Skip to content
Opens in a new window
Listen to this chapter • 4:59

[1] Manaşa patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesiniň ady Hepsibady.

[2] Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşa hem Rebbiň nazarynda nejis işleri etdi

[3] Manaşa kakasy Hizkiýanyň ýok eden seždegählerini dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.

[4] Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.

[5] Manaşa Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.

[6] Manaşa ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.

[7] Manaşa ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.

[8] Eger olar meniň ähli tabşyryklarymy we gulum Musanyň olara tabşyran kanunyny berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi.

[9] Emma olar muňa gulak asmadylar. Manaşa halky şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem köp pis işleri etdiler.

[10] -

[11] Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi: «Ýahuda patyşasy Manaşa nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi.

[12] Şonuň üçin-de Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Ine, Men Iýerusalimiň we Ýahudanyň başyna şeýle bir betbagtçylyk getirerin welin, ol barada eşiden her kişiniň ýüregi ýarylar.

[13] Men Samariýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin.

[14] Mirasymdan – ysraýyllardan aman galanlary taşlaryn-da, olary duşmanlarynyň eline bererin. Olar ähli duşmanlaryna talaň we olja bolarlar.

[15] Çünki olar Meniň ýigrenýän işlerimi edip, atalarynyň Müsürden çykan gününden, tä şu güne çenli Meni gazaplandyryp geldiler“».

[16] Manaşa ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşa Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy.

[17] Manaşanyň galan işleri we ähli eden işleri, günäleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

[18] Manaşa ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgüniň bagy bolan Uza bagynda jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy.

[19] Amon patyşa bolan wagty ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Meşullemet ýotbaly Harusyň gyzydy.

[20] Amon kakasy Manaşa ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.

[21] Ol kakasynyň ýörän ýollaryndan ýöräp, onuň sežde eden butlaryna sežde edip, şolara gulluk etdi.

[22] Amon atalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Onuň yzyna eýermedi.

[23] Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler.

[24] Emma ýurduň ilaty Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi.

[25] Amonyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

[26] Ol Uza bagynda, öz guburunda jaýlandy. Onsoň ogly Ýoşyýa onuň ýerine patyşa boldy.

2 Patyşalar — Chapters