň nökerleriniň biri şeýle diýdi: «Hiç kim, jenap patyşam. Ysraýylda Elýaşa pygamber bar. Ol hatda seniň ýatýan otagyňda sözleýän her bir sözüňi-de Ysraýyl patyşasyna ýetirýär».

[13] Patyşa: «Gidiň-de, ony tapyň. Men adam iberip, ony ele salaryn» diýdi. Patyşa: «Elýaşa Dotanda» diýip habar berildi.

[14] Şeýlelik bilen patyşa ol ýere atlar, söweş arabalary bilen uly goşun iberdi. Olar gije gelip, galanyň daşyny gabadylar.

[15] Hudaýyň adamynyň hyzmatkäri irden turup, daşary çykdy. Görse, atlar we söweş arabalary bilen gelen Siriýa goşuny galanyň daş-töweregini gabapdyr. Hyzmatkäri oňa: «Wah, jenabym, biz indi näme ederis?» diýip gygyrdy.

[16] Elýaşa: «Gorkma, çünki biziň ýanymyzdakylaryň sany olaryňkydan köpdür» diýip jogap berdi.

[17] Onsoň Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, meniň hyzmatkärimiň gözlerini açaý, goý, ol görsün» diýdi. Reb Elýaşanyň hyzmatkäriniň gözlerini açdy. Hyzmatkär dagda Elýaşanyň töwereginiň atlardyr söweş arabalary sypatyndaky otdan doludygyny gördi.

[18] Siriýalylar Elýaşanyň üstüne hüjüm edenlerinde, ol Rebbe dileg edip: «Bu halkyň gözlerini kör et» diýdi. Reb Elýaşanyň dileg edişi ýaly olaryň gözlerini kör etdi.

[19] Elýaşa olara: «Gözleýän adamyňyzy bu ýerden tapyp bilmersiňiz, çünki siz ýalňyşlyk bilen şu ýere gelipsiňiz. Meniň yzyma düşüň, men sizi gözleýän adamyňyzyň ýanyna äkideýin» diýdi. Şeýdip, Elýaşa siriýalylary Samariýa getirdi.

[20] Olar Samariýa giren badyna, Elýaşa dileg edip: «Eý, Reb, bularyň gözlerini aç, goý, olar görsünler» diýdi. Reb olaryň gözlerini açdy. Olar özleriniň Samariýadadygyny gördüler.

[21] Ysraýyl patyşasy siriýalylary görüp, Elýaşadan: «Jenabym, bulary gyryp ýok edeýinmi? Bulary öldüreýinmi?» diýip sorady.

[22] Elýaşa şeýle jogap berdi: «Ýok, bulary gyrma! Sen gyrjak bolýan adamlaryňy öz gylyjyň, öz ýaýyň bilen basyp aldyňmy näme? Olaryň öňlerinde iýip-içerleri ýaly çörek we suw goý. Şondan soň olar öz hökümdarlarynyň ýanyna gitsinler».

[23] Şeýdip, patyşa olar üçin gaty köp nahar taýýarlady. Siriýalylar iýip-içip bolanlaryndan soňra patyşa olary öz ýollaryna ugratdy. Siriýalylar öz hökümdarlarynyň ýanyna gitdiler. Şondan soň olar uzak wagtlap Ysraýylyň üstüne hüjüm etmediler.

[24] Biraz wagt geçenden soň, Siriýanyň patyşasy Benhadat ähli goşuny toplap, Samariýanyň garşysyna ýörişe çykyp, onuň daşyny gabady.

[25] Gabaw edilen Samariýada elhenç açlyk başlandy. Samariýa halky bir eşegiň kellesini segsen kümüş teňňä, bir şakäse kepderi derisini bolsa bäş kümüş teňňä satdy.

[26] Ysraýyl patyşasy galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, bir aýal: «Eý, jenap patyşam, kömek et» diýip gygyrdy.

[27] Patyşa hem: «Ýok, goý, Reb saňa kömek etsin. Men saňa nähili kömek edeýin? Mende ne bugdaý bar, ne-de şerap» diýdi.

[28] Patyşa ondan: «Näme arz-şikaýatyň bar?» diýip sorady. Aýal şeýle jogap berdi: «Bu aýal maňa: „Sen öz ogluňy ber, biz şu gün ony iýeris, ertir bolsa meniň oglumy iýeris“ diýdi.

[29] Şeýdip, biz meniň oglumy bişirip iýdik. Ertesi gün men oňa: „Ogluňy ber, iýeli“ diýdim. Emma ol ogluny gizläpdir».

[30] Patyşa bu aýalyň aýdan zatlaryny eşidip, ýakasyny ýyrtdy. Patyşa galanyň diwarynyň üstünden geçip barýarka, halk onuň eşikleriniň astyndan jul geýendigini gördi.

[31] Patyşa ant içip: «Eger men şu gün Şapadyň ogly Elýaşanyň kellesini almasam, goý, Hudaý maňa-da muny we mundan hem beterini görkezsin» diýdi.

[32] Şeýdip, patyşa öz huzuryndan bir çapary Elýaşanyň ýanyna ýollady. Elýaşa öz öýünde otyrdy. Ýaşulular hem onuň bilen bile otyrdylar. Çapar gelip ýetmänkä, Elýaşa ýaşululara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu ganhoryň meniň kellämi almaga bir çapary şu ýere ýollanyndan habaryňyz barmy? Seredip duruň, şol çapar gelende, gapyny ýapyň-da, ony içeri girizmäň. Anha, onuň yzyndan jenabynyň aýak sesem-ä eşidilýär».

[33] Elýaşa olar bilen gürleşip otyrka, patyşa onuň ýanyna gelip: «Men näme üçin mundan artyk Rebbe bil baglaýyn? Bu betbagtçylygy biziň başymyzdan inderen hut Rebbiň Özüdir!» diýdi.

2 Patyşalar — Chapters