Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 9:31

[1] Pygamberlerden bolan bir adamyň aýaly Elýaşa: «Guluň ärim öldi. Sen bilýärsiň, guluň Rebbi sylap, ondan gorkýardy. Algydarymyz iki çagamy özüne gul edinmek üçin alyp gitmäge gelipdir» diýip aglady.

[2] Elýaşa ondan: «Saňa nähili kömek edip bilerin? Maňa aýt, öýüňizde näme bar?» diýip sorady. Ol aýal: «Seniň gyrnagyňyň öýünde bir golça ýagyndan başga zady ýok» diýip jogap berdi.

[3] Elýaşa şeýle diýdi: «Bar, daşary çyk-da, ähli goňşularyňdan boş gap dile, näçe köp ýygnap bilseň, şonça-da gowy.

[4] Onsoň ogullaryň bilen bile içeri girip, gapyny ýap-da, ýygnan gaplaryňa ýag guýup başla, dolanlaryny bir gapdala aýyr-da goýyber».

[5] Ol aýal Elýaşanyň ýanyndan gaýtdy. Ol öýüne geldi-de, gapyny içinden ýapdy. Ogullary gaplary oňa getirip berýärdiler, ol doldurýardy.

[6] Gaplar dolanda, aýal ogluna: «Maňa ýene bir gap getirip ber» diýýärdi. Ogly oňa: «Başga gap ýok» diýip jogap berdi. Şondan soň ýag gelmesi kesildi.

[7] Ol aýal Hudaýyň adamynyň ýanyna gelip, oňa bar bolan zady gürrüň berdi. Elýaşa: «Bar ýaglary sat-da, karzyňy üz, galany hem ogullaryň bilen güzeran aýlamagyňyza ýeter» diýdi.

[8] Günleriň birinde Elýaşa Şunemiň üstünden geçip barýardy. Ol ýerde bir gurply aýal onuň çörege gelmegini haýyş etdi. Şeýdip, Elýaşa her sapar şol ýerden geçende, şol aýalyň öýüne çörege barardy.

[9] Ol aýal adamsyna şeýle diýdi: «Hemişe ýanymyzdan geçýän bu adamyň Hudaýyň mukaddes adamydygyna göz ýetirdim.

[10] Gel, oňa üçekde bir kiçijik otag salyp, onuň üçin ýorgan-düşek, saçak, oturgyç we çyra goýaly. Onsoň ol her sapar bize gelende, şol ýerde bolup biler».

[11] Bir gün Elýaşa olara geldi we ýaňky kiçijik otaga çykyp, şol ýerde ýatdy.

[12] Elýaşa hyzmatkäri Geýhaza ýüzlenip: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy. Bu aýal gelip, hyzmatkäriň öňünde durdy.

[13] Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Aýaldan: „Sen biziň üçin şunça zähmet çekipsiň. Saňa nähili kömek edip bileris? Seniň adyňdan patyşa ýa-da serkerde bilen gepleşeýinmi?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Men öz halkymyň arasynda ýaşaýaryn» diýip jogap berdi.

[14] Elýaşa hyzmatkärinden: «Men onuň üçin başga näme edip bilerin?» diýip sorady. Geýhazy oňa: «Dogrudanam, onuň ogly ýok, äri hem garry» diýip jogap berdi.

[15] Elýaşa: «Aýaly çagyr» diýdi. Hyzmatkäri ony çagyrdy, aýal gelip, gapynyň agzynda durdy.

[16] Elýaşa aýala ýüzlenip: «Ýene bir ýyldan, edil şu wagt gujagyňda ogluň bolar» diýdi. Aýal: «Ýok, jenabym, eý, Hudaýyň adamy, gyrnagyňy aldama» diýdi.

[17] Emma ol aýal göwreli bolup, Elýaşanyň oňa aýdyşy ýaly, bir ýyldan, edil şol wagtda bir ogul dogurdy.

[18] Oglan ulalyp, günleriň birinde orakçylaryň arasyndaky kakasynyň ýanyna gitdi.

[19] Ol kakasyna: «Waý, kelläm, kelläm!» diýip gygyransoň, kakasy hyzmatkärine: «Ony ejesiniň ýanyna äkit» diýdi.

[20] Hyzmatkär ony göterip, ejesiniň ýanyna getirdi. Çaga günortana çenli ejesiniň dyzynda oturyp, onsoň öldi.

[21] Ejesi ony göterdi-de, ýokary çykaryp, Hudaýyň adamynyň düşeginde ýatyrdy. Onsoň ol gapyny ýapdy-da, çykyp gitdi.

[22] Aýal adamsyny çagyryp: «Gaýrat edip, hyzmatkärleriň birini eşegi bilen bile meniň ýanyma iber. Men tiz Hudaýyň adamynyň ýanyna gidip geleýin» diýdi.

[23] Adamsy ondan: «Bu gün aýyň başy däl ýa-da Sabat güni däl. Sen näme üçin onuň ýanyna şu gün gitjek?» diýip sorady. Aýaly hem: «Hemme zat gowy, alada etme» diýip jogap berdi.

[24] Aýal eşegi gaňňalap, hyzmatkärine: «Ýör, gaty sür, özüm aýdýançam eşegi haýallatma» diýdi.

[25] Şeýdip, aýal Karmel dagyna, Hudaýyň adamynyň ýanyna geldi. Hudaýyň adamy aýaly bir menzilden görüp, hyzmatkäri Geýhaza: «Seret, şunemli aýal gelýär!

[26] Sen tiz ylgap, aýalyň öňünden çyk-da, ondan: „Sag-salamatmysyň, adamyň sag-salamatmy? Çagaň sag-salamatmy?“ diýip sora» diýdi. Aýal hem: «Sag-salamatlykdyr» diýip jogap berdi.

[27] Aýal dagdaky Hudaýyň adamynyň ýanyna baryp, onuň aýagyna ýapyşdy. Geýhazy ony aýyrjak bolup, oňa golaý geldi, ýöne Hudaýyň adamy oňa: «Aýala degme, çünki onuň kalby ajy hasratdan doludyr. Reb muny menden ýaşyrdy, maňa bu barada hiç zat aýtmady» diýdi.

[28] Onsoň aýal oňa: «Jenabym, men senden ogul diledimmi näme? Men saňa meni aldama diýmedimmi näme?» diýdi.

[29] Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý».

[30] Onsoň çaganyň ejesi: «Rebden hem-de seniň adyňdan ant içýärin. Men sensiz hiç ýere gymyldamaryn» diýdi. Şondan soň Elýaşa ýerinden turup, ol aýalyň yzy bilen gitdi.

[31] Geýhazy olardan öňinçä baryp, hasany çaganyň ýüzüne goýdy, ýöne çaga demsiz-düýtsüz ýatyrdy. Geýhazy Elýaşanyň öňünden çykmaga gitdi. Ol oňa: «Çaga entek hem oýa däl» diýip habar berdi.

[32] Elýaşa öýe girende, düşeginde ýatan öli çagany gördi.

[33] Şeýdip, ol içeri girip, gapyny ýapdy-da, Rebbiň adyna dileg etdi.

[34] Onsoň ol düşege, çaganyň ýatan ýerine gelip, agzyny onuň agzyna, gözlerini onuň gözlerine, ellerini onuň ellerine goýup, çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Şondan soň çaganyň endamy ýylap başlady.

[35] Elýaşa ýerinden turup, otagda eýläk-beýläk gezmeledi. Onsoň ol ýene-de düşege geçip, ýatan çaganyň üstüne ýazylyp ýatdy. Çaga ýedi gezek asgyryp, gözlerini açdy.

[36] Elýaşa Geýhazyny çagyryp: «Şunemli aýaly çagyr» diýdi. Geýhazy ony çagyrdy. Aýal Elýaşanyň ýanyna geldi. Elýaşa oňa: «Ogluňy al» diýdi.

[37] Ol aýal gelip, tagzym edip, Elýaşanyň aýagyna ýykyldy. Onsoň ol ogluny alyp, çykyp gaýtdy.

[38] Elýaşa Gilgala dolanyp baranda, ýurtda açlyk höküm sürýärdi. Pygamberler topary onuň öňünde otyrdy. Elýaşa hyzmatkärine ýüzlenip: «Uly gazany atar-da, pygamberlere çorba bişirip ber» diýdi.

[39] Pygamberleriň biri ot ýygmak üçin çöle gitdi. Ol ýabany üzüm agajyny tapdy. Ol şol agajyň miwesinden donuny dolduryp ýygdy. Ol ýabany miweleriň nämedigini bilmese-de, olary dograp, gazandaky çorbanyň içine atdy.

[40] Çorbadan adamlara guýup berdiler. Adamlar çorbany dadyp görüp: «Eý, Hudaýyň adamy, gazandaky çorbadan iýsek öleris» diýip gygyryşdylar. Adamlar ony iýip bilmediler.

[41] Elýaşa: «Maňa un getirip beriň» diýdi. Onsoň ol uny gazana atyp: «Adamlara çorba guýup ber, goý, olar iýsinler» diýdi. Şondan soň gazandaky çorbanyň zäheri aýryldy.

[42] Bagalşalyşadan bir adam geldi. Ol Hudaýyň adamy üçin hasylynyň ilkinji ýetişen miwesinden oňa azyk getirdi. Ol Elýaşa öz haltasynda ýigrimi sany arpa çöregi bilen täze bugdaý sümmüllerini getirip berdi. Elýaşa: «Bulary halka ber, goý, adamlar iýsinler» diýdi.

[43] Emma hyzmatkäri oňa: «Bujagazy men ýüz adamyň öňünde nädip goýaýyn?» diýdi. Emma Elýaşa ýene-de gaýtalap: «Muny halka ber, goý, adamlar iýsinler, çünki Reb şeýle diýýär: „Hemmeler iýip doýarlar we nahar artyp hem galar“» diýdi.

[44] Şeýdip, hyzmatkär barja zatlary adamlaryň öňünde goýdy. Olar nahardan iýip doýdular we Rebbiň aýdyşy ýaly nahar artyp hem galdy.

2 Patyşalar — Chapters